Añsat meseleler... (Geliñ pikirleniñ, çözüñ)

1)Iki sanyñ biri beýlekisinden 513 san artyk, eger olaryñ ulusyny kiçi sana bölsek paýda 4 alnyp, galyndy 78 bolar. Şol sanlary tapmaly.

2)Gipotenuzasy bir meñzeş bolan göniburçly üçburçlugyñ içinden iñ uly perimetrlisini tapmaly.

3)4 belgili san 400 sanyñ yzyndan ýazylanda takyk kwadrat alynýan bolsa,onda şeýle 4 belgili sanlary tapmaly.

4) 523... sanyñ yzyndan 3 sifr ýazmaly, şunlukda alnan 6 belgili san 7-ä, 8-e,9-a bölünmeli. Ol sanlary tapyñ.

5)Jemi 396-a deñ bolan 4 sany tapmaly. Şunlukda eger 1-nji sana 5 goşulsa, 2-nji sandan 5 aýrylsa, 3-nji sana 5 köpeldilse, 4-nji sana 5 bölünse onda şol 4san bir birine deñ bolýar. Ol sanlary tapyñ.

Geliñ azajyk kellani işledeliñ. Meseleler kyn däl. Üstünlük hemma.??
Jogaplaryñyza garaşýan..??
5 лайков 151 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Enejan
29 июл 2021, 19:33
3) 400444 dogrymy
Halima_Oraztaganova
Автор 29 июл 2021, 20:10
Yiok 400 sanyñ yzyndan yene 4 belgili san bolmaly olam takyk kwadrat cykmaly
Halima_Oraztaganova
Автор 29 июл 2021, 20:12
Olam umumy 400.... umumy br sanyñ takyk kwadratyny emele getirmeli
Halima_Oraztaganova
Автор 29 июл 2021, 20:13
Yone yalnysam bolsa 1jejik teswirin yazylmagyna begendimdaa?
Jelil
29 июл 2021, 21:31
Kop kishi algebra geometriya pes bolyada
Enejan
29 июл 2021, 21:34
Mister X,ozun bilyan bolsan tapay mena pikir yoretdim sen sonam edenok