GPT-4
Twitter-iň, SpaceX-iň we Tesla-nyň eýesi Ilon Mask, Apple-iň esaslandyryjysy Stiw Woznýak we tehnologiýa pudagyndaky beýleki görnükli şahsyýetler azyndan alty aýlap kuwwaty GPT-4-den has güýçli emeli aň (AI) ulgamlaryny taýýarlamagy bes etmegi haýyş edip açyk hata gol çekdiler.
"Biz ähli emeli aň barlaghanalarynyň kuwwaty GPT-4-den ýokary bolan ähli emeli aň ulgamlary boýunça okuwy azyndan alty aý haýal etmän togtatmaga çagyrýarys" - diýip, çarşenbe güni telekeçilige degişli däl Future of Life Institute guramasynyň saýtynda çap edilen hatda aýdylýar.
Hatyň awtorlarynyň pikiriçe, emeli aňy işläp düzüjileriň hemmesi bu wagty ösen ulgamlar üçin howpsuzlyk protokollaryny bilelikde işläp düzmek we girizmek üçin peýdalanmalydygy bellendi. Işläp düzüjiler häzirki zaman emeli aňyny has ygtybarly, has düşnükli we has aýdyň etmeklige ünsi jemlemeli.
Bu hata Mask bilen Woznýakdan başga-da, Skype-y esaslandyryjy Ýaan Tallinn, Pinterest-iň esaslandyryjysy Ewan Şarp, şeýle hem tehnologiýa pudagyndaky beýleki şahsyýetler we dürli uniwersitetleriň professorlary gol çekdiler.
Hatyň awtorlary: "Ynsan akyllary bilen bäsleşip bilýän emeli aň ulgamlary jemgyýet we adamzat üçin çynlakaý howp döredip biler, bu uly göwrümli barlaglardan görünýär we iň oňat emeli aň barlaghanalar tarapyndan ykrar edilýär" - diýýärler.
Hatyň awtorlarynyň pikiriçe, güýçli emeli aň ulgamlary diňe adamzat olaryň peýdalydygyna ymykly göz ýetirensoň ösdürilmelidir we olar bilen baglanyşykly ähli töwekgelçilikleri bolsa gözegçilik astyna alyp bolar.
@Tmcars

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.