"Jennet eneleriñ aýagynyñ astyndadyr" Muhammet(S.A.W)

Kä wagt kä kişä seredip pikirlenýäñ:

-Eý, bu bu derejelere nireden ýetip ýör... güýc bilen almaly bolsa aljak, okumyşlyk bilen almaly bolsa aljak, pul bilen almalam bolsa beýle derejäni bir-birinden öñürdip aljak kişiler kän-ä..."

Bu sözleri diýýän kişilere-de (ýa-da ýañzydýan) diýilýän kişilere-de durmuş bizi duşurup dur.

Üstinlige ýetmek, dost gazanmak, pul gazanmak barada birgiden kitap ýazypdyrlar... ýazypdyrlar ýöne meñ durmuş tejribäme görä üstinlik gazanan adamlañ arkasynda birinji nobatda ata-bilen ene durýar. Oalñ hiç hili tanyş bilişi, jübsinde kör köpügi, hat-da hiç hili sowady ýogam bolsa..

Ýaşy ep esli bolanam bolsa, 10 ýaşly çaga ýaly kakasyndan maslahat soraýandyr... göwnine ýarajak bolýandyr...

Ejesi entek öz süýegini süýremäge ýaraýandyram, ýaşdyram, gujurlydyram, şonda-da arlykdaky bäbege sereden ýaly seredýändir...

Beýle çagalary göreñde kalbyñda geljege bolan umyt döreýä... beýle çagalaram bar-ow diýdirýäler.. sag bolsunlar, ömürleri uzak bolsunlar.

Şo sebäpli Hudaýam olañ tanapyndan çekýändir. Üstinligiñ sebäbini ilkinji nobatda başga ýerlerden gözläp ýörmegem lyk bolsa gerek...
18 лайков 114 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Şamuhammet
14 авг 2021, 09:09
Haladym ýazgyňy...