Ýürekdãki Hasrat #1

Günem adatkysy ýaly dovam edip durdy. Ýöne ýaz paslynyń görküni görmane goz gerek. Tebigatyń janlanyşy göýã ãhli adamlara ýaşamana höwes ońa itergi berýãn ýalydy. Eýsemde nãme bolsun...
Hãzirki wagtda iş-güýçler diyibem ýönekeý zatlara ünsem berip duramyzokdyk. Meniń ýasayan umuman onüp-ösen, dogduk mekanyma gelip bir daş-töweregi synlasańyz we tebigatyń janlanyşyna bir ser aýlap göz gezdirenińde, içiñde göya şol zatlar tãzeden janlanýan durmuşyñ şolar ýaly gözelliklerini beren beýik ýaradana sarpañ hasam güýçlenýãn, onuñ döreden gudratyna haýranlyk bilen seredip durmak galýardy. Biziñ umumanam meniń çagalygym örãn kyn ýagdaýlań astynda geçdi. Kakamyñ men entãk 3-nji synpda aradan çykmagy ejemiń bolsa örãn agyr kesele duçar bolmagy hasam agyr günleriñ geljekdigini habar berýãn ýalydy. Heniz kakamyń ýasyndanam çykmankak ejemiñem bize erbet habary yetip gelipdi.
Hova...Biz Indi ÝETIMDIK...
Hem-de heniz men 9 ýaşymda agam hem 12 ýaşyndady. Bu kiçijek bedenim şol günleriñ hötdesinden nãdip döz gelip çykanyny hãzire čenli özümem bilemok.Umuman şeýle...
Ejemiń hem 7-si güni sadakasy gelipdi. Şol gün hem daýzalarym hem-de daýylarym umumy bir ýere toplanşyp meni we agamy nãme etmelidiklerini maslahatlaşýardylar. Belli bir karara hem gelip bilenokdylar. Ahyr aralaryndan Bayram daýym "ýekeje doganym Bibiniñ amanatlaryna eýe çykyp hem-de göz gulak bolup bilmesek dogan ne güne gerek"diýip bizi umuman bize eýe çykjakdygyny duýdurdy. Emma muny eşden gelindaýzamyñ gözleri hanasyndan çykaýjak bolýardy. Ol göni Baýram daýymyń ýanyna gelip ellerinden çekip ilerrãkde birzatlar diýýãr, arasynda-da sesi has batlyrak çykyp "Olar maña gerek dãl" diýen sesleri eşdilip, şol arada hem Baýram daýymyñ "Olar meniñ yegenim ahyryn" diýen sözlerem eşdilip durdy. Ahyr hem ol ýygnanşyk gutardy. Eziz kãbãmiń hem 7-si güni sadakasy tamamlandy. Biz agam bilen eşiklerimizi taýýarlaýar, birtarapdanam o gözel günleriñ geçen, umuman ejemiñ hemde kakamyñ hatyralaryndan doly öýden dogrusy ikimiziñem gidesimiz gelenokdy. Şol wagt işigiñ agzynda duran gelindaýzam "Hey ýerçekenler,öz 2 sany çagamyñ arasynda bular artykmaç, nãmesine gerekka 2 ýetimi saklajak bolup" diýýãn sözleri hãzire çenli ýatlanymda gulagymda ýañlanyp dur. Sebãbi şol gün bize ilkinji gezek ÝETIM diýilipdi. Dogrusy bary ýogy 9 ýaşymda ýetim diyen sozun manysyna hã düşünip duramokdym. Şonda gelindaýzam" Bolaýyña size garaşmana ýagdaýymyz ýok" diýip meniñ hemde agamyñ elinden çekeleşip alyp barýardy. Bu yagdaýa gonşymyz Alma daýzanyñ gaty nebsi agyran bolmaly " Agyz beytme,olarama ne gözel bendãñ çagalary ahyryn" diýip gygyrdy. Şol wagtda hem ýene gelindaýzam " Şeýle hövesli bolsañ sen alaý şu ne gözel bendãñ çagalaryny, maña gerek zat dãl bular. Al hana " diýip bizi ýere zyñyp göýberdi...
Dovamy bar...
Awtory: Oraztaganova_Halima
3 лайков 125 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Şeker
02 сен 2021, 21:19
Dowamyna garaşýas
#Ejekabe_M
02 сен 2021, 21:24
dowamy hacan
Halima_Oraztaganova
Автор 02 сен 2021, 21:25
Elbetde shu gun agshamrak goyaryn?
#Ejekabe_M
02 сен 2021, 21:33
Oraztaganova_,
tizrak goyada janim yatmakam :)
Döwlet Şöhradow
02 сен 2021, 22:41
Dalshe bolshe➡️?
S❤
03 сен 2021, 16:50
Gynancly