Germaniýa barada gyzykly maglumatlar

Ilat sany boýunça Germaniýa Ýewropada ikinji ýerde durýar – 82 million adam.

Germaniýanyň birbada dokuz ýurt – Polşa, Awstriýa, Lýuksemburg, şeýle hem Fransiýa, Şweýsariýa, Belgiýa, Daniýa, Gollandiýa we Çehiýa bilen serhetleri bar.

Dünýä reýtinginde Germaniýa adam ösüşi indeksinde (ýaşaýyş derejesi, saglyk, bilim we beýleki faktorlar bilen bilelikde) dördünji orunda durýar – öňde diňe Norwegiýa, Awstraliýa we Şweýsariýa bar.

1445-nji ýylda nemes Iogann Gutenberg / Иоганн Гуттенберг/ çaphana stanogy oýlap tapdy. Bu tehnologiýanyň döredilmegi kitaplary bütin dünýäde çap etmegine ýardam etdi.

Bütin dünýäde 105 milliondan gowrak adam nemes dilinde gepleýärler.

Germaniýada 30-dan gowrak şiwede bar, olar üç esasy görnüşe bölünýär –ýokary nemes, pes nemes we orta nemes. Tapawut şeýle bir uludyr welin, günortadaky nemesler demirgazykdaky nemeslere düşünip bilmeýärler.

Bu ýurtdaky taksi sürüjileriniň köpüsi “Mersedes” awtoulaglaryny sürýär.

Dünýäniň iň dar köçesi Germaniýanyň ,,Ройтлинген” şäherinde ýerleşýär. Ini bary-ýogy 31 santimetr, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

“Fanta” içgisi 1940-njy ýylda Germaniýada tötänleýin ýüze çykdy.

Germaniýada 400 töweregi haýwanat bagy bar, Germaniýada iň ulusy Berlin haýwanat bagydyr.

Germaniýadaky ähli awtoulag ýollarynyň 65% -inde tizlik çäkleri ýok.

“Adidas” we “Puma” Germaniýada doglan Dassler doganlar tarapyndan esaslandyryldy.
1 лайков 1 186 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.