Ýürekdãki Hasrat #5
4nji bölümiñ dovamy :
Şol günden soñ diñe günler ejemiñ,kakamyñ we agamyñ hatyralaryny ýatlamak bilen geçip durdy. Ol wakadan 2 ýyl geçipdi. Ne gelýän, Ne gidýän bardy. Diñe arada diýmesek düýşime ejem girip "Gyzym sabr et" diýip başymdan sypap gidýärdi. Ejem düýsime giren günleri irden aglap turýardym. Beýleki çagalar howluda oýunlar oýnasa men bolsa howluda sol sekejegiñ üstünde agama garaşyp oturýardym. Ahyr gelmejegine hem gözüm ýetende-de ýenede bir umytdyr geler diýip şol gapyñ açylmagyna ejemiñ-kakamyñ we agamyñ içeri girip meni bärden alyp gitmeklerini, täzeden öñküsi ýaly agzybir bir maşgala bolmagymyzy göwnüme bolmasa her wagt arzuw edip oturardym. Ýöne bolmajagynam bilýärdim. Durmuş meni şeýle bir aglatdy, şeýle bir zatlar görkezdi welin, içimdäki çagalyk duýgusy ýetip giden ýaly boldy. Kim näme diýse diýsin sesimi çykarman ýene şol sekejegiñ üstünde oturyp, gujagymda ejemiñ öz elleri bilen örüp beren gurjajygyny alyp dymyp oturardym. Gijelerine bolsa ýene şol gurjajygym bilen gepleşer onuñ bilen derdimi paýlaşar soñam aglap uka giderdim. Ýene seýle günleriñ hem birinde men sekejekde otyrkam ýanyma bir nätanyş adam bilen bir zenan golaýlaşdy-da maña "Seniñ adyñ Jeren eken, gör nähili owadan adyñ bar eken. Hana gözle Jerenjik sana owadan-owadan eşikler, owadan owadan gurjaklar, oýunjaklar aldyk" diýdi. Men hem şol wagt "Siz kim bolýañyz?" diýip ýuwaşjadan soranym şoldy welin añardan ýene şol ýüzi-gözi hyýrsyz zenan elinde meniñ eşiklerimden doly sumkalary getirip sekejegiñ üstünde goýdy-da "Olar seniñ täze maşgalañ indi sen bärden dynnyñ olar bilen ýaşarsyñ..." diýdi. Men ilki añka-tañka bolup galdym hiç zat diýibem bilmedim dogrusy. Soñ birden aklyma agamyñ "Gelerin..." diýen sözleri aýlanyp başlady we men hem şol bada gurjagymy gujaklap "Ýook... Men gitjek däl" diýip aglamana başladym. Ýañky gelen nätanyş zenan bolsa sypaýylyja bolup meniñ ellerimden tutup "Diñle Jerenjik.. Sen häzir biz bilen gelseñ seniñ agañ alyp gidilen ýetimler öyune biz bile gidip agañam alyp bileris" diýdi. Men hem göni ýerimden turup begenip "Ýöri onda näma garaşýas...:)" diýip şonça wagtdan soñ ilkinji gezek ýylgyryp begenip durşymdy. Soñra biz maşyna mündük we olaryñ öýüne bardyk. Men olaryñ öýlerine baranymda olaryñ öýleri örän owadandy. Içinde seniñ ýerine işleri edyän, baranyñda hem gapyny açýan adamlary bardy. Men hem gapydan girenim şoldy welin "Hany haçan gitýäs,agama...ol nirede eken..?"diýip soraglar bermäne başladym. Soñra ol zenan eliniñ aýasy bilen meniñ ýañaklarymdan tutup " Sen hemişe ýylgyr, ilki bilen men Näzli. Ýa-da maña näme diýmegi özüñe ýakyn görseñ şony diýip bilersiñ. Häzir bize saçak taýyndyr. Gel iýip-içeli agañam nesip edenden ertir görmane ýada ony ertir almana gideris" diýdi. Menem şol wagt örän begendim. Şonça wagt soñ ol maña duşan ilkinji iñ govy iñ mähirli adamdy. Elimde bolsa men oña içimden melegim diýesim gelýärdi. Dogry...Onuñ melekden diñe ganatdanlarynyñ ýoklugy bilen tapawutlanýardy. Soñ menem "Bolýar" diýdim we soñ biz saçaga bardyk. Saçakda näme isleseñ bar. Tort, kekslar,şokaladlar her dürli çaýlar isleseñ şerbetli suwlar. Umuman näme islesem etmäne taýýardylar. Ýöne men sesimi çykarmadymda bolanymdan soñ saçakdan turmakçy bolanymda oña "Size mümkin bolsa Melegim diýaýyn?" diýip utanjyñlap soradym. Şol wagt hem ol "Elbetde Jerenjigim " diýip meni gujaklady. Soñra men hem ýene "Meniñ otagym barmy? Eger bar bolsa görkezagañ çaltyrak uka gitjek welin caltyrak ertir bolar ýaly"diýdim. Şol wagt Melegim ýylgyranda göýä Käbämiñ ýylgyryşy ýadyma düşdi. Umuman şol gije dañ atyp bilmedik ýaly garasylyan pursat zordan-zor ýetdi. Biz maşyna münüp agamyñ alyp gidilen ýetimler öyüne baranymyzda şol günki begenjim:gam-gussa, öñküdenem beter ýüregimdaki hasrat güýçlenmäne başlady çünki AGAM...
Dovamy bar
Awtory:Halima_Oraztaganova

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.