Ýürekdãki Hasrat #3
2-nji bölümiñ dovamy.
Men hem ýañy ýerimden turup ýetişmãnkam añardan daýym girip gelindaýzama " Nãma gygyryan?" diýip sorany şoldy welin, gelindaýzam "Olar aga bally bolşup gyzym Zyýadajygymyñ üstüne tas gyzgyn çaýy inderýãdiler, bilmãndirin. Birden zãhrãm ýarylaýdy, şondan gygyrypdym..." diýip bize töhmet atypdy. Men hem göni daýyma "Ýalan" diýjekdim welin, agam elleri bilen gerşimden tutup göýã "Doganjygym goý, sesiñi çykarma" diýjek bolýan ýalydy. Şonda Bayram daýym hem "Ýegenjiklem indiki sapara gaty seresaplyja boluñ . Geliñ indi birzatlar iyip-içeýliñ" diýip garaz bizi saçaga oturdypdy. Oturanyña oturanyñdy welin, gelindaýzamyñ gözleri ýenede göýã hanasyndan çykaýjak ýaly ýiti nazarlary bilen bize seredip durdy.
Aýi indi garaz bizi islemeýãndigini bize arkaýyn duýduryp durýardy. Umuman günlerimiz şeýle geçýãrdi. Günler-aýlary, aylar bolsa ýyllary kowalaýan ýaly wagtam şeýle tiz geçip durdy.
Arada şeýle bir waka boldy hiç ýadymdan çykanok. Daýyma tãze iş saparlary çykypdy we daýym hem şonuñ netijesinde 2-3 aý üçin başga ýurtlara iş saparyna gidipdi. Gelindaýzamada bahana bizden dynmana, daýymyñ giden güni bizi welaýatdaky ýetimler õýüne eltip gaýtdy we soñky sözünde hem "Siz ýetimlere ýaraşar, laýyk ýer yöne öý dãl, han-ha ýetimler öýi " diýip biziñ eşiklerimizden doly sumkalarymyzy ýere goýup, bizi hem şol howluda taşlap gitdi. Şol wagt biziñ daşymyza çagalar üýşmãne we "Bular kim" şeklinde bizlere haýranlyk duýgulary bilen seredip durdular. Ýa-ha olar her gelen çaga şeýle etyãrdiler, ya-da biz olaryñ nazarynda ejesi olary taşlap gitdi görnüşde seredýãndirler.Bilemok....
Aýi soñ şeýle bolandan soñ, şol ýetimler öyüñ başlygy ýüzi-gözi halawatsyz, hyýrsyz erbet bir zenan çagalara gygyryp "Açylyñ..! Bar oýnań nãmã bir ýere üýşüp dursuñyz" diýip gygyryp gelýãrdi. Soñ biziñ ýanymyza gelip başyny aşak egip, ãýneginiñ üstünden bize seretdi-de "Sizi bu ýere kim getirdi? Nirden we nãhili geldiñiz? Ejeñ ýada kakañ hany?" ýaly soraglary bermãne başlady. Men hem şol wagt nãdip aljyranymam bilmãn "Ejem we kakam ýok, olar öldi" görnüşde gödek we aljyraññy bir ses tonunda jog berdim...
Dovamy bar...
Awtory: Halima_Oraztaganova

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.