Adamyñ maýmyndan gelen ýalany

Eger size "adam maýmyndan geldi" diýän bar bolsa bilip goýuñ ol hakyky jahyl, sowatsyz adamdyr. Bilimiñ gözünde adamyñ maýmyndan geldi ýada palçykdan ýasaldy düşünjeleriniñ ikisiniñem arasynda tapawut ýokdur. Bu mowzugy elimden geldigiçe sada düşündirjek bolaýyn:
Adamzadyñ geçmişi milionlarça ýyla daýanýar. Ynsan jynsyna Homo diyilyar we häzirki modern ynsan Homo Sapien-dyr. Häzirki tapyndylara görä Homo jynsynyñ ilki görnuşleriniñ biri Homo Habilis. Homo Habilis takmynan 2milion ýyl mundan ozal ýaşan Homo jynsydyr. Biziñ yagny Homo Sapiensleriñ başlangyç taryhy bolsa Afrikadaky fosil yzlara görä takmynan iki yüz müñ ýyl ozaldyr.
Ýokarda-da belleýşim ýaly ynsan Homo toparyna degişlidir yöne guýrukly maýmynlar, simpanzeler, gorillalar we şuña meñzeşler homo toparyna degişli däldir.
Onda adam maýmyndan geldi pikiri nireden cykdy. Munuñ brinji sebabi ewolyusiyanyñ işleýşini bilmezlik yagny sowatsyzlyk. Ikinji sebäp bolsa bizdaki söz kemçiliginden diýip pikir edýärin. Sebäbi iñlis dilinde "Ape" we "Monkey" sözleri bar türkmen dilinde ikisinem terjime etsek ikisem maýmyn bolýar. Aslynda monkey=maýmyn dogry terjime, ape bolsa homo we maýmyn grupbasyna berilýän atdyr. Gysgaça fiziki sypatlary boýunça ape-maýmyn sypatlylar diyseñem bolýar.
Indi adam bilen maýmynyñ arasyny seljereliñ:
Ewolyusiya teoriyasyna görä adam maýmyndan gelenok. Yagny maýmyn ynsanyñ atasy däl ol bir atanyñ nesli. Ýagny dogan oglan diýseñem bolýar. Bu aydýanym gülkünç yada absurd görünip biler yone elimizdäki tapyndylar, fosiller we genetiki analizler şeýle diýýär.
6 лайков 219 просмотров
17комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
21 авг 2021, 18:30
Iki million ýyl mundan öñ maýmynyñ doganoglanyndan gaýdan nesil häzir añ düşünje tarapdan õsdi medeniýetleşdi emma maýmyn üýtgemedi şol durşy ewolýusia görä olaram azajyk ösmeli dälmi başga haýwanlaram şeýle
Şamuhammet
21 авг 2021, 18:42
Maýmyn adama meňzeş, ýöne adam maýmyndan emele gelen däl, şuny dogry belläp geçdiňiz!?
Ogulşirin Bayramowa
21 авг 2021, 18:42
Adam palçyjdan döredildi!
Ogulşirin Bayramowa
21 авг 2021, 18:44
Adam palçykdan döredildi!
Ogulşirin Bayramowa
21 авг 2021, 18:48
Ilkinji döredilen adam hem Adam atadyr!
Adam maymyndan döräpdir yalanyna hiçem ynanmadym ynanmanam!
Maksat
21 авг 2021, 19:00
Ogulşirin_Bayramowa,
Dogry ýöne palçyk diýmesek adam döredildi has dogrusy getirildi ýada şuña meñzeş ýöne maýmyna däldir bir döwür meñeş bolan bolmaklary mümkin ,adam Alla tarapyn nurdan döredildi diýip ynanýan menä
Şamuhammet
21 авг 2021, 19:51
Okayjy,

Sen Nurçylardan bolaýma!? (oýun edýändirin) ?
Halima_Oraztaganova
Автор 21 авг 2021, 19:59
Jeksparro,
??wai tekiz yerciler, togolok yerciler,endem tz akym nurchylar??hehe govy ekndai (mnem oynuñ bln degişyandirin)??
Şamuhammet
21 авг 2021, 20:09
Oraztaganova_,

degişme-dä meň bilen @Oraztaganowa, ?
Maksat
21 авг 2021, 20:23
Jeksparro,
Yok ýöne maýmynçam däl palçykçam meñem öz pikirim bar ewolýusýada birhili adamyñ öz gelip çykyşy bar,ýer barada entek pikirlenýän
Halima_Oraztaganova
Автор 21 авг 2021, 20:25
Okayjy,
???
Halima_Oraztaganova
Автор 21 авг 2021, 20:26
Jeksparro,
Iminno seyle diyenin uc dne inni sn bln degisjega???
Maksat
21 авг 2021, 20:29
Yer togalak bolsa näme üçin tekizçileñ pikiri käbir ýerde goldaw tapýa tekiz bolsa ýlym togalak diýýä çürt-kesik zat aýa baryp gelip bilenoklar òñ bardylara aýda duryp ine ýer diýip surat wideo esasanam köpçülikleýin habar beriş serişdeleri görkezse
Amalia
21 авг 2021, 20:36
Ogulşirin_Bayramowa,
hakyky palcykdan doran on bize taryhda mugallym aytdy
Amalia
21 авг 2021, 20:39
Allatagalla hemme zatdan adam yasaman zat sorapdyr bermandir in sonunda toprakdan soraya olam bor berjek yonr son yzyna ber diyya sol sebapdenem adamlar yere gomulya
Halima_Oraztaganova
Автор 21 авг 2021, 20:43
????
Maksat
21 авг 2021, 20:53
Ejesinin erkesi,
Yer üç perişdä toprak berenok dördünji perişde ezraýyl gelip alýa "Kysasyl enbiýa" Adam ata How ene bölümi