Aman aganyň ýaňramasy
Men size Aman aganyň ýaňramasyny hödürleýärin. Ýeňil nusgasyny. Agyr nusgasy käbir adamlaryň degnasyna deger diýdim. Bu wagt meniň hiç kim uruşasym ýada sögüşesim gelenok. Belki bir wagt bu ýaňramanyň agyr nusgasyny ýazmagym hem mümkin. Söweşe taýyn bolan pursatymda. Bu ýaňramany Aman aganyň özi aýdyp berdi. Goşan zadym ýok. Tersine onuň bu ýaňramasynyň has utanç we manysyz ýerlerini aýryp zyňdym.
Bu adama aga diýerligi ýok adam. Ýöne men her niçikde bu adamyň ýaşynyň ululygyny sylap aga diýýärin. Aman aga bilen söhbet bir hepdä çenli dowam etdi. Esasan ol gepledi. Men diňledim. Dogry men onuň ýaňramasyna düzedişler girizmäne ymtyldym emma Aman aga öz diýeninden gaýytmady. Diňe özüniň sözlerini tekrarlady. Özüni dogry bilýän hasaplady. Bu durmuşda adam meniň edenimi etmeli diýdi.
Onuň köp sözleri jedelli. Bu aýydanyma ýaňramany okan pursadym göz ýetiersiňiz. Ýaňrama diýenimiň sebäbini aýdyp düşündirmek kyn. Şol sebäpli bu sözi galdyryp öňe tarap hereket edibereli diýip size teklip edýän.
Hawa, Aman agal elli ýaşlaryndaky adam. Ýörite alan bilimi ýok. Onuň atasy edebiýat mugallymy. Köne mugallymlar toparyna girýär. Orta mekdebi gutaryp ilki uzak wagtlap ylaýda, ýagny ylaýdan jaý gurýan toparda işlän adam.
Aman aganyň atasynyň mugallymdygyny nazarda tutsaň Aman ýeterlk terbiýe alan adam bolmaly. Her niçikde bolsa mugallymlar öz çagalaryna “akylly bol” sözüni köp gaýtalandyrlar öýüdýän. Emma Aman aga terbie alan adama meňzänok.
Onsoňam mugallymlar hökümetden hemişe gowy aýlyk alyp otyrany üçin Aman aganyň mekdebi gutaryp okuwa girip atasy ýaly mugallym bolmana mümkinçiligi bolandyr. Ýöne ol okuwa girmändir. Öz ýagdaýyny özi bilen bolara çemeli. Onuň okuwça sapak bererlik ýagdaýy ýok.
Aman aga barada otrisatel sözlerime garamazdan siziň käbiriňiz ony söýmegiňiz hem mümkin. Kim gaýkyny söýer kim küýkini diýen nakyla eýerip.
Aman aga baradaky düşündirişim şu. Indi bolsa onuň aýydan sözleri:-
-Obanyň ylaýynda ýigrimi ýyla golaý işledim. Köp araklar içdim ylaýda. Şonuň üçin ullakan maýa ýygnap bilmedim. Zordan özüme jaý bile mal ýatak salyp aldym. Onsoň obada durar ýaly bolmady. Ylaý üçin töleg azaldy. Toparymyz dargap her haýsy bir ýana gitdi. Menem öz gezegimde obada iş tapman iş tapsam girdeýji tapman Aşgabada we Balkan taraplara işlemäne gitmeli boldum. Ol ýerlere gidip dürli işlerde işledim. Bagban boldum, çopan boldum, gurlyşykda işledim. Iň soňky baran ýerimde bolsa aşpez boldum. Akdepeli on oglana nahar bişirdim. Olar işde wagtynda ýaşaýan budkamyza seretdim. Zatlary goradym.
Taşronymyz daşoguzly oglan. Üstümizden seredýär. Produkta getirip berýär. Aýlygymyzy alyp berýär. Etmeli işlerimizi görkezýär. Material hem onuň ygtyýarynda. Onyň aýratyn budkasy bar. Bu budkada bir özi, Içinde kondisioner, telewizor bar. Bizden aýry nahar iýýär. Oňa naharyny bişirýän men. Budkasyny syryp süpürmeli. By eden işlerim üçin içip otyran aragyndan bir käse berýär. Agşam bolsa ýatmazymdan ozal bir käse konýagy gürp edýärin bokurdagyma. Agşam ynjalykly ýatýan içsem ýogsa ýatyp bilemak. Ine şu käse aragy içmek üçin toşrona gowy hyzmat etmeli. Ýazyna ol budkada uzyn düşüp yssydan gaçyp kondisioneriň aşagynda ýatýar. Oglanlar bolsa meýdanda ýazyna elbetde. Gyşyna budkada ýatýas.
Ýakynda täze ýyly bellemeli bolduk. Oglanlaryň işlän pullarynyň ujyndan toşron iki sany semiz tokly goýyn getirdi. Birini soýp etini özüne aldy, ikinji goýynyň etine oglanlara bişirip bermeli etdik. Täze ýylda goýun etiniň jylka ýerini kesip alyp eti marinowat etdim. Ajy burç, gara burç, uksus, lawrow ýaprak goşyp. Ullakan bir legen boldy. Meýdan sowuk bolany üçin etleri mýdanda budkanyň üstünde goýdyk. Toşron bolsa holodilnige dykdy özüne degişli eti.
Ine, onsoň oglanlar ýok wagtynda, işe giden wagtynda marinowat edilen etden ogyrlap özüme çişlik edip iýip hezil etdim. Etiň ýaryny özüm iýendirin. Oglanaar gelýär işden. Olaryň öňüne goýýan kijijik et bölegini. Olar hapyrdaşyp iýip başlaýarlar. Men bolsa hol ýere geçip ýatýan. Sebäbi meniň garnym dok. Olar ýok wagtynda çişlikden doýan adam men. Onda oglanlar “Aman aga sen näme üçin iýeňak” diýýärler. Men bolsa işdäm ýok diýýärin. Dym sada oglanlar eken. Bir goýynyň eti iki günde gutardy. Bir ullakan bölek eti özüm üçin gizläp goýdym. Et ýok wagtynda özüm iýmek üçin.
Toşron ýok wagtynda onuň etini hem holodilnikden ogyrlap iýýän. Ol bilýär meniň et alanymy emma hiç zat diýmeýär. Diýse işi taşlaýanda gidiberýen başga ýere. Işçi ýok işlemäne. Şony bilýär. Onsoňam näme üçin onuň bir özi bir goýnyň etini iýmeli?. On oglan bir goýyny iýmeli.? Ýogsa alynan iki goýynyň eti üçin hemme töledi. Bu et oglanlaryň pulyna alynan. Toşronyň pulyna däl. Toşronyň içýän aragy hem oglanlaryň pulyna alynan. Emma oglanlar toşrona hiç zat diýip bilmeýärler. Diýlseler toşron hem işi taşlaýarda başga oglan jemläp olary işledip başlaýar. Men diňe öz hakymy iýýän. Men hiç kimiň hakyny iýemak. Häzirki döwür şol hili. Ogyrlamasaň al iý diýjek adam ýok.
Oglanlar bilien wino içen wagtymda men olara tomaşa görkezýärin. Olara aragy nädip içenimi görüp haýran galýarlar. Wino çüýşäni ýokary- aşak edip çaýkalaýanda syrtyna bat bilen urýan. Gapagy poňk edip uçyp gidýär. Bir göterýän çüýşäni bokurdagyny aşaga agzyma garadyp. Lork-lork edip wino içime gidýäýr. Durman çüýşäni içenimi görüp oglanlar agzyny açyp galýarlar. Içip bolup olara “Gördüňizmi winiony nädip içmeli diýýärin”. Oglanlar geň galyp:-
-Aman aga, garran wagtyňda şunyň ýaly bolsaň ýaş ýigit wagtyň bu boluşyňdanda beter bolansyň diýip soraýarlar. Onda meniň göwnüm galyp gidip ýaşlykda eden betçiliklerimi aýdyp berýärin. Onda olar:-
-Aman aga, ýaşlykda jalaýlyk hem etdiňmi diýip sorag berýärler. Onda men olara “eýsem näme, gyzlaryň iň alma-narlary meniň elimde boldy” diýýärin welin biçäreleriň agzyndan sülekeýi akýar. Biçäreler güni bilen yssy diýmän sowuk diýmän pahaýt edýärler. Olaryň ýadyna gyz düşenok. Men bolsa ýaş wagtymda waglap gezdim.
Bu Aman aganyň aýdyp beren zatlarynyň ýeňil görnüşi. Başgada köp zatlar barada öz pikirini, hyyýalyny, eden zatlaryny we indi etmeli zatlaryny aýdyp berdi. Olar barada indiki çykyşymda aýdaryn.