Haker kim?
Internet dünýäniň iň tizlikli ulalýan maglumatlar okeanydyr. Işlerimizi etmek, maglumatlar öwrenmek we wagt geçirmek üçin internete islegimiz çäksizdir. Her gün millionlap adam bu bu okeana çümüp çykýar.
Bu dünýä toruny döreden millionlap kompýuter eýelerinden diňe bir bölegi internetiň howplaryndan habarly bolup, örän az kişi abanýan howplary tanamak we olaryň öňüni almak üçin wagt sarp edýär. Ählimiziň internete baglanmagymyzyň asyl sebäbi – maglumata gowuşmak. Ýöne bu okeanyň çuňluklarynda “maglumata gowuşmak erkinligine” ynanýanlar hem bar. Olar internetden öňem bardylar, geljekde-de barlygyny dowam etdirer.
Haker kim?
Kompýuter we internet bilen az-kem tejribesi bolan her kimiň kellesinde “hakerler” barada belli bir pikir bar. Hakerler köplenç ýykyjy, erbet niýetli kompýuter ulanyjylary hökmünde görkezilýär. Hakykatdanam şeýlemikä?
Hakerler kompýuter dünýäsiniň heniz çagalarydyr. Olar kompýuterler üstünde adatdan daşary ukyba we başga bir zehine eýe bolan kişilerdir. Haker diňe “kompýuter garakçysy” diýmek däldir. Häzirki wagtda hakerleriň kabul edilen iki sany ýaýran görnüşi bardyr. Bularyň birinjisi kompýuter programmaçylygy, beýlekisi bolsa kompýuter howpsuzlygyny ele alýar.
Birinji görnüşinde meşhur “haker” sözi Argo (Jargon File) ýazyjysy Erik Stiwen Reýmond tarapyndan döredildi. Muňa görä, programma bilen işleýän sistemalar hakynda diňe gerek bolan maglumata çenli öwrenmegi saýlan, sistemalary jikme-jik barlamaga höwesi bolan we zehinlerini ösdüren kişä “haker” diýilýär.
Şeýle haker düşünjesi dolulygyna pozitiw many berýär. Bu nukdaýnazaardan seredilende, hakerler ýokary derejede ukyply we dörediji programmaçylardyr. Programmaçylyk babatda “häklemek” diýmek bir sistemanyň bilinmeýän syrlaryny orta çykarmak ýa-da sistemany belli bir maksada görä hyzmat etjek şekilde täzeden programmirlemek diýmekdir.
Programmaçy hakerler üçin häking “programmirleme meselesine, tizlikli we zyýansyz bolmagyna garamazdan, işi bitirmegine çäre tapmak” diýmekdir. Reýmonda görä, kompýuter sistemalaryna zyýan berýän kişilere haker däl-de “kraker” diýilýär. Reýmond aradaky tapawudy şeýle düşündirýär: “Hakerler bir zatlar döredýär, krakerler olary bozýar”.
Hakerleriň gizlin dünýäsi
Olaryň ikinji görnüşi bolsa kompýuter howpsuzlyk meýdanyny ele alýar. Kompýuter sistemalary ýokary wezipä we ukyba eýe, özüçe emeller bilen sistemalara rugsatsyz girýän kişilere-de “haker” diýilýär.
Hakerler islendik maglumata birikmek erkinligine ynanýarlar. Olaryň howpy islän maglumatyny almak üçin sistemalara rugsatsyz, bildirmän girmekleridir. Hakerlere görä 2×2=4 bolýandygyny bilmek matematikadan baş çykarmak bolýan bolsa, sistema howpsuzlygynyň hötdesinden gelmek hem “hakerlikdir”. Ýagny olar üçin birinji maksat sistemalary ýykmak däl-de, goralýan maglumatlara gowuşmakdyr.
Hakyky hakerler töwekgelçilik etmegi halaýar. Garşylaryndaky sistemalaryň howpsuzlygy nähili ýokary bolsa, ony syryny çözmekden lezzet alýarlar. Täze tanadylan haýsydyr bir howpsuzlyk sistemasy olar üçin täze bir bäsdeş diýmekdir. Hakerleriň ýaşlary üýtgäp durýar. Umuman programmirleme temasynda ukyply bolup, olar gözden-dilden uzak boljak derejede-de mekir bolýarlar. Hakerler üstünlikleri bilen öwünmegi halamaýarlar. Aglaba sahnanyň arkasynda işläp, gizlinlige ähmiýet berýärler.
Gizlinlik ätiýaçlygyna garamazdan, ähli hakerler ýeke işlemeýär. Öz aralarynda haker toparlary döredýärler. Ýöne bu toparlaryň içinde-de belli bir derejede gizlinlik bolup, agzalar biri-birileriniň atlaryny bilmän bilýärler. Haker, umuman alanda, “adaty” diýip boljak ynsan däldir. Hakerleriň iň güýçli ýaragy zehinleridir. Islendik haker adaty ynsandan has praktiki pikirlenme we karar alma endiklerine eýedirler. Şonsuzam biriniň haker bolmagynyň teýinde her kim bilen meňzeş zady pikirlenmeýänligi bardyr. Hakerler umuman kompýuterlerine bolan gatnaşygy sebäpli, jemgyýetçilik durmuşyndan biraz uzak bolýarlar. Köp hakerler gürleşmegi we aýlanmagy halamaýarlar. Dostluk babatda-da olaryň töwereginde juda az adam bardyr.
Howpsuzlyk meýdanlarynda işleýän hakerlerde edýän işlerine görä gizlin ulumsylyk bardyr. Hakerleriň dünýäsine kompýuterlere höwesi bolan her kim tarapyndan hyrydar çykylýar. Internetde aslynda hiç zadyň görnüşi ýaly däldigini göz ýetirmek ilkinji ädimde olardan gorkmagyňyza sebäp bolup biler. Hakerlerden goranmak we olara garşy göreşmek üçin hakerleriň nähili işleýändigini, nämeler edip biljekdigini, nähili gurallary ulanýandyklaryny we nähili adamlardygyny bilmeli. Iňlis filosofy Frensis Bekonyň bir sözi bar. Ol hakerleriň arasynda örän meşhurdyr: “Maglumat güýçdür…”
Hakerleriň görnüşleri
Hakerler häsiýetlerine we maksatlaryna görä ikä bölünýärler: ak papaklylar we gara papaklylar. Şeýle hem haker bolmadyk, emma hakerlige höwesi bolan kişiler üçin hem “lamer” we “script kiddie” ýaly sözler ulanylýar.
Ak papak (White hat)
Ak papakly hakerler howpsuzlyk sistemalaryna zyýan bermeýän, gowy niýetli hakerlerdir. Ak papaklylar bir sistemanyň pes nokatlaryny bilmek üçin programma döreden firmalar bilen bilelikde işleşýärler. Ak papaklylar haýsydyr bir sistemada tapan kemçiligini ilki bilen programmany döreden firma/eýesine ýetirýär, kemçiligiň düzedilmegi üçin birnäçe wagt goraýar we sistema zyýan bermeýär. Yz ýany bolsa maglumatlandyrmak maksady bilen bu kemçilige degişli düşündiriş işlerini habar toparlarynda we internetdäki saýtlarda ýazýarlar. Ak papaklylaryň goranmak maksady bilen işleýändiklerini hem aýdyp bileris. Bu kişilere “ethical hacker” (etiki haker) diýilýär.
Gara papak (Black hat)
Gara papakly hakerler ak papaklylaryň tersidir. Howpsuzlyk sistemalaryny rugsatsyz aşyp, maglumat ogurlygy, bidüzgünçilik ýaly zyýan beriji işleri edýärler. Bulary bir kompýutere uzakdan birikmek ýa-da bir programmany döwmek ýollary bilen amala aşyrýarlar. Programmalary döwýän gara papaklylara “kraker” diýilýär.

10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.