Suw baradaky faktlar
Eger adam iýmitlenmän 50 gije gündizläp ýaşap bilýän bolsa suwsuz 5 günden köp ýaşap bilmez. Organizmde 10 göterimden köp suwuň ýitirilmegi öziňi ýaramaz duýup başlamaga mejbur edýär. 20 – 30 göterim suwuň ýitirimegi bolsa soňy köp halatlarda ölüm bilen gutarýar.
Biz her ýyl öz bednimiziň agramyndan 5 esse köp suwy öz üstümizden geçirýäris. Adam ýaşan döwrinde örtaça 25 tonna suw içýär.
Suw adamzadyň ýaşaýşynda uly rol oýnaýar. Uly ýaşly adamyň bedeniniň agramynyň ýarysyndan gowragy suw. Çaga dünýä inensoň onyň organizmindäki suw 77 göterime çenli azalýar. Adam kämillik ýaşyna ýetensoň onuň organizmindäki suwuň azalmygy belli bir derejä baryp durýar. Suwuň mukdary 18 ýaşdan 50 ýaş aralygyndaky erkek adamlarda 61 göterim, aýallarda bolsa 54 göterim bolýar. 50 ýaşdan soňra adam organizimi ‘guramak’ bolýar. Onyň düzümindäki suw gitdigiçe azalýar.
Adamyň bir gije gündizde sarp edýän suwy 2.5 litre golaý ýöne bu san adamyň bir gije gündizde 10 bulgur suw içmelidigini aňladanok çünki biziň sarp edýän suwumyzyň bir bölegi iýmitde bolýar. Başga bir bölegi bolsa organizmde beloklaryň ýaglaryň hem-de uglewodlaryň dargamak prosesinde emele gelýär. Mysal üçin 100 gram ýagyň okislenmegi netijesinde 107 ml suw , 100 gram uglewodyň okislenmegi netijesinde 55 ml suw emele gelýär.
Suwuň iň köp jemlenen ýeri Ýer gatlaklarydyr. Ýerasty suwlaryň mukdary dünýä ummanlaryndaky suwuň mukdaryna (1.3 milliard kubometre barabar) has uly çuňlyklarda bolsa 10 -12 esse köp (takmynan 13-15 milliard kubometr)
Suwuň ähli zady eretmek ukyby dünýä ummanlaryny himiki elementleriň jemlenýän ýerine öwirdi. Häzirki döwirde mälim bolan elementleriň 70 den gowragynyň suwuň düziminde bardygy ýüze çykaryldy. Ummanyň 1 kub metr suwunda 5.5 – 5.7 gram altyn bar, göräýmäge bu ujypsyz zat emma bu dünýä umman suwlarynda 8 milliard tonna altyn bar diýmekdir.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.