Türkmenistanyň iň baý adamlary kimler ?

Türkiýäň habarlaryny okap otyrkam, Forbesiň Türkiýedäki 100 sany iň baý adamyň sanawyny çap edendigi ýazylan eken. Içlerinden maňa gyzykly gelen, Rönesans Holding we Polimeks Inşat ýaly Türkmenistanda tanalýan firmalaryň eýeleri boldy. Aýratyn hem habardaky şu jümle:
"Örneğin FORBES 100'de 1,3 milyar dolarla yer alan Erol Tabanca'nın sahibi olduğu Polimeks'in bugüne kadar tamamladığı 11 milyar doları aşkın tutardaki projelerinin yüzde 95'ini Türkmenistan'da hayata geçti."

Ýagny, 1.3 milýard dollarlyk baýlygy bolan Erol Tabanjanyň firmasy şu wagta çenli jemi 11 milýard dollarlyk proýektleriniň 95%-ni Türkmenistanda amala aşyrypdyr.

Türkmenistanda Türkmenbaşynyň hem owallar açyk aýdyşy ýaly, Baýmuhammet (Baýty) iň baý adam hasaplanýardy. Indi nä, ol döwürlerden oba göçdi. Täze firmalar, täze ugurlar, täze kanunlar.... Käbirleriniň öz maddy baýlyklaryny reklama edişini görüp, otkuda eta ? diýeniňi duýman galýaň. Aýratyn hem, şu krizis döwründe, manadyň hümmetiniň pese gaçan döwründe. Biziň hormatlylarymyzyň zol zol gaýtalap aýdyşy ýaly, "Dünýä standartlaryna gabat gelýän" diýip göz öňüne tutýan ýurtlaryndaky iň abraýly, dünýäde standartlaryň biri bolan Forbes Türkmenistan hakynda näme diýýärkä diýip seretsek, Özbegistan bilen Sudanyň arasynda korrupsiýa boýunça dünýäde altynjy orunda abraýly ýer beripdirler.

(Kuda katetsiýa mir diýen oýlanmanyň galyntylaryndan galan gaçak bu ýazgydakylar) "Iller edýär, senem ediber, döwür şeýle döwür." Korrupsiýonerleri, halkyň, ýurdyň pulyny haram ýollar bilen jübisine uryp, soň gäwüriň, götünden geçirýänleri ýazgaramok aslynda. Nebis diýilen zat bar, garşy çykmak gaty kyndyr elbetde. Diňeje gynanýan. Has gowusyny edip bolýan wagty, has gowusyny etmek jogapkärçiligini boýnuna alan kişileriň pişeleriniň başga zatdadygyna gynanýan. Ýöriteläp, bilgeşleýin has erbedinden erbedini edýändiklerine gynanýan.

Aý borla, bu adamlary ýazgarmana mynasyp hem däl bolsak gerek aslynda.

"Magtymguly, Hakdan dile baryňy,
Diläbilseň dile öz imanyňy"

"Magtymguly, ilki özüňi düzetgil,
Soň özüňi özgelere göz etgil"

Talyplar.com arhiwinden
2 лайков 1 856 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Dayanc
12 июн 2021, 21:25
Menem gowja bespantow gosgyjyk duzdum nebs hakdada bolmaly icinde. Okajak diyseniz paylasayyn
okyjy
12 июн 2021, 21:53
talyplardan aldyn gerek
Нежная леди
12 июн 2021, 21:55
Haladym++++
Jelil
13 июн 2021, 13:21
Indi kim eken bizde iñ bay adam???????