Coca-Cola tagamyny üýtgeder
“Coca-Cola” kompaniýasy önümleriniň biriniň formulasyny üýtgetjekdigi mälim etdi. CNN teleýaýlymynyň habaryna görä, alkogolsyz içgileri öndürýän kompaniýa girdejisini artdyrmak maksady bilen “Coca-Cola Zero” içgisiniň tagamyny adaty “Coca-Cola” meňzeş eder. Kompaniýanyň baş direktory Jeýms Kuinsi, “Coca-Cola Zero Sugar”-yň uly islegden peýdalanýandygyna garamazdan, garaşylyşy ýaly girdeji getirmeýändigini belledi. Täze formulada gaplamalar üýtgäp, bütinleý gyzyl reňkde bolup, gara harplar bilen ýazylar. Az kaloriýaly içimligiň täze görnüşi iýul aýynda ABŞ-da we sentýabr aýynda Kanadada satuwa çykarylar.
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.