♡EJE, EŞIDÝÄÑMI?


Eje,
Eşidýäňmi ogluň sesini?
Gamsyz gezip ýörün Aşgabatda men.
Ýandak bilen ýakyp demir pejiňi,
Duluňa duwlanyp oturansyň sen.

Ýa jorapjyk örüp,
Ýa ýamak ýamap,
Unutjak bolýansyň gaýgyny-gamy.
Çyranyň peltesin galdyryp käte,
Diň salyp,
Uludan alýansyň demi.

Diňe pejiň şytyrdysy diýmeseň,
Gum-guklukdyr,
Bilýän,
Içeriň, eje!
Egsilen tüňçäni dolduryp garşy
Goýarsyň hemişe höwürdeş peje.

Kendirik çeýneýän kör syçan kimin,
Dyrmalar aýnaňy daşaryň ýeli.
Diwardan asylgy durandyr şindem
Kakamyň getiren kagyzdan güli.

Bilýän,
Gyňaç bilen çaňyny sylyp,
Kagyzdan ysymy alýansyň,
Bilýän.
Ukusyz gijeler,
Uzak gijeler
Hyýalyňda ýene ýanyňa gelýän.

Ýene Aşgabada uçar hyýalyň,
Ýene men barada gaýga gidersiň.
"Oglum aman bolsun,
Dik bolsun başy!"
Alladan dilärsiň.
Alkyş edersiň.

Men bolsa ernime sigar gysdyryp,
Billiard oýnamaga barýaryn baga.
Belki,
Soraýansyň häzir şo gülden
"Hany seni sansyz ysgadan çaga?
Hany, bu hütdügiň han ogly hany?
Indi uçurmazmy oglum batbörek?
Ýekesiräp,
Ýetim galaýmalymy
Yşkyny perzende siňdiren ýürek?"

Men bolsa ernime sigar gysdyryp,
Billiard oýnamaga barýaryn baga.
Şol kepbede sallançagy üwrelen
Näçe çyrçygyna çydalan çaga.

Şol tamda äleme inderdiň meni,
Şol kepbede açdym,
Eje,
Gözümi.
Ýadyňdadyr
Begendirip baharda
Ilkinji aýdyşym "Eje" sözüni.

Şol kepbede durjan-durjan bolup men,
Gujagyňa gollarymy geripdim.
Şol kepbede ýörjen-ýörjen bolup men,
Gapa çykyp,
Güne salam beripdim.

Indi adam boldum,
Alym boldum men,
Jorabym neýlondan,
Köýnegim kapron.
Bilýän egniňdäki serpaýyň seniň
Kakam giden ýyly tikilen nah don.

Indi adam boldum,
Alym boldum men,
Dogrudanam
Adammykam asylly?
Şu sowaly sorady aň ýürekden
Ýürek dymdy.
Ýürek aňdan basyldy.

Namys näme?
Gaýrat näme?
Ar näme?
Bu babatda akyl berip ynsana,
Sapak geçýän,
Makala-da ýazýan men...
Sowulýan şowhunly,
Ja:zly meýhana.

Piwodaky düwme-düwme köpükler
Birden gözýaşyňa öwrülýär, eje!
Men olary işdä bilen içýärin...
Ýene ýandak salýaň sen sowan peje.

Diwardaky aýnadan öz suratym
Gyňyr garap,
Degýär meniň degnama:
Alym bolsaň,
Aýt, eşdeli, han ogul,
Namys näme?
Gaýrat näme?
Ar näme?"

Eşidýäňmi, eje, ogluň sesini?
Agyr oýlar duşaklaýar ädimmi.
Senden uly sud ýok maňa,
Jogap ber:
Men adammy?
Men asylly adammy?

Atamyrat ATABAÝEW
2 лайков 118 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Şamuhammet
22 авг 2021, 07:39
Atamyrat Atabaýewiň ýatan ýeri ýagty bolsun... Gowy terjimeleri, goşgulary bardy...