Ýene 20 minutdan täze ýyl
Eidil şu wagt sagat gije on ikä golaýlaýar. Men täze ýylyň girip gelmegine garaşyp otyryn.Näme üçindir täze ýyly garşylamagy özüme borç hasaplaýaryn. Kelläme bolsa täze ýyl bilen baglanyşykly täze pikirler gelýär. Täze ýylda näme işler etmelidigimi özüme kesgitläp berýärin.
Ilki bilen özümi dürli hili gorkylardan saplap bilmegi özüme maksat edindim. Bu ugurda öňden bäri işläp gelýärin. Iň soňky netije şu gün kellemä geldi we kalbyma ornaşdy. Begenip gitdim.
Ýöne durmuş şeýle zat. Bir aladany ýeňseň ikinji alada maňlaýyňa direnýär. Köp wagtdan bäri oýlanyp gelýän. Adamlara dogry zady aýytmaly. Emma dogry sözleri aýytsaň köplenç bu sözler adamlary öýkeledýär.. Men oýlardym näme edeniňde adamlary öýkeletmezden olara hakykaty aýdyp bolar diýip. Eger çyksa men bu ugurda hem käbir üstünlige eýe bolup barýan ýaly. Netije tiz aýan bolar diýip tama edýän.
Indi bolsa men sizi hakykatdanda çyn ýüregimden ýene 30 minutdan girip geljek täze ýyl bilen gutlaýaryn. Bu täze ýyl hemmämize biziň ýürek islegimizi özi bilen getirsin. Bizi gynadyrýan zatlar bolsa bizden uzaklaşýan köne ýyl bilen gitsin.
Diňe biz däl bütün Ýer şary täze ýyla garaşýar. Biziň bilen birlikde bütün Ýer şary bagtly bolsun. Beýik Alla Ýer şaryny her hili bela-beterden gorasyn. Biziň abraýymyz belent bolsun, mertebämiz eldegrilmesiz bolsun. Biz adamzat söýgä mynasyp zat. Çünki biziň ýüregimizde hem hemme zada söýgi bar. Täze ýylda täze bagt siziň hemraňyz bolsun. Hemişe gülüp-oýnap mes bolup otyryň, geziň we ýaşaň!