Kofe palyny atyp görkezeýinmi!?

Kofe paly

Kofe paly: kofe içýän bulguryňyzda kofeniň löderesini düýbünde aýlap, ondan emele gelen şekiljiklere görä pal atylýar. Muňa ynanamok, ýöne gyzykly bolany üçin paýlaşaýyn diýdim...




1. Adanyň şekili: Hiç haçan garaşmadyk wagtyňyzda bir ýerlerden size pul geler...
2. Öýüň şekili: Hassalykdan, dert-belada gutularsyňyz...
3. Alaw, ot şekili: Uly söýgä duçar bolarsyňyz. Ýöne ony duşuňyzdan geçirmäň!!!
4. Bag, agaç şekili: Uzyn ömürli we bagtly ýaşaýyş saňa garaşýar.
5. Maşgalanyň şekili: Begendiriji, pozitiw habar alarsyňyz...
6. Maşynyň şekili: Töweregiňizde sizi gowy görýän adamlar bar, olary ynjytmaň.
7. Ýolbarsyň şekili: Sizi kösän haýsydyr bir meselelerden dynarsyňyz, rahatlanarsyňyz...
8. Esgeriň şekili: Kyn günleriňizde ýakynlaryňyz size kömege geler.
9. At, ýabynyň şekili: Sallah /durmuşa çykmadyk/ bolsaňyz baýlyk gazanyp, durmuş gurarsyňyz, durmuş guran bolsaň täze öýe baýlyga duçar bolarsyňyz...
10. Ot şekili: Söýgüliňden gysga wagtlyk aýralyk çekersiňiz!
11. Aý, asmandaky Aýyň şekili: Uly kariýere eýe biri bilen negatiw garşylaşarsyňyz...
12. Aýak şekili: Örän kyn ýagdaýda bolan bir kişä kömek edersiňiz...
13. Balyk şekili: Örän ýakyn wagtlarda köp baýlyga eýe bolarsyňyz... Bolçulyga gowuşarsyňyz...
14. Balon: Dostlaryňyz bilen tersleşmekden ýüz öwürmek siziň peýdaňyza...
15. Palta: Başyňyzdaky hupbatly günler geçeninden soň hemme aladalardan dynarsyňyz...
16. Kelläniň şekili: Size bir ýerlerden pul geler...
17. Zenanyň şekili: Bolçulyk, huzur, bereket garaşýar.
18. Bäbegiň şekili: Sizi puşman etdirjek bir işi edipsiňiz! Gynanarsyňyz, ýöne giç!!!
19. Bäş nokadyň şekili: Uzak ýerlerden gelmeli hatyňyz geler...
20. Buludyň şekili: Çözülýän we çözülmeýän negatiw ýagdaýlara boýun bolmaly bolarsyňyz...
21. Mesjidiň şekili: Töweregiňizdäki duşmanlarymyz dan üstün çykarsyňyz...
Çekijiň şekili: Köp zatlar garşyňyza çykar...
Gülüň şekili: Kynçylyklardan, agyr meselelerden gysga wagtyň içinde halas bolarsyňyz...
22. Çyzgy. Biri-birini kesip geçen göni çyzyklar (+): Gowy ýaşaýyş, baýlyk size garaşýar. Dik we galyň çyzgy: Örän peýdaly syýahata çykarsyňyz. Düz we galyň çyzgy: kynçylykly syýahat garaşýar...
23. Çaga: Garaşýan zadyňyza duýdansyz gowuşarsyňyz!!!
24. Dagyň şekili: Dilegleriňiz hasyl bolar.
25. Deňiziň şekili: Arzuwlaryňyz hasyl bolar.
26. Dikilgi daş: Ýakyn wagtda bir ýerlere sapara çykarsyňyz...



(Dowamy bar)

Taýýarlan: Jeksparro
6 лайков 189 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Şeker
05 авг 2021, 19:41
Like
Mähri
05 авг 2021, 19:43
Yazgyny haladym ???
ДеВоЧкА ЦуНаМи
05 авг 2021, 20:25
menden likee sizem gatnasyanzmy konkursa
Şamuhammet
Автор 05 авг 2021, 21:30
ДеВоЧкА ЦуНаМи,

Ýoklaý, konkursa gatnaşmasamam bolýar, beýlekiler gatnaşýara bolýada.?
zumerchi
05 авг 2021, 21:54
Jeksparro Jeksparro offŞu gün, 21:30
ДеВоЧкА ЦуНаМи,

Ýoklaý, konkursa gatnaşmasamam bolýar, beýlekiler gatnaşýara bolýada.?
????
zumerchi
05 авг 2021, 21:54
Like!
Nazar
05 авг 2021, 22:03
Layk menden birjesi ?
Perishdejik
05 авг 2021, 22:30
gaty haladym menden like