Şowsuzlyk-şowluluga eltýän ýol.(Hökman okañ...)

Üstünlik köp ýollary söküp geçmekden başlanýar. Emma kähalatlarda durmuşda şowsuzlyklara-da gabat gelmek bolýar. Meselem men hem işde, hem-de şahsy durmuşymda hem köp şowsuzlyklara duçar boldum. Önler näme üçin şeýle bolýar diýip haýran galardym. Ýöne indi düşünip ugradym.
Şowsuzlyk-bu uly üstünlikleriñ esasy ýol görkezijisi hasaplanylýar.
Şowsuzlyk-üstünligiñ ganaty, ruhudyr.
Şowsuzlyk- her birimiziñ taplanmagymyz üçin tejribeler toplumydyr.
Ol dogry ýoldan sowlan ýa-da egrilen maksatlarymyzy düzedýän güýç, üstünlik üçin düýp esas we özendir. Dewid Kelli "Nãçe tiz ýalnyşsañyz-sonçada tiz üstünlige yetersiñiz" diýip örän dogry belleýär. Siz öz öýüñizde asuda oturyp,üstünlik gazanyp bilmersiñiz. Kim töwekgelçilik etmese,üstünlik gazanmaýar. Siz öz arzuwlaryñyzyñ yzyndan ylgap, näçe köp töwekgelçilik etseñiz,şonça-da köp şowsuzlyga uçrarsyñyz. Şowsuzlyklaryñ beren sapaklary bolsa, sizi üstünlige ýetirer.
Adamlaryñ käbiri durmuşynyñ manysyz geçýändiginden bihabar. Olar yigrimi ýyl şol bir ýoldan ýörap,şol bir gürrüñi,şol bir pikirleniş endigi bilen ýaşap bilýärler. Men olary tankytlamakçy däl. Ýöne az hereket edip az netije gazanylýar. Eýnšteýn: "Diñe šol bir hereketi gaýtalap, her dürli netijä garaşmak akylsyzlyk" diýip baha berýär.
Beýik şahsyýetler adaty adamlara görä has köpräk şowsuzluklary başdan geçirendirler. Ynsan üçin töwekgelsiz,arzuwsuz ýaşamakdan uly töwekgelçilik ýok. Çünki Mark Tweniñ aýdyşy ýaly "Ýigrimi ýyldan siz eden işleriñiz üçin däl, etmedik işleriñiz üçin gynanarsyñyz"...
0 лайков 108 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.