O NÄMEDIR ?

Günlerde bir gün Akbar şa kabulhanasynda oturyp, uzyn günläp iş bilen meşgul bolupdyr. Ol işini tamamlanyndan soň, gürleşip, degşip, biraz dynç almak isläpdir. Köşk hyzmatkärleri bilen oturyp, ondan-mundan gürrüň edipdir. Şol wagt hem birden gadymy bir şahyryň şu aşakdaky setirleri onuň ýadyna düşüpdir:

Ol kimdir, her kese är bolup bilmez?
O nämedir, ýanar otda hem ýanmaz?
O nämedir, asyl örtüp bolmaýan?
O nämedir, garramaýan, ölmeýän?

Akbar şa özüniň hyzmatkärlerinden şol soraglara jogap bermegi haýyş edipdir. Emma olaryň birem ol soraglara jogap berip bilmändir. Şol sebäpli hem şa Birbalyň yzyndan adam iberipdir. Birbal gelen badyna patyşa goşgyny oňa hem okap beripdir. Dana Birbal onuň ýalyjak soraglara säginmän, ýüzüniň ugruna jogap berer ekeni. Ol bu soraglara hem bada-bat şeýle jogap beripdir.

Ol oguldyr, enä är bolup bilmez,
Ol mezhepdir, ýanar otda hem ýanmaz.
Ol şöhratdyr, deňiz-derýa hem örtmez,
Ol atdyr, wagt hiç ony garratmaz.

Birbalyň jogaby Akbar şanyň göwnünden turupdyr. Şa oňa gymmatbaha serpaý sowgat beripdir. Köşk emeldarlary bolsa Birbalyň agzyna aňkarylyşyp, onuň danalygyna baş egipdirler.
0 лайков 153 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.