Jek Serçe aslynda kimdi!?
"Karib deňzi garakçylary" filimini gören bolsak-da,ol baradaky bir hakykaty bilmeýäris.Filimiň baş gahrymanlaryndan biri Jek serçe aslynda,Beýik Britaniýaly musulman deňizçi bolan.
Jek Ward 1553-nji ýylda Angilýanyň Fawerşam şäherçesinde dünýä inýär.Deňiz boýunda ýaşanlygy sebäpli,ýaşlygynda balykçylyk bilen meşgullanýar.Ispaniýanyň Angilýany basyp almak meýilnamasy şowsuz tamamlanandan soň 1588-nji ýyldan başlap Angilýa şa aýaly Ýelizaweta I-iň rugsady bilen,Ispaniýa gämilerini talamaga ýönekeý esger hökmünde gatnaşýar.
1603-nji ýylda şa Jeýms I tagta çykandan soň Ispaniýa bilen uruş tamamlanýar,emma köp deňizçiler garakçy hökmünde gämileri talamaklaryny dowam etdirýärler.Jek we onuň 30 adamdan ybarat topary Portsmut portynda bir gämini ele salýarlar we ogurlaýarlar,Jegi bolsa kapitan edip saýlaýarlar.
Soňra olar Weit adasyna ýüzüp barýarlar we "Wiolet" atly başga bir gämini ele geçirýärler.Jek bu gämini "Kiçi Jon" diýip atlandyrýar.Jek bu gämi bilen Fransiýa degişli uly bir gämini ele salýar.Soňra onuň bilen Orta Ýer deňzine ýüzüp barýar.Ol ýerde Jek 2 ýyl dowamynda söwda gämilerini talamak bilen meşgullanýar.1605-nji ýylda iňlis we daniýaly deňizçiler Riçard Bişop we Entoni Jonsonlar Jege goşulýar.
Ondan bir ýyl soň olar "Reniýera we Soderina" atly gämine ele salýarlar.1607-nji ýylda "Reniýera we Soderina" gämisi suwa çümüp başlaýar,Jek we onuň ýakyn adamlary başga bir fransuz gämisine gaçyp geçýärler. "Reniýera we Soderina" gämisi Gretsiýa ýakyn ýerde 250 musulman we 150 sany iňlisden ybarat topar bilen suwa gark bolýar.Soňlugy bilen onuň ýene 2 gämisi Wenetsiýalylar tarapyndan eýelenýär.250 sany musulmanyň ölümi,Tunis hökümdary Osman begiň gaharyny getirýär.
Jek bolsa özüniň bu işde günäsiniň ýokdugyny aýdýar.Osman beg,eger Jek Tunise gelse,ony öldürmezlige söz berýär.Jek Ward Tunise gelýär we ony tunisliler "Jek Asfur"( Jek serçe) diýip atlandyryp başlaýarlar.Bir ýyldan soň Jek we onuň bütin topary Yslam dinini kabul edýär.Ol öz adyny Ýusup Reise üýtgedýär.
Jek yslam dinini kabul edenden soň,Andalusdaky musulman we ýahudylary Tunise daşamak bilen meşgullanýar.Jek serçe aslynda,müňläp musulman we ýahudylary Ispaniýadan gaçmaga kömek eden gahryman bolan.Ol 70 ýaşynyň içinde Tunisede dünýäden ötýär.Emma Günbatarly hristianlar hemişekileri ýaly,yslam gahrymanlaryny garakçy we kellekeser hökmünde görkezmäge synanyşýarlar.
Muňa mysal "Karib deňzi garakçylary" filimi.Bu filimdäki Jek serçe we Kapitan Barbarossa aslynda Ispaniýadaky musulman we ýahudylary halas eden Jek Asfur(Ýusup Reis) we Haýriddin bolan.Haýriddini ispaniýa musulmanlary "Baba Arrus"-Arrus ata diýip atlandyrýarlar,italiýanlar bolsa ony Barbaros,ýagny "gyzyl sakal"diýip atlandyrýarlar.
Onuň meşhurlygyny göz öňüne getirmek kyn däl.Ýaňy-ýakynda iňlis dramaturgy Robert Dabron "Hristian türk boldy" atly pýessayny ýazdy.Baş gahryman -Jek Uord.Bu spektakl Ýewropa teatrlarynda uly üstünlik gazandy.XX asyrda amerikaly ýazyjy Tomas Kostein ady rowaýara öwrülen musulman serdary hakynda roman ýazdy.
Dowsypat00
Çeşme: http://talyplar.com/posts/77814

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.