Konkurs ucin $17?
JYNYŇYZ JYŇKYRYŞÝARMY?
05.08.2021
1986-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda biziň öýümize ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabat şäherinden garyndaşymyz çagalary bilen myhmançylyga gelipdi. Gelen myhman örän dilewar, köpi özüne çekip bilýän gürrüňçil adamdy. Ol her gezek bize geleninde tanyş-bilişlerimiz hem gelerdi. Olar ýaşulynyň gürrüňlerini hezil edip diňlärdiler.
Bu gezek ol geleninde hem şeýle waka boldy. Agşamlyk naharyndan soň çaý başynda türkmeniň edep-ekramy, däp-dessury barada gyzykly gürrüňdeşlik başlandy. Gürrüňçiligiň bir ýerinde myhman ýaşuly özüniň «jyny jyňkyryşmak» diýilýän gürrüň bilen bagly başdan geçiren bir wakasyny gürrüň berdi.
Ýaşuly iş sapary bilen Türkmenabat şäherine barypdyr. Şonda ol özüniň köne tanşynyň öýünde düşläpdir. Agşamlyk naharyndan soň öý eýesi: «Aşyr aga, ikimiziň hiç hili garyndaşlygymyz hem ýok, ilen-çalanlygymyz hem ýok. Seniň bu ýerde garyndaşlaryň bar hem welin...” diýip, galanyny myhmanyň özüniň düşünmegine goýupdyr. Şonda köpüň girim-çykymyna belet ýaşuly:
— Aýdyşlaryna gör-ä, her kimiň bir jyny bolarmyş. Men her gezek ýerlere sapara gitjek bolanymda, jynym maňa: «Entek sen dur, men seniň barjak ýeriňe baryp göreýin. Ol ýerde özümiň häsiýetim bilen gabat geljek jyny gözläýin. Onsoň saňa kimlere barmalydygyňy aýdaýyn» diýýär. Ine, bu gezek hem şeýle boldy. Gaýtmakam meniň jynym bu ýerik gelip, seniň jynyň bilen gabatlaşypdyr. Olaryň gürrüňleri alşyp, biri-birine hormaty ýokary bolup, olaryň biri-birlerine göwünleri ýetipdir. Ine, şeýdibem biziň jynlarymyz jyňkyryşypdyrlar. Men hem her gezek bir ýerik gitjek bolanymda jynymyň diýenini edip, şonuň diýeni bilen bolýaryn — diýip, myhman ýaşuly çyna berimsiz edip jogap beripdir. Şondan soňra öý eýesine diňe ýylgyraýmak galypdyr.
Taýýarlan Amanmyrat ÝAMADOW. Wekilbazar etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň geografiýa mugallymy, KA-nyň işjeň agzasy.

7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.