Talyplar! Dünýäniň iň meşhur umumy ýaşaýyş jaýlary barada bilmek gyzyklymy?

“City a Docks”, Fransiýa
“City a Docks” Fransiýanyň Le Gawre şäherinde ýerleşýän talyplar şäherçesidir. Bu umumy jaşaýyş jaýy köne ýük daşalýan gaplardan gurulan iň täsin arhitekturasy bilen tapawutlanýar. Talyplaryň bu ýaşaýyş jaý toplumy ýüz otagdan ybaratdyr. Otaglaryň her biri aýratyn gap bolup, bir ýa-da iki adam üçin niýetlenip, ähli oňaýlyklar göz öňünde tutulypdyr. La – Manşa kanalynyň boýunda ýerleşýän bu umumy jaşaýyş jaýynyň penjirelerinden haýran galdyryjy tebigatyň keşbini synlap bolýar.
“Simmons Hall”, Kembrij
ABŞ-nyň Massaçusets tehnologiýalar uniwersitetiniň umumy ýaşaýyş jaýy köp gatly bina “Simmons Hall” diýip atlandyrylýar. Bu umumy ýaşaýyş jaýy “ The Sponge” “Gupka” ady bilen meşhur. Sebäbi munuň täsin daşky keşbi gupka meňzeýär. Onda esasan uçurym talyplar we aspirantlar ýaşaýar.
“Tietgen”, Daniýa
Kopengagenden uzakda bolmadyk ýerde täsin dizaýnerlik aýratynlygyna eýe bolan, uzakdan seredeniňde uly guýy şekline meňzeýän 7 gatly umumy ýaşaýyş jaýy bar. Bu bina 360 orunlyk bolup, örän owadan bezegler bilen bezelen otaglar 1 we 2 orunlykdyr. Otaglaryň meýdany 26 dan – 45 inedördül kwadrat metrdir. Başga-da bu ýerde aşhana, kitaphana, sport we dynç alyş otaglary bardyr.
“Basker Apartments”, Fransiýa
Daşky keşbi bilen görenleri haýrana goýýan bu umumy ýaşaýyş jaýy iki gatly uly karton gutularyny ýatladýar. Her gutuda ýaşamaga ähli oňaýlyklar göz öňüne tutulan otaglar bar. Karton guty görnüşli binalar biri-biri bilen kiçiräk baglar bilen baglanyşdyrylypdyr.
“Bal arynyň öýjügi”, Estoniýa
“Bal arynyň öýjügi” diýip atlandyrylýan bu umumy ýaşaýyş jaýy Estoniýanyň Walga şäherinde Latwiýa bilen serhetleşýän ýerinde ýerleşýär. Bu ajaýyp merkez talyplaryň ýaşaýan ýeri we okuw merkezi bolup hyzmat edýär. Daşyndan seredeniňde binada birnäçe bal arylarynyň öýjükleri bolup görünýän penjireler köp mukdarda tebigy ýagtylygyň jaýa girmegine mümkinçilik berýän görnüşde bezelipdir. Demirgazyk Estoniýa üçin bu örän möhümdir.
“Mill Junction”, Ýohannesburg
Günorta Afrika Respublikasynda ýerleşýän bu şäherde talyplaryň okamaga mümkinçiliklerini göz öňüne tutulyp, täsin umumy ýaşaýyş jaýy guruldy. Onuň dizaýn aýratynlygy örän geňdir. Bäş sany silindr görnüşli binalaryň üstünden dörtburç şekilde jaý oturdylan ýaly gurlan bu umumy ýaşaýyş jaýynda 375 talyba niýetlenen otaglar bardyr. Binagärler binanyň daşky keşbine açyk ýiti reňkli boýaglary ulanyp, has owadanlygyny artdyrypdyrlar.
Gunça HAMEDOWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I talyby.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.