Dograma

Dograma türkmenleriň iň milli naharydyr we ýörite baýramçylyklarda, esasanam Gurbanlykda edilýär. Gurbanlyk her ýyl Gurban (Zilhijje) aýynyň onunjy güni başlaýar. Üç günläp dowam edýän Gurbanlykda maşgalalar, dostlar, goňşular topar-topar bolup, bir-biregiň öýüne baryp, nahar iýýärler.

Dograma etmek üçin birnäçe tamdyr petir çörek bişirilýär we täze goýun eti gazana atylyp, et süňkden sypara gelýänçä gaýnadylýar. Petir çöregi, bütin maşgala bolup, elde owunjak dograp, giň ýazylan saçakda dogralan et, sogan bilen gowy garýarlar. Soň dogramany iýjek adamlaryň islegine görä tabaga salyp, üstüne gyzgyn çorba guýup, Gurbanlyga gelenlere äberýärler.

Dograma
8-10 adamlyk

Çorba üçin:

1½ kg ýagly, süňkli goýun ýa-da sygyr eti
5 l suw
2 nahar çemçesi duz
2 pomidor
Çörek üçin:

1 nahar çemçesi duz
600 ml ýyly suw
1 çaý çemçesi gury hamyrmaýa
1 kg un
2 sogan
Gara burç
Gazana et atyp, suw guýup, ony güýçli otda goýmaly. Suw gaýnap başlanda, onuň ýüzüne çykan köpügini aýyrmaly we çorba duz atmaly. Soňra gazany aram otda goýup, onuň gapagyny ýapmaly. Çorba 20 minut gaýnansoň, onuň içine pomidor dogramaly. Gazanyň gapagyny ýapyp, et gowy bişýänçä, çorbany gaýnatmaly. Çorbanyň duzuny dadyp görmeli, eger ýuwan bolsa, oňa duz atmaly.
Çorbanyň eti bişýänçä petir çöregi bişirmeli. Petir çörek üçin tabaga duz atyp, suw, hamyrmaýa we un guýup, hamyr etmeli. Hamyry 2 bölege bölüp, her bölegi eliň aýasynda togalamaly.
Ojagy 250°C (482°F) gyzgynlykda gyzdyrmaly. Ojak gyzýança hamyry oklaw bilen ýaýyp, 1.5 sm galyňlykda çörek ýasamaly. Çörekleri dürtgüç bilen gür dürtmeli we ojak kagyzy ýazylan taba geçirmeli. Çörekleriň ýüzüne suw çalmaly we tabany ojagyň ortaky gatynda goýmaly. Çörekleri ýüzi gyzarýança (15-18 minut) bişirmeli.
Bişen çöregi saçagyň üstünde eliň bilen ownuk dogramaly (bir çöregiň ¼ bölegini dograman goýmaly). Dogralan çöregiň üstüne ýarym halka şekilinde kesilen sogany guýmaly. Çorbanyň etini bir tabaga çykarmaly we ony dogralan çöregiň üstüne atmaly. Soňra eti dograman goýan çöregiň üstünde ownuk dogramaly. Dogralan eti, sogany, çöregi iki eliň bilen gowy garmaly we üstüne 3-4 nahar çemçesi ýagly çorba sepelemeli. Şondan soň dograma taýýar bolýar, ýöne 20-30 minut saçaga dolap goýsaň, ol gowy alyşýar we has tagamly bolýar.
Dograma äberilende tabaga guýlup, üstüne gara burç sepilýär we gaýnap duran çorbadan üstüne çykar-çykmaz edilip guýulýar. Dogramany gury, çaýa ýanap hem iýseň bolýar.
0 лайков 133 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
S❤
27 июн 2021, 14:21
Offf işdäm açyldy.