Görmegeý gelin we gaýyn Ene
Birwagt bir owadan, saçlary topugyna ýetip duran, gözleri çöl jereniñki ýaly balkyldap duran, ýañaklary alma ýaly, derek boýly gyza sawçy gelipdir. Sähet bellenip, toý tutulypdyr. At çapdyryp, göresh tutulypdyr. Hälki gyz öýüñ törüni bezäp oturan gelin bolup, bir-iki aý oturanyndan soñ gaýyny ik bilen ýüñ getiripdir. Gelin bashyny ýaýkapdyr. Jorap örmek üçin çish bilen ýüp getiripdir. Gelin bashyny ýaýkapdyr. Eline orak beripdir. Ýene bashyny ýaýkapdyr. Iññe bilen ýüpek getiripdir...
Gaýyn Ene apalap alan gelniniñ elinden hiç bir ish gelmeýänine göz ýetirip, mañlaýyny ýumruklapdyr.
Adam zadyna gaýym, ishine pugta bolmalydyr. Aýratynam, gelin-gyzlar "Edeni em ýaly, goýany mum ýaly" diýdirmelidir. Eden ishiñiz, aýdan sözüñiz anyk bolmalydyr. Halallyk ýarashar, harsallyk ýarashmaz. Aýdan zadyñyz çöp döwen ýaly bolmalydyr. Hormat iki taraplaýyndyr. Ulyny sylamak, edep-ekramly, salyhatly bolmak, sesiñi gataltman gürlemek gelin-gyzlary bezeýän, beýgeldýän häsiýetlerdir.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.