ZENAN ÝÜREGINIŇ AÝDYMÇYSY

Türkmen dramaturgiýasyny birnäçe ajaýyp eserler bilen baýlaşdyran Guseýin Muhtarow, Towşan Esenowa, Bazar Amanow, Berdi Kerbabaýew, Garaja Burunow ýaly dramaturglarymyzyň döredijiligi öwrenilmäge mynasypdyr. Bu babatdan, şahyr, ilkinji zenan dramaturg, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Towşan Esenowanyň adyny hormat bilen ýatlap bolar. Zehinli Towşan Esenowa türkmen edebiýatynyň taryhynda, şeýle-de dünýä halklarynyň arasynda öz zehini bilen giňden tanalan zenan. Ol özüniň köptaraply döredijiligini poeziýa žanryndan başlapdyr. Onuň ilkinji şygyrlar kitaby 1938-nji ýylda «Polat gyzlar» ady bilen çap bolupdyr.

Öz döwründe «Zenan ýüreginiň aýdymçysy» adyny alan zehinli ýazyjynyň döredijilik ýolunda üç žanrda — publisistikada, poeziýada hem-de dramaturgiýada eser döretmegi hem onuň galamynyň ezberliginden habar berýär. Şu ýerde alym zenanymyz Şirinjemal Geldiýewanyň: «Biz şahyra «Zenan ýüreginiň aýdymçysy» diýip, ýöne ýere at dakmadyk. Irginsiz şahyryň, ýadawsyz publisistiň, belli dra- maturgyň haýsy eserlerine ýüzlenip göräýiň, zenan ýüregi, mährem enä- niň yssy mähri, juwan gyzyň päkize söýgüsi, gujurly zähmeti duýulmaýan ýekeje setirem tapmarsyňyz» diýýän setirlerine ýüzlensek hem ýeterlik bolsa gerek.

Towşan Esenowa 1915-nji ýylda Kaka etrabynda dünýä inýär. Onuň kakasy demir ýol işçisi bolupdyr. Ol ilki 1924-nji ýylda Aşgabatdaky Ene Kulyýewa adyndaky internatda, soňra pedagogiki tehnikumda hem-de Daşkentdäki Orta Aziýa uniwersitetiniň ýanyndaky işçiler fakul- tetinde okaýar. Zehinli ýazyjy heniz internatda okap ýören döwründe şol ýerdäki drama gurnagyna gatnaýar. Bu bolsa teatra bolan höwesiň geljekki dramaturgda has ir wagtda döräp ugrandygyndan habar berýär. Onuň pedagogiki tehnikumda okap ýören döwründe eýýäm, «Bike» atly kiçi görnüşli pýesa ýazanlygy hakynda maglumat bar. Gynansak-da, bu drama eseri bize gelip ýetmändir.

Dramaturgyň goşgularynda wasp edilen zenan keşbi eserden-esere geçip, kämilleşip, dramaturgiýa eserlerinde-de öz mynasyp ornuny tapypdyr. Zehinli zenanyň döredijiliginde waspy ýetirilýän zenanlaryň üsti bilen zähmetsöýerligiň, yhlaslylygyň, wepalylygyň, gaýratlylygyň, merdi-merdanalygyň ajaýyp nusgasyny görmek bolýar. Bu häsiýetleri bolsa zenan dramaturgymyz drama eserlerinde-de, goşgy setirlerinde-de näzik, mährem, gowy gylykly, buýsanjaň, özdiýenli türkmen gelin-gyzlarynyň häsiýetini ussatlyk bilen bermegi başarypdyr.

Towşan Esenowanyň 1939-njy ýylda «Şemşat» atly pýesasy halka hödürlenilýär. Oba adamlarynyň durmuşy, söýgi, yhlaslylyk, erjellik ýaly häsiýetleri öňe sür- ýän bu pýesa tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Bu oýun, ilki 1939-njy ýylda A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatrynda, soňra şol ýyl Türkmen döwlet drama teatrynyň sahnasynda janlandyrylýar. Ol diňe halkymyzyň arasynda däl, eýsem, beýleki halklaryň arasynda-da uly söýgä mynasyp bolýar. Belli rus alymlary L.Kristi, A.A.Lunaçarskiý tarapyndan «Millioneriň gyzy» ady bilen rus diline terjime edilip, beýleki ýurtlaryň drama teatrlarynda-da goýulmagy, rus alymlary tarapyndan gowy baha mynasyp bolmagy eseriň şöhratyny has-da artdyrypdyr. Şeýle-de rus alymy A.Aborskiý özüniň «Ýaş dramaturglar bilen işlemeli» atly makalasynda bu hakda: T.Esenowanyň ýazan «Millioneriň gyzy» atly komediýasy durmuşa örän laýyk we gowy zat» diýip, baha beripdir. Dramaturg pýesa üçin öz döwrüniň wakalaryny saýlap almagy başarypdyr.

Towşan Esenowanyň «Seniň yşkyňda» komediýasy, «Gelin gelýär» dramasy-da türkmen dramaturgiýasynyň ösmegine mynasyp goşant bolan eserlerdir. Zehinli dramaturg diňe bir türkmen gelin-gyzlarynyň çeper keşbini döretmek, il-ýurduny, Watanyny wasp etmek bilen däl, eýsem, beýleki dünýä halklarynyň gelin-gyzlarynyň durmuşyndan hem eserler döretdi. Onuň 1937-nji ýylda ispan gyzynyň durmuşyndan ýazan «Lina Odenä» atly poemasy doganlyk halklaryň temasyndan ilkinji liro-epiki eserdir. «Gündogar aýallaryna» atly poemasy bolsa hindi, türk, arap gelin-gyzlarynyň durmuşyndan söz açýar. Şeýle-de ýazyjy zenanyň terjimeçi hökmünde-de bitiren işleri az däl. Dünýä halklarynyň eserle- rini azerbaýjan, özbek, ukrain, ermeni, türkmen diline terjime edip, giň okyjylar köpçüligine ýetirmekde-de uly işleri bitiren dramaturgyň eserleri oňa döredijilik üstünligini getirdi. Eston halkynyň görnükli zenan ýazyjysy Debora Waaranuiniň ol hakda: «Her bir zat hakynda ýürekden syzdyryp, ýönekeý, edil gerek bolşy ýaly ýazmaklygy başarypdy» diýip, bellemegi hem aýdanlarymyzy tassyklasa gerek.

Hakykatdanam, türkmen dramaturglarynyň arasynda sahna sungatynyň ösmegine uly goşant goşan zenan dramaturgymyz Towşan Esenowanyň baý, köptaraply döredijilik ýoly bar. Onuň türkmen edebiýatynda bitiren hyzmatlary, şeýle-de türkmen zenanlarynyň waspyny dünýä ýaýan ajaýyp «Şemşat» atly sahna oýny, zenan durmuşy bilen baglanyşykly komediýalary «Zenan ýüreginiň aýdymçysy» diýen ada doly mynasyplygyny subut edip biljek delilleriň diňe bir tarapydyr.
3 лайков 134 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.