Uku­syz­ly­gyň öňü­ni nä­hi­li al­ma­ly ?

Ýe­ter­lik uky ada­myň fi­zi­ki we ru­hy taý­dan sag­dyn­ly­gy üçin uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Be­den we beý­ni ýa­daw­ly­gy çy­kar­mak, gü­nüň do­wa­myn­da öw­re­ni­len­le­ri gaý­ta­dan iş­le­mek, be­de­niň nä­hoş­luk­la­ry­ny ara­dan aýyr­mak, be­den­dä­ki aza­lan mad­da­la­ryň öwe­zi­ni dol­mak üçin uka ze­rur­lyk duý­ýar. Uky do­ly alyn­ma­dyk ýag­da­ýyn­da be­de­niň go­rag ul­ga­my­na hem oňaý­syz tä­sir ed­ýär. Em­ma kä­bir adam dür­li se­bäp­le­re gö­rä, ýe­ter­lik de­re­je­de uku­sy­ny alyp bil­me­ýär. Eý­sem uky­ny ýe­ter­lik de­re­je­de al­mak üçin nä­me­le­re üns ber­me­li? Ge­liň, bu ugur­da luk­man­la­ryň ber­ýän mas­la­hat­la­ry­na se­re­de­liň!

Wagt­ly-wag­tyn­da uk­la­mak. Her gün şol bir wagt­da uk­la­ma­gy, bel­li wagt­da tur­ma­gy en­dik edi­niň! Bu düz­gü­ni dynç gün­le­ri az­da-kän­de üýt­ge­dip bi­ler­si­ňiz! Bu ta­pa­wut bir sa­gat­dan köp bol­ma­ly däl. Her gün 23:30-dan gi­jä gal­man ýat­ma­ga we 7-8 sa­gat uk­la­ma­ga sy­na­ny­şyň!

Ir­kil­mäň! Eger ag­şam wag­ty bi­len uky­ňyz gel­me­ýän bol­sa, gün­diz az sa­lym­lyk uku­dan ga­ça du­ruň! Se­bä­bi gün­diz­ki uky ag­şam wag­tyn­da ýat­ma­gy­ňy­za päs­gel­çi­lik dö­re­dip bi­ler. Eger gün­diz uk­la­mak is­le­se­ňiz, ol 30 mi­nut­dan geç­me­li däl!

Te­bi­gy ýag­ty­lyk­dan peý­da­la­nyň! Ir­den tu­ra­ny­ňyz­da azyn­dan 20 mi­nut açyk ho­wa­da gez­me­läň! Bu si­ziň be­de­ni­ňi­ziň te­bi­gy ýag­ty­lyk­dan peý­da­lan­ma­gy­na ýar­dam eder. Eger ýe­ter­lik wag­ty­ňyz ýok bol­sa, ir bi­len Gün düş­ýän otag­da ýa-da how­lu­da er­tir­lik edi­nip bi­ler­si­ňiz.

Agyr na­har­lan­maň! Ag­şam na­ha­ry­ny ýat­maz­dan bir­nä­çe sa­gat öň iýiň! Dü­zü­min­de şe­ker köp bo­lan iý­mit­ler hem uky­ňy­za oňaý­syz tä­sir edip bi­ler. Ag­şam na­har­dan soň­ra açyk ho­wa­da bi­raz ge­ze­lenç et­mek mas­la­hat be­ril­ýär.

Sport we maşk! Sport bi­len meş­gul­lan­mak ýa-da maşk et­mek ra­hat uk­la­ma­gy­ňy­za ýar­dam edip bi­ler. Em­ma ýat­maz­dan 3-4 sa­gat öň sport ýa-da maşk bi­len meş­gul­lan­ma­gy bes ediň! Eger gün­diz wag­ty­ňyz ýok bol­sa, ýat­maz­dan öň ra­hat­lan­dy­ry­jy ýe­ňil he­re­ket­le­ri edip bi­ler­si­ňiz!

Teh­no­lo­gi­ýa­dan daş­la­şyň! Komp­ýu­ter, smart­fon ýa-da beý­le­ki ýag­ty saç­ýan teh­no­lo­gi­ýa en­jam­la­ry­ny ýa­tyl­ýan otag­da sak­la­maň! Bu en­jam­la­ryň ýag­ty­ly­gy­nyň oýa­ry­jy tä­si­ri bol­ýar. Ýat­maz­dan öň su­wa düş­mek, ki­tap oka­mak we pes­saý saz diň­le­mek ra­hat uka bat­ma­gy­ňy­za kö­mek edip bi­ler.

Ga­raň­ky­da uk­laň! Eger ýa­tyl­ýan ota­gy­ňy­za da­şar­dan ýag­ty­lyk düş­ýän bol­sa, onuň öňü­ni al­mak üçin pen­ji­rä­ňi­ze ga­lyň per­de tu­tuň! Ota­gy­ňy­zyň tem­pe­ra­tu­ra­sy 21-22 de­re­je bol­ma­ly!

Eger uky­ňyz tut­ma­ýan bol­sa, gö­zi açyk ýag­daý­da dü­şek­de ýat­maň! Ýe­ňil he­re­ket et­mek, ki­tap oka­mak uky­ňy­zyň gel­me­gi­ne ýar­dam edip bi­ler !
1 лайков 108 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.