Mark Zukerberg

Amerikan programmisti we “Facebook” jemgyýetçilik torunyň döredijisidir. Ol 2004-nji ýylda Garward Uniwersitetindäki kursdaşlary Dastin Moşkowiç (Dustin Moskowitz), Eduardo Sawerin (Eduardo Sawerin) we Kris Hýugs (Kris Hughes) bilen bilelikde häzirki wagtda 845 milýondan gowrak ulanyjysy bolan “Facebook” jemgyýetçilik toruny döredip, dünýäniň iň ýaş baý adamy hökmünde tanalýar. 2011-nji ýylda onuň hususy eýeçiliginde $17.5 mlrd baýlygy bar diýip hasaba alyndy. Ol dünýäniň in ýaş milýarderidir. Şeýle hem, Mark Zukerberg 2010-njy ýylda “Times” žurnalynyň pikiri boýunça “Ýylyň adamy” diýip saýlandy.
2010-njy ýylda Zukerbergiň “Facebook” saýtyny döredişi hakda “Jemgyýetçilik tory” (“The Social Network”) atly çeper film düşürildi.

Hususy durmyşy
Ol 1984-nji ýylyň maý aýynyň 14-ne ABŞ-nyň Nýu Ýork şäherinde eneden bolýar. Kakasy – diş lukmany, ejesi – psiholog. Onuň üç sany uýasy bar. Olar Nýu Ýork şäherinde birlikde önüp-ösýärler. 2003-nji ýylda, haçanda ol uniwersitetiň ikinji ýylynda okap ýörkä, hytaý asylly amerikan gyz – Priska Han bilen tanyşyp, onuň bilen birlikde ýaşamaga başlaýar. 2010-njy ýyldan bäri, Zukerberg öz söygülisi bolan Priskila Han bilen Kaliforniýada (Palo Alto) ýaşaýarlar. Ol ýewreý hökmünde ýetişdirilmegine garamazdan, 13 ýaşyndan bäri özüni ateist diýip yglan edýär. Zukerberg iňlis dilinden başga-da fransuz, iwrit, latyn we gadymy grek dillerinde ýazmany we okamany başarýar.
Çagalyk döwri
Zukerberg kiçilikden bäri kompýuter ulanmagy we onda birnäçe programmalardan baş alyp çykýagy başarýar. 1990-ny ýyllarda, ýagny 6-7 ýaşyndaka kakasy oňa kompýuterde Atari Basic programmasyny öwretdi. Soňra kakasy kompýuter programisti bolan Deýwid Nýumany hususy mugallymy hökmunde hakyna tutdy. Mekdep okuwçysy wagty, ol eýýäm kompýuterde taze programalary we oýunlary döretmäge başlady.

Facebook
Orta mekdepde fizika, matematika we astronomiýa dersleri boýunça birnäçe baýraklara mynasyp bolan Zukerberg, mekdebini tamamlanyndan soňra ABŞ-niň iň abraýly ýokary okuw mekdebi bolan Garward Uniwersitetininiň “Informatika” bölümine girmegi başardy. Eýýäm uniwersitetiň birinji ýylynda okuwyň iň owadan we ökde talyplaryny saýlaýan “www.facemash.com” saýtyny döretdi. Saýtda Zukerberg Garwardyň ähli talyplarynyň suratlary ýerleşdiripdir. Bu suratlary bolsa ýaş programmist uniwersitetiň serweriniň ýörite kody döwüp, birugsat alýar. Şol sebäpli hem uniwersitetden kowulýar. Okuwy taşlanyndan soňra bütin Garward uniwersitetini internediň üsti bilen duşuşdyrmak maksady bilen 2004-nji ýylda öz ikinji saýty bolan “Facebook” saýtyny döretdi. 18 aýyň icinde, Facebook ABŞ-niň iň uly jemgyýetçilik saýtlarynyň birine öwrüldi. “Facebook” – bu dostlaryň bilen aragatnaşyk saklamak maksady bilen döredilen saýtdyr.
2 лайков 119 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gokhan Durdyyew
22 июн 2021, 13:13
gaty gowy