" KÖR HASASYNY BIR GEZEK ALDYRAR..." ( Bolan waka)

Saý-sebâp bilen otluda ýola düşmeli boldum. Gidip barýas, gidip barýas, dymyşlyk. Soñabaka bu dymyşlyk meniñ ýüregimi gysdyryp başlady. Yolboýy garşymda gamlanyp oturan ýaşajyk gelini synlap gelişime, saklanyp bilmân oňa habar gat dum.
-Hâliden bâri synlap gelýân welin, jigim, bir aladañ bar ýaly gördüm-diýdim. Ol ýylgyran ýaly etdi-de, ýygralyk bilen burça tarap süýsüp oturdy. Biz tanyş bolduk. Ol adynyñ Mahridigini aytdy. Mâhri horajykdan çepiksije bolansoň, ilki talyp gyzdyram oýtdüpdim. Ol beýle däl eken. Mähri ýene ýylgyrdy-da:
-Ýokla, meniñ bâş ýaşlyja oglumam bar-diýdi welin, oňa ynanar ýaly däldi.
-Be, men-â saña talypmykañ öytdüm.
-Ýok, durmuşa ir çykdym- diýdi-de, ol öz durmuşy hakynda güŕŕüñ berip başlady. Adam dymyp barýaka onuň häsiýetine baha berip bolmaýan eken. Mähri meniň çen tutuşymdan, açykgöwünliligi bilen ýalňyş pikirimi ýüze çykardy. Ol gürrüňi dowam etdirdi.
-Biz maşgalada dört bolup ýaşaýardyk. Oglan jigim bilen özüm we ejem-kakam. Men entek kiçijekkâm, kakam köp içýârdi. Ejemi köp urýardy, öýde elmydama goh bolup duransoñ, men halys gorkýardym. Men elmydama ejeme gynanyardym. Kakam ejemi uranda arasynda ejem kâmahal gaçýardy, şonuñ üçinem gaçmasyn diýip, kakam demir sekâ-de dañyp urýardy. Menem ejemi urdurmajak bolup, ony gujaklaýardym, gaharyna kakam arasynda menem urubererdi... Ejeme "Nireden pul tapsañ şondan tap, pul tapyp gel"diýip, öýden kowýardy. Menem ejemden galman ýany bilen giderdim. Gapy-gapy aýlanyp, pul karz sorardyk. Kim bererdi kim bolsa, ýüzümizi alyp kowup goýberýârdi. Iýjek zatlarymyzy hususy duķanlardan ýazdyryp alýadyk-da, kakamyñ aýlygyndan bergini berip paýlaýardyk, soñ ýene-de, şol bir boluş gaýtalanyp durýardy. Kä halatda aç oturýan wagtymyz hem bolýardy. Gaty kösenýârdik. Kakam bagyr keselinden uzak wagtlap ejir çekdi-de, ýogaldy. Kaka kaka bolýarda, nâçe içegenem bolsa, nâhili günleri görkezenem bolsa, kakama gaty gynanyardyk. Sebâbi, nâhili-de bolsa, ol ahyry düzeleip giderine diýseň, umydymyz bardy. Kakasyz galanyma kemsinip köp agladym. Indi öyde goh-galmagal ýokdy, ýöne kakam üçin edilen bergilermiziñ aşagyndan çykyp bilmân, aç ýatýan wagtlarymyz az bolmaýardy. Ejem bolsa, iş tapanokdy. Ahyry ejem söwda edip başlady. Indi ýañy bergiden dynyp, agzymyz aşa ýetip, arkaýnlanyp başlapdyk welin, ejemizi ýitirdik oturuberdik. Name üçindir bir gün gelip daýzam doganym ikimizem öýlerine alyp gitdi. Ejemize nâme bolanyny bize hiçkim aýtmady. Daýzamdan sorasak "Ejeniz daşary ýurda işlemâne gidendigini aýtdy. Daşary ýurda işe giden ejeleriñ köpüsi çagalary bilen telefonda gürleşýârdiler. Biziñ goñşularymyzyñ içinde ejesi daşary ýurda gidip işleýânleri bardy. Olaryñ ejeleri bir ýyldan, iki ýyldan gaýdyp gelâýýârdiler, emma nãçe ýoluna garap, gije ýatman sabyrsyzlyk bilen garaşsak-da ejemiz bizi idâp gelenokdy, ejemizden habar ýokdy.
Men ulalyp, ýedinji klas bolupdym. Bir gün daýzamdan ejeme nâme bolandygyny soradym. Daýzam aglap başlady. Men ejem ýogalandyr öytdüm. Eşidip otursam, ejem name güna edeninâ anyk aýtmadylar, ýöne, onuñ Daşoguzda basylgy oturandygyny aýdanda, oňa gaty erbet boldum. Ýöne bir tarapdan howadan kükregimi dolduryp, bir dem almagym, meniñ dünýâmi giñetdi... Bir tarapdan ejemiň basylgy ýatanyna gynansam-da, onuñ barlygyna we dirildigine begendim. Ýigrimi ýyl alyp giden eken, on ýylyny yañy geçiren eken. Ilki-ilkiler daýzam dagy yzyndan gatnaýan ekenler. Daýzam ýarowsyz bolansoñ, ejemi ideýânem bolmandyr. Men sekizinji klasdan soñ Toý mekanyna gap-gaç yuwmana işe girip, pul toplap, ejem janyñ mâhinden ganmak üçin onuñ yzyndan şol tarapa gidýânleriñ gapdalyndan menem gidiberýârdim. Doganymam gitse boljakdy. Ýöne doganymyñ dogabitdi ýarawsyzlygy bardy. Ynha, ulalyp, özümi bilip, birinji sapar ejem janyñ yzyndan zyndana barýadym. Meniñ ilkinji ýola düşüsim we ejem bilen ilkinji duşuşygym meniň kalbymda juda harasat turuzýardy. Gelip, zyndanyñ ýanynda ulagdan düşup, daş-töweregine demir tikenli torlaryñ aýlanmagy bilen haýbatly howla aýak basanymda "Wah, kâbâm, aç ölen bolsak mundan gowy bolardy"diýp, zyndanyñ gapysyndan âtlânimde eýýâm inim tikeneklâp başlady. Nadip beýle bolmasyn?! Zarñyldap açylyp-ýapylýan gödek gapylar sussuñy basýardy. Maña ejem gelýânçâ, gözenegiñ daşynda garaşyp durmagymy tabşyrdylar. Men sabyrsyzlyk bilen garasyp, açyk galan demir gapydan zonanyñ icinde eýlaķ-beýlâk ýörâp ýören zenanlary synlap durşuma ejem hakynda köp oýlanyp durdum."Bizi haram eklejek bolandan, ýetimler öýüne beren bolsa, belki mundan gowy bolardy"diýip, zyndanyñ agzynda duranyma namys etdim.
Ynha-da, ejem jany getirýâler. Her tarapynda bir polisiýa. Men ejemi dessine tanadym. Ol meni görenden ganatlaryny açyp, ýetip-ýetmänkâ "balaam"diýip, gygyrdy-da, gelip meni gujaklady. Gözenegiñ añyrsynda duran zenanyñ Kâbâ deñelýân mâribanyñdygyny görmek ýaly agyr hupbat barmyka. Biziň boluşumyza ejemjany getiren polisiýalar-da erbet boldular. Eý, Allam, hiç kime beýle harasatly durmuşy görkezmâwersin! Meniñ damagym dolup, hyrkyldap aglap oturşuma soñabaka başym aýlandy. Ejem janam gürlemân, meniñ ýanymda müýñli halda, kiçelip ýumruk ýaly bolup, oturşyna haýpym geldi. Ejem jan başymy, arkamy sypalaşdyrp durşuna zol "Bagyşla gyzym!"diýip, gaýtap durdy. Hakyna seredende, ejemiñ gören günleriniñ men diri şaýady bolupdym. Ýöne, ýeñil eklenje baş goşmaklygy, onuñ eden günâsiniñ geçip bolunmaýan derejededigi meni ýer bilen ýegsan edýârdi. Meniñ ejemden gözüm doýanokdy. Biz geçip oturdyk. Ejem janyñ gujagyna kellâmi goýup, bir salym aýralygyñ nalasynyñ agysyn agladyk. Ejem jan garrapdyr, dişleri doķülipdir. Ol gaty owadan zenandy. Indu saçlary agaryp, ýygyrtlary köpelipdir. Köp ğaýgy eden bolmaly,ol gürlemeýârdi. Ikimizem diñe gujaklasyp, biri birimizden doýup bilmânem, ertesi yzyma gaýtmaly boldum. Şoldur, şol gaýgym aladam diñe ejemi idemek bilen, aladam gazanç etmek boldy. Haramdan gelen gazanjyñ soñunuñ nâme bilen gutarjagyny ejemiñ düsen güninden bilemsoñ, diñe halal gazanjyñ ugrunda ylgadym ýördüm.
Men hem okuw okamalydym, hem onuñ daşyndan işlâp, gaty ýadaýardym, maña kyn düşýârdi. Ýöne işlemesemem daýzama-da öz çagalary bilen kyn düşýârdi. Men iş hakymyñ ýarsyny ejem üçin ýygnasamam ýarsyny daýzamada berýârdim. Ol almany kyn görýârdi. Sebâbi, meniñ ýaş başyma bolup ýörüşime daýzam gynanýardy.
Dokuzynjy klasa geçenimde Aman atly bir ýigit meni halaýandygyny aýdyp, maña söz aýtdy.Men onuñ bilen tanyşdym. Gaty gowy ýigitdi. Öwrenişýânçam jogap bermedim.
Ol meniñ işleýânimi eşidipdir. Günde meni işden öýe çenli ýoldaş bolup getirýârdi. Biz iki ýyla golaý halaşdyk. Aman mekdebi tamamlan günümiň ertesi, meni alyp gaçdy. Öýden gidenimi gaty ğörüp daýzam menden ýüz öwürdi.
Bir aý ýaly biz gowy ýaşap ýördük.
Niredendir bir ýerden gaýynym ejemiñ zyndanda basylgy ýatanyny esidipdir. Meni öýden kowjak bolup her bahana gözledi. Men birhili ýagdaýa düsdüm. Aman ilki-ilkiler meni goraýardy. Gaýynym soñabaka oña-da meñ ücin kâýâp başlady."Ejesi zyndanda oturan gyzy getiripsiñ, nireden getiren bolsañ, şol ýerede âkit"diýip. Men yzyma gaydaýyn diýsem, ol ýerini terk edip gaýtdym. Gitmäýin diýsemem, meni zatlarymy günde düwüp, öýden kowýalar, nâme etjegimi bilmedim. Ahyry gaýynymyñ öz aýal dogany mende ýaşaberiñ diýip, bize eýe çykdy. Gowy aýal eken. Soñ birnâçe aýdan soñ gaýynym iliñ gepine çydamadymy ýa-da ogluna gynandymy bilmedim welin, gelip bizi ýene öýlerine getirdi. Men begendim. Hyzmatymy gaýgyrman, aýak üstuñde diñe iş edip geźýârdim. Ýöne gaýynym Aman bilen gürleşse-de, meniñ bilen gürleşmeýârdi, ýüzem bermeýârdi. Aman maña göwünlik berýâdi."Azajyk çyda, tölegli jaýa çykarys gaty bolmajak bolsa"diýýârdi. Bize toý etmek hakynda hiç kim aladalananokdylaram. Men toýdan geçdim. Amandan aýrylmasam boldugymdy. Men hamyladygymy gaýynym añyp başlady. Ol menden soranda begener öytdüm. "Hawa"diýip, diýilmanka cagany ýoklamaly diýilen karara geldi. Men razy bolmadym. Muña-da gaýynymyñ has gahary geldi. Bir görsem, Amanam indi ejesiniñ tarapyny tutup, çagadan geçmeli diýip başlady. Men garşy çykdym. Şonda Aman birinji gezek maña el galdyryp başlapdy."Men nâme diýseñizem günâ galyp biljek dal" diýdim. Gaýynymyñ maña sesi gatalyp başlasa, Amanam soñabaka meni urmany endik edip başlady. Aman uranyny az görýân ýaly ulagyna mündirip, gijäň içi düz meýdana äkidip, taşlap gaýdýardy. Men şondan ýene-de aglap-eñrâp, ýol boýy bir itden gaçyp, bir pişikden gaçyp tümlükde ýene olaryñ gapysyny kakyp gelýârdim.-diýip, Mahri gözüniñ ýaşyny süpürip durşuna gapdalynda duran suwdan birki sapar owurtlady.
-Gapyny bir açsalar bir-de açmazdylar. Sowukda galan wagtlarymam bolupdy. Şeýdip ahyry oglum dūnýâ indi. Meni ýene-de Amanyñ daýzasy idedi. Gaýynymdyr Aman ücin pisik çagalan ýalydy. Begenmediler. Men Amanyñ daýzasyna öz daýzama jañ etdirip, men hakda gürrüñ bermegini haýys etdim. Daýzam meni bagyşlamady. Ahyry gaýynym ogluny öýerjekdigini aýdyp gidenden soñ, (kwartira) tölâp ýaşamaly bolsa-da, jaý tapyp, göçüp gitdim. Maña ilki kyn boldy, gaty kösendim. Soñ bir gyz tapyp çagamy saklatdymda salona işe girdim. Onuñ daşyndanam name iş bolsa ediberdim. Hâzir çagam bâş ýaşynda, indi gowy özümi tutdum. Aman öylendi.Ýöne onuñ aýaly ak gan keseline duçar bolupdyr. Gaýynym welin, indi maña gynanyp yzyma dolanmagymy isleýârler. Aman naçe gelip ýalbarsa-da, men ony bagyşlap bilemok. Men indi hiç wagt durmuşa çykmaryn. "Kör hasasyny bir gezek aldyrar..." diýipdirler...
19 лайков 231 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Shohrat
11 авг 2021, 22:40
Like
S❤
12 авг 2021, 23:52
Oran govy
Awtory kim
Menden like