Intirnedi özgerden adamlar

Dünýä, internetden bu ýana çenli gaýym bir şekilde biri birine baglandy. Indi köpümiz kagyz galam ýerine e-mail poçtalar bilen aragatnaşyk gurýarys. Online bolup web saýtlarda gezip ýa-da filmler seredip bilýäris. Hat-da internet üsti bilen töleglerimi töläp bilýäris.

Internet şol bir wagtyň özünde dürli sosial metbugat platformalar araçylygy bilen dostluklary üýtgetdi.Sosial metbugat platformalary, bize uzakdaky dostlarymyz bilen habarlaşmaga mümkinçilik döretdi.

Ajaýyp pikire eýe bolmak we bu pikiri durmuşa geçirmek iň ähmiýetli zatdyr. Internet üstünde ıň uly täsire eýe bolan adamlar, bu gün durmuşymyzy dolandyrma rewolýusiýa döretdiler. Internet bolmaýan bir dünýä arzuw ediň. Birnäçäňiz muny arzuw edip bilmez, çünki internet durmuşymyzyň bir bölegi halyna geldi. Biz hem bu ýazgyda interneti üýtgeden 20 sany uly atlary taýýarladyk.


Internetiň atasy: Vint Cerf ve Bob Kahn
Vint Cerf ve Bob Kahn, TCP/IP aragatnaşyk protokollary toparyny emele getirdi. TCP/IP aragatnaşyk protokollary, bir torda biri-biri bilen geplemek üçin kompýuterleriň ulanan bir dilidir. Vint Cerf, internetiň ýerleşmesiniň diňe bir aýna we spam’yň tölegsiz bir gullugyň ýan täsırı bolýandygyny aýtdy.

WWW’ny oýlap tapan: Tim Berners-Lee
Tim Berners-Lee, WWW (World Wide Web) döretdi. Ilkinji web müşderisini we serwerini ýazdy. Tim Berners-Lee, özboluşly online maglumat bölekleri arasynda baglanyşyklar getirmegiň ýoluny tapdy.

E-mail-yň atasy: Ray Tomlinson
Programmist Ray Tomlinson, özboluşly ýerlerdäki maşynlar arasynda habar alyşmagyny beýan etdi. Tomlinson, e-mail salgylary üçin “@” simwolyny ilkinji gezek ulanan kişidir. Bu gün dünýäde bir milýartdan köp adam her gün “@” simwolyny ulanýar.

E-kitaplaryň döreýşi: Michael Hart
Michael Hart, elektron kitaplaryň döredijisidir. Hart’yň Gutenberg taslamasy, okamak şekilimizi üýtgeden dünýäniň ilkinji elektron kitaphanasy kabul edildi.

Ilkinji Spam E-mail: Gary Thuerk
Spam, köne bir satyş emelidir. Satuw bölüminde işleýän Gary Thuerk, Digital-yň T-series VAX ulgamlary üçin Arpanet üsti bilen müşderilere bir e-mail spamy iberdi. Thuerk-iň o wagt gözüne ilmeýän zat, dünýäniň ilkinji spamyny iberýänligidi.

Ilk Ýüz beýany: Scott Fahlman
Scott Fahlman, 19 Sentýabr 1982 ýylynda Carnegie Mellon Uniwersitetiniň habarlarynda ilkinji ýüz beýanyny ulanan kişidir. Fahlman, ilkinji gezek ? we ? alamatlaryny ulandy. Indi her kim bu alamatlary, habarlaşmak programmalarynda, ulanýarlar.

Ilkinji internet Browser: Marc Andreessen
Marc Andreessen, has soňra Netscape Navigator bolup söwdalaşdyran Mosaic atly ilkinji internet browserini oýlap tapdy. Mosaic-yň ösdürme prosesi takmynan 4 ýyl sürendir.

IRC’yň döredijisi: Jarkko Oikarinen
Jarkko Oikarinen, IRC (Internet Relay Chat) atly ilkinji tüýs wagtynda online söhbet guralyny döretdi. IRC-yň abraýy 1991-nji ýylda başlady. Yrak Kuwaity basyp alan wagtynda radio we TV signallary öçürilende IRC arkaly maglumat berdiler.

Ilkinji Gurçuk wirusyny oýlap tapan: Robert Tappan Morris
Bir gurçuk wirus düşünjesi, umumy hakerçilik bilen deňeşdirilende tapawutsyzdyr. Robert Tappan Morris, ilkinji gurçuk (Worm) wirusyny döretdi. Hakerler özleri bir tora girmegiň ýerine, bu işi etmegi üçin döreden bir kiçi programma ibererler.

Internet üsti bilen iberilen ilkinji Worm wirusy 1980-nji ýyllaryň soňlarynda ýaýradylanda ýalňyşlyk bilen müňlerçe dollarlyk zyýana sebäp bolandyr.

Geocities esaslandyryjysy: David Bohnett
David Bohnett, 1994 ýylda John Rezner bilen bilelikde Geocitiesi gurdy. Geocities, internetdäki iň uly döreýşlerden biri halynda geldi. Bohnett, internet ulanyjylaryň tölegsiz görnüşde web saýtlara eýe bolup biljegi bir gullugyň ýolbaşçylygyny etdi. Geocities şereketi, 27 Oktýabr 2009-njy ýylda ýapyldy.

Ilkinji Viki esaslandyryjysy: Ward Cunningham
Ward Cunningham, 25 Mart 1995-nji ýylda İlkinji viki programmasy bolan WikiWikiWebi gurdy. Amerikaly programmist Cunningham, WikiWikiWebi adamlaryň bilelikde işlemegine, online sahypalary döretmegine we düzeltmegine rugsat beren bir akym bolup ösdürdi.

Hotmail-yň esaslandyryjysy: Sabeer Bhatia
Sabeer Bhatia, Hotmaili gurdy. Hotmail markasy, HTML-e tanalan harplar goşulyp döredildi. Bhatia, Hotmaili 400 milýon dollara Microsofta satdy. 1998-nji ýylda Draper Fisher Jurvertson tarapynda “Ýylyň Telekeçisi” baýragyna eýe boldy.

Googleyň esaslandyryjylary: Larry Page we Sergey Brin
Larry Page we Sergey Brin, internetde gözleg etme we ulanmak görnüşimizi üýtgetdi. Google, döredilen güninden bäri her ýyl tizlik bilen özgerdi. Page we Brin, öz tejribeleri bilen başlady emma Google çalt bir görnüşde çeşmeleri aşdy. Has soňra Stanford arkaly ýörite maýa goýumlar aldylar.

Microsoftyň esaslandyryjysy: Bill Gates
Bill Gates, uniwersitet bilimini ýarymda taşlap “Micro-Softy” gurdy. Has soňra Gates, DOS (Disk Operating System) üçin täze bir GUI (Graphical User Interface) döretdi. Gates, bu täze stile Windows adyny berdi. Häzirki wagtda kompýuter ulanyjylarynyň köpüsi Windows sistemany ulanýandyr.

Apple esaslandyryjy: Steve Jobs
Steve Jobs, şahsy kompýuterler hakynda özboluşly pikiri, ony kompýuter ulgamy senagatynda rewolýusiýa döretdi. Apple esaslandyryjy Steve Jobs, işlemek, oýun oýnamak we habarlaşmak görnüşini üýtgetdi. Sada we saýhally web dizaýnyny has owadan hala getirdi.

Yahoonyň esaslandyryjylary: David Filo we Jerry Yang
Yahoo, adamlaryň biri-birileri bilen aragatnaşyk gurmak, maglumatlara gowuşmak we bir zatlar satyn almak görnüşini üýtgeden marka halyna geldi. Yahoo, häzirki wagtda bolsa öňki meşhurlygyny ýitirdi.

Napster esaslandyryjy: Shawn Fanning
Shawn Fanning, aýdymlaryň paýlaşylmagyny ýerine ýetirýän faýl paýlaşmak programmasy Napsteri döretdi. Napster, 2001-nji ýylda 25 milliondan gowrak ulanyja eýedi. Napster, has soňra özüne açylan göreşler netijesinde ýapyldy.

Paypalyň esaslandyryjysy: Peter Thiel
Peter Thiel, 31 ýaşynda online töleg sistema bolan PayPaly gurdy we dört ýyl soňra 1,5 milyart dollara eBaye satdy.

eBayyň esaslandyryjysy: Pierre Morad Omidyar
Pierre Morad Omidyar, alyjylary we satyjylary bir ýere getiren online bazar döretdi we näbelli bir ulanyjynyň ynamlylygyny bellemesine ýolbaşçylyk etdi. Häzirki wagtda eBay, internetdäki iň uly erkin satyş söwda nokadydyr.

Wikipedia esaslandyryjy: Jimmy Wales
Jimmy Wales, 2001-nji ýylda internet dünýäsiniň iň uly ensiklopediýa bolan Wikipediany gurdy. Wikipedia, her kim tarapyndan aňsatlyk bilen düzedip boljak makalalara eýe bolan platformadyr.
1 лайков 103 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Biohimik
21 авг 2021, 21:46
Dost bulary nirden alyaň gruppalardanmy telegramdaky