Dünýäde ilkinji emeli et fabrigi işe başlady.

Ysraýylyň «Future Meat Technologies» kompaniýasy ahyrsoňy emeli et öndürýän zawod açdy. Kärhana dünýäde şeýle kärhanalaryň ilkinjisi boldy. Ol her gün 500 kg çenli "towuk", "doňuz" we "guzy" etini öndürer diýip, ferra.ru habar berdi.

"Future Meat Technologies" kompaniýasy önümi hünärmenler tarapyndan laboratoriýa şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýän janly öýjüklerden öndürýän "adaty" tehnologiýany satyn aldy. Onuň işleýşi şeýleräk: öýjükler bioreaktorlarda ösdürilip ýetişdirilýär. Olaryň "iýmitiniň" düzümi hem edil adaty haýwanlaryň iýýän zatlaryndaky ýaly bolýar.
Şol bir wagtyň özünde, gyzykly tarapy, ysraýylly hünärmenler nou-haular bilen bu işiň üstüni ýetirýärler. Olar genetiki üýtgemelerden ýüz öwrüp, iýmit gurşawynyň galyndylaryny netijeli ýok etmäge ünsi jemlediler we bu ugurda eýýäm üstünlik gazanyp başladylar.
Çeşme: tmcars
1 лайков 125 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
06 июл 2021, 18:06
Malades bu gaty uly ustunlik