Milliarder bolmak üçin...

Dünýäniň iň ýaş milliarderi häzirkizaman ösen tehnologiýalar dünýäsinde internet ulgamynyň näderejede möhüm orny eýeleýändigini nygtamagyň kän bir hajaty ýok bolsa gerek?! Soňky döwürlerde durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen internet ulgamy dürli ugurlardaky işewürleriň hem ýüze çykmagyna ýardam edýär. Şolaryň biri hem, 1984-nji ýylyň 14-nji maýynda doglan Mark Zukerbergdir. 26 ýaşly Mark her ýylyň jemleri boýunça “Forbes” žurnalynyň taýýarlaýan “Dünýäniň milliarderleri” atly sanawynda 785-nji orny eýeläp, diňe öz gazanan serişdeleriniň hasabyna “Dünýäniň iň ýaş milliarderi” diýen ada mynasyp boldy. Žurnalyň redaktorynyň orunbasary Matiw Miller “Garward uniwersitetiniň uçurymy Mark Zukerberg häzirki wagtda Ýer ýüzünde diňe öz gazanan serişdeleri bilen taryhda iň ýaş milliarder adyny aldy” diýip belleýär. Eýsem, kompýuter dünýäsinde Bill Geýts bilen bäsleşýän Mark Zukerberg beýle üstünlige nädip ýetdikä?!..

Mark Zukerberg ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheriniň Dobbs Ferry diýen ýerinde kemala gelýär. Onuň kakasy Edward diş , ejesi Karen bolsa terapewt lukmany bolup işleýär. Mark kompýuter programmalaryny düzmäge entek orta mekdepdekä başlaýar. Ol “Flipp Ekzeter” Akademiýasynda okaýan döwründe, kakasynyň iş ýeri üçin niýetläp, “Synapse”atly ýörite programma taýýarlaýar. Microsoft we AOL kompaniýalary bu programmany satyn almak we Marky işe çagyrmak isleýärler. Emma Mark mundan ýüz öwrüp, Garward uniwersitetine okuwa girýär. 2004-nji ýylyň 4-nji fewralynda Garward uniwersitetiniň umumy ýaşaýyş jaýynda Mark Zukerberg we onuň ýakyn dostlary tarapyndan häzirki wagtda 533 milliona barabar ulanyjysy bolan “Facebook” aragatnaşyk saýty işlenip düzülýär. Ilki başda bu internet saýty diňe uniwersitetiň öz çäginde işleýär. Emma soňabaka bu aragatnaşyk saýty Stanford, Darmut, Kolumbiýa, Kornel, Ýel ýaly uniwersitetlere we beýleki birnäçe ýokary okuw jaýlaryna ýaýradylýar. 2006-njy ýylyň ahyrlaryna Facebook saýty ähli ulanyjylara gapysyny giňden açýar. Bu aragatnaşyk saýty adamlaryň biri-birleri bilen ýakyn aragatnaşyk saklamaklaryna ýardam edýär. Mark Zukerberg Facebook saýtynyň dolandyryjysy bolup işleýär.



Taýýarlan: Merjen ÝAZLYÝEWA,

Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersitetiniň talyby.
12 лайков 111 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Perishdejik
16 авг 2021, 10:30
like
Moon
16 авг 2021, 14:24
like