Salamlaşmagyň ýüze çykyşy

Alymlaryň aýtmaklaryna görä, gadym döwürlerde adamlar hereket üsti bilen salamlaşmaga ýykgyn edipdirler. Tokaýlarda, daglarda, gowaklarda topar-topar bolup ýaşaýan bir taýpanyň ýaşaýjylary beýleki taýpanyň ýaşaýjylaryny görenlerinde iki tarap hem ellerindäki taýakdyr naýzalaryny ýokary göterip, bir-birlerine gygyrşyp, söz gatypdyrlar. Afrika ýurtlarynyň birinde adamlar bir eli bilen döşüni gysyp, beýlekisi bilen ýuwaşjadan salamlaşypdyrlar. Gadymy Tibetde çagalar kellelerini ýalaňaçlap, hormat bilen baş egip, uly ýaşly adamlara salam beripdirler. Mongoliýada salamlaşmagyň bu görnüşiniň saklanyp galan ýerlerine häzirem gabat gelinýär. Olarda orta ýaşan adamlar biri-biri bilen duşuşan wagtlarynda, olaryň biri elleriniň aýasyny ýokary edip,tirseginden epilen görnüşde iki goşaryny göwresinden öňe uzadýar. Garşydaşy hem edil şol usulda onuň elleriniň üstünde ellerini goýýar.
Ýaponiýada we başga käbir ýurtlarda çagalaryň ata-enesiniň öňünde çök düşüp, hormat bilen tagzym etmekleri, salamlaşmagyň gadymdan gelýän görnüşleriniň biridir. Hindileriň elleriniň iki aýasyny biri-birine goýup, maňlaýynyň deňine ýetirmekleri salamlaşmagyň gadymy nusgasydyr. Hindileriň käbir taýpalarynda bolsa, adamlar dodagydyr burnyny beýlekisiniň ýaňagyna degrip, uludan dem alýar. Şeýle edilmegi garşydaşyna hormatynyň uludygyny alamatlandyrýar. Gadymy ýehudilerde bolsa, salamlaşmak üçin aýakgabyny çykarmaly bolupdyr. Ýewropanyň ençeme halklarynda bolsa salamlaşylanda, kelläňi ýalaňaçlamaly bolupdyr. Salamlaşmagyň şu we şuňa meňzeş görnüşleri öň ony görmedik adamlar üçin geň görnüpdir.
Adamzat jemgyýetiniň ösmegi bilen salamlaşmak däpleri ýuwaş-ýuwaşdan özgeripdir. Gadymy döwrüň adamlary taýaklaryny, naýzalaryny ýokary galdyryp, salamlaşan bolsalar, soňluk bilen boş eliňi ýokaryk galdyrmak ýeterlik bolupdyr. Bu hereket “Ynha, meniň elimde hiç zat ýok, gorkma, saňa rahatlyk bolsun” diýen manyny aňladypdyr.
Irki döwürlerde salamlaşmakda ulanylýan sözleriň ençemesi biziň üçin geň bolup duýulýar. Sebäbi her bir halkyň öz ýörelgesi bolup, öz durmuşlary üçin derwaýys hem-de ýetmeýän zatlary arzuw edipdirler. Şonda baş saglygy, ýurt parahatçylygy diýen düşünjeler başgarak beýan edilipdir. Hytaý imperiýasynyň höküm süren döwründe salamlaşmakda “Siz iýdiňizmi?” diýip ýüzlenipdirler. Salam almaklyk hem şol sözler bilen gaýtalanypdyr. Gadymy parslarda salamlaşylanda “Şadyýan bol” diýip ýüzlenilipdir. Şol söz bilen hem salam alnypdyr. Gündogar Afrikalylar bolsa salamlaşanlarynda biri-birine “Men seni görýärin” diýipdirler.
Ata-babalarymyz gadymy wagtlardan bäri salama uly ähmiýet beripdirler. Adamlar salam bermän bir-birleriniň deňinden geçip gitmändirler. Ata-eneler, uly ýaşly adamlar salam bermegi kiçiliginden çagalaryň gulagyna guýupdyrlar. Dil çykaranyndan çagalara salamlaşmagyň edep-kadalaryny öwredipdirler hem-de olaryň dogr berjaý edilmegine gözegçilik edipdirler. Zerur hasaplanylyşy ýaly, salamlaşmagyň takyk edep-kadalaryny hem öňe sürüpdirler.
1 лайков 123 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.