Ýürekdãki Hasrat #6

5-nji bölümiñ dovamy

Çünki Agam... ol yerde däldi. Düýpgöter hiç hili o ýere hem eltilmändi. Men muny duýanymda içimde harasatlar gopýan ýaly bolup durdy. Elimden gelse men bütin bir gün aglap hem oturardym. Umuman çäresiz biçäre bolup dolandym yzyma. Nirelerde bolup biler diýip pikirlendim öz ýanymdan. Birdende aklyma belki agam o ýere gelse mni görmese meni tapman gitse diýip göni Melegimiñ ýanyna ylgadym-da oña aglap hemde gygyryp:
-Meni o ýere ýagny Yetimler öýüne alyp gidiñ...Agam gelende hem eger meni gorüp bilmese...
Şol wagt Melegim meni gujaklap göýä öz çagasy ýaly bagryna basyp:
-Jerenjigim sen o zatlary pikirem etme agañ bu ýerlerde däl ol eýýäm okuvy üçin başga dövletlere ýagny daşary ýurda alyp gidipdirler welin, sondan soñ hiç birzatdan habarsyzlar, inni ol gelip bilmez ....
Men o zatlary eşdip öñküdenem beter gynandym. Bütin gije " Agam mna geljek diýipdi,ol hem meni ejem we kakam ýaly taşlap gitdi" diýip ýüregimdaki gynanç duýgusy ýigrenç duýgusyna öwrülip barýardy. Şol gün gijäñ ýary aglap uklap galypdyryn. Ertir ir bilen Melegim gelip turuzdy. Hal-yagdayymy sorady umuman meniñ hemde yagdayym bilen ýakyndan gyzyklanýardy. Şol günden soñ özümiñ bar ünsümi okuvuma berdim. Goya günler-aýlaryñ,aýlar bolsa ýyllaryñ yzyndan kowalaýan ýaly wagt hem tiz gecyärdi...
Inede men talyp boldum iñ uly arzuwum hasyl boldy. Şol günden soñ men känbir agam bilen gyzyklanybam durmadym. Ýöne ýüregimiñ bir gyrasynda hasratlardan doly bir bilesilegelçilik, näme bollyka duýgusy umuman aram-aram meni gaplap alýardy. Şeýdip geçdi 5ýylym...
Ahyr höwes eden kärimde,yagny dogtar bolup işe başladym. Ýañy ýañy işe başlanymda welin her gün işe gidenimde biri halys ünsümi çekip durýardy. Soñ bir gün şol adamy yzarlap gidenimde ol hem meniñ işleýän ýerime ýagny meniñ işleýän hassahanama girip gitdi. Menem haýranlyk bilen ony synlap yzarlamamy dowam etdim. Görüp otursam ol täze başmüdir eken. Soñ tanyslyk üçin hemmamiz toplandyk welin meni görkezip agras bir halda:
-Sen...kim sen. Meni şu gün işe çenli yzarlap gaýtdyñ. Näme üçin..? Hany bol jogabyña garaşýan...-diýeninde menem utanyp ýüzüm gyzaryp näme diýjegimi bilman aljyrap durdum...

Dovamy bar
Awtory-H_Oraztaganova

3 лайков 120 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
BTS
05 сен 2021, 16:06
dowamyna sabyrsyzlyk bilen garaşýan
BTS
05 сен 2021, 16:07
haçan goýjak
Halima_Oraztaganova
Автор 05 сен 2021, 16:26
Goydum
S❤
12 окт 2021, 22:03
Utananagom oglany yzarlamana