Nasi Germaniýasy uruşda näme üçin ýeňildi ?

Nasi Germaniýasynyň birinji jahan urşyndan razy bolman, wersal şertnamasyna kaýyl gelmezligi we iň soňunda-da Polşa çozmagy bilen başlaýan ikinji jahan urşunyň soňunda-da Germaniýa ýeňildi. Indi näme üçin ýeňildi ?
Nasi Germaniýasynyň ýeňilmegi barada köp zatlar paýlaşyldy.
Umuman Germaniýanyň goýberen ýalňyşlary köpdi. Iň başyndan Sowetlere çozmasy bir ýalňyşdy. Şuny unutmaň, Germaniýa uruşda uly sebäplerden däl, kiçijek zatlar üçin ýeňildi. Umuman Germaniýa Dünýä uruş açypdy. Faşizm Ýewropany gabap başlapdy. Şo sebäpli kapitalist Amerika kommunist Sowetleri goldalamaly boldy. Bolmasa Amerika kommunizmi hijem goldanokdy.
Germaniýa uruşyň soňunda meýdanlara tank ýetişdirip bilenokdy. Çykýan Tiger-1 tanklary Sowetleriň T-34 tanklaryndan gaty güýçlidi. Ýöne olaryň çykmasy gaty köp wagt alýardy, we döwülse hijem oňaryp bolmaýardy. Çykan tanklaram iki tarapa ýetişdirilmeli bolýardy. Ýagny hem Amerika tarapa hem Sowet tarapa. Eger Amerika uruşa girmedik bolsa onda nemesler belki uruşy gazanmaklary ahmaldy. Ýöne Ýaponiýanyň Pearl Harbor çozuşynda Amerikany uruşa goşmagy Faşist döwletleriň ýüküni agyrlaşdyrdy.
Germaniýa Stalingrad urşunda-da ençeme kiçi ýalňyşlar goýberipdi. Bu ýalňyşlaryň çeşmesem Gitlerdi. Bilşimiz ýaly Gitler diňe öz diýenini gögertýärdi. Birem nemes halkynyň uruşjaň ruhy çöküpdi, 5 ýyllyk uruşyň ýadowlygy, yzygyderli şowsuzlyklar esgerleriň keýpini doly bozupdy.
1 лайков 273 просмотров
49комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
12 сен 2021, 19:31
Gitler ilki Aziya cozan bolanda, Turkmenistanda hem urus alnyp barlan bolanda nahili bolardy?
Leyli Amanowa
12 сен 2021, 19:36
Men nemeslerin yenmesini isleyan
Hanguly
Автор 12 сен 2021, 19:41
Nairobi,
Tembol ol Aziýa girdä, Türkmenistan tembol uruşyň içindedi. Sebäbi ol wagtlar Türkmenistan SSSR-e baglydy. Eger SSSR basylyp alynan bolsa Türkmenistanam basylyp alynardy, we bizem SSSrR düşünjesi dälde Nasi režimi bilen ýörärdik. Türkmenistanda aslynda her ýyl uruşa adam ugradylyp durdy.
Hanguly
Автор 12 сен 2021, 19:41
Nairobi,
Sebäp näme ?
Maksat
12 сен 2021, 19:45
Owganystan urşa bitarap galdy. Eyranam sssr bn ylalaşdy we 42ýyldan uruş gutaryança sowet esgerleri eyranda boldy. Belorus Ukrain frontundan soñ üçinji front aziyada açylmalydy.
Hanguly
Автор 12 сен 2021, 19:51
Bayker,
O nähili uruş gutarýança sowet esgerleri Eýranda boldy ?
Maksat
12 сен 2021, 20:02
Wlad,
Ryza şa nemes faşistleri ikelläp goldayardy. Bu yagday faşistik Germaniya garşy uruşyan döwletleri, şol sanda sssr hem Eyrana goşun bölümlerni girizmàge mejbur etdi.
Maksat
12 сен 2021, 20:21
Gylyç Kulyyewiñ Harasatly Kabul kitabynda sssr guşunynyñ eyranda bolmagy giñişleyin aydylyar
Leyli Amanowa
12 сен 2021, 21:03
Gylyc Kulyyewin Gara Kerwen romanyny okamson, menem inlislere tabyn bolsalar gowy bolardy dp pikir etdim.
Leyli Amanowa
12 сен 2021, 21:05
Wlad,
Bilyan turkmenlen ursha gatnashanyny (men taryh olimpiadacydym). Sebabi kop. Yazmaga yaltanyan. Icim gysan wagty yazjak
Hanguly
Автор 12 сен 2021, 21:22
Nairobi,
Iňlislere tabyn bolsadyk aňsat-aňsat garaşsyzlyk alyp bilmezdik, iňlisleriň hindilere eden zatlaryny, gozgalaňçylary topuň ujyna daňyp atyp öldürmelerini ýatdan çykarmaly däl, olara şeýle gozgalaň etdi. Biziňkiler bolsa gozgalaň döretmediler, sebäbi sowetler agzybir saklapdy, aç-hor etmändi. Umuman bu barada köp pikirlenmek gerek
Rovshen
12 сен 2021, 21:28
Wlad,
Senki dogry
Şamuhammet
12 сен 2021, 21:37
1-nji aýtjagym. Germaniýa basyp alan bolsa bilmedim welin biziň köpümiz ýaşamazdyk. Sebäbi Gitleriň plany basylyp alynan ýerleriň ilatlarynyň çagalarynyň ýumurtgajyklaryny biçmekden ybaratdy. Şeýdip nesilleri zürýatsyz goýmakdy...
2-njidenem Germaniýa bizi basyp alan bolsa Iňlisleriň we fransuzlaryň we ş.m. kolonistleriň basyp alan ýerlerini terk edip yza çekilişleri ýaly iru-giç Germaniýa hem yza çekilerdi... Netije bolsa yza galaklyk bolardy.
Ýöne funksiýa Germaniýanyň ýörediş äheňinde bolsa türkmenleriň aň-düşünjesi häzirkiden bir az bolsa-da tapawutlanardy. Iň bolmanda gündelik iýip-içgidäki norma, gün tertibi, pylança sagat işlemek, pylança sagatlap gyzykly zada wagtyňy sarp etmek, durmuş ýörelgesi diňe wagta, sagada görä bolardy...
Häzirki döwür türkmenleriň iýip-içişleri tüweleme öňündäki naharly tabagy boşatman turanoklaram. Iýip-içişleri hem agyzlaryna dykyp, ýürek-bulanjy iýip-içýärler. Ondan norma görä iýilip-içilse gowy... Türkmenleriň doýdum-doldumynyň ýokdugy belki şol sebäpdendir. Onsoň bu basgançak galýar-da ýokarlygyna baryberýär...
Maksat
12 сен 2021, 21:41
Gara kerwen esasan iñlis razwedkaçy Çarlz Forster barada. Ol türkmenlerem owganlaram gaty pes hasap edyär. Ol razwedkaça edere iş yok garşysyna göreşere adam yok
Şamuhammet
12 сен 2021, 21:43
Onsoňam Germaniýanyň ýeňilmegine diňe tanklaryň gelip bilmezligi ýaly zatlar däl-de orslaryň aňzakly gyşy we at aýak garynjalary ýaly ýöräp gelýän nemesleriň öňünden balotanyň çykmagy, balotadaky ýitgiler, birem garşylaryna oýlanyp tapylan katýuşa ýaly tehniki güýçleriň bolmagydy.

Eger Gitler günbatardaky ýaranlygy Ýaponiýa bilen agyz birikdirip çozuşa geçen bolsa-dy SSSR gürrüňsiz basylyp alynardy. Gitler günbatardan, Ýaponiýa Gündogardan birbada çozup giren bolsa-dy onda Sowet Soýuz ysgyndan gaçardy. Emma Ýaponiýa Günbatarda Koreýa we Hytaýa çozup giripdi.
Maksat
12 сен 2021, 21:46
Şonuñ üçin ol romany okan adam ol polkownigi yigrenmän gayta gowy görýär. Ol baş personaž.
Şamuhammet
12 сен 2021, 21:48
Ýöne näme bolsa-da Sowet Soýuz iňlisler bilen Germaniýa garanyňda türkmene ýakyn durdy. Olaryňam ýüzüni öwmeli däl welin Iňlisler bilen Germaniýadan haýyrly orslar...
Leyli Amanowa
12 сен 2021, 21:54
SSSR bize yakyn duranmysh ?.
Ey turkmen orslar sen medeniyetine intelligesiyana ekerancylygyna maldarcylygyna hemme zadyna palta urdy.
Şamuhammet
12 сен 2021, 22:15
Nairobi,
SSSR bize yakyn duranmysh ?.
Ey turkmen orslar sen medeniyetine intelligesiyana ekerancylygyna maldarcylygyna hemme zadyna palta urdy...


Men ýokarda orslaryň ýüzüni ýuwmaklygyň gerek däldigini aýdypdym. Orslaryň eden zatlaryny şu ýokarky komentariýaňda ýazmanyňda-da bilýärin...
A iňlisler bilen Gitler ýüzüňden sypalap geçerdilermi!? Gaýtam olar başga-da iki esse gyrgynlyklary ýetirerdi.
Şamuhammet
12 сен 2021, 22:16
Nairobi,

Men obýektiw pikirlenmegi orta atýaryn...
Leyli Amanowa
12 сен 2021, 22:23
Jeksparro,
pikirlen diyme. Nerwim oynap dur bir samsyga
Hanguly
Автор 13 сен 2021, 01:08
Jeksparro,
Şu aýdanyň dogry, umuman nemes halky ýaly bolardyk biraz
Hanguly
Автор 13 сен 2021, 01:09
Jeksparro,
Munyňam dogry, umuman Ýaponlaryňam ýalňyşan ýeri bar. Ýaponlar gaty uruşjaň millet, ilki Amerika dälde Sowetlere giren bolsady nemeslerem bir tarapdan giren bolsady iki gola ýetişmek aňsat bolmazdy we Sowetler çökerdi. Sowetleriň çökmegi bilen iňlisleriň daýanjak köp güýji galmazdy.
Hanguly
Автор 13 сен 2021, 01:11
Jeksparro,
Hawa, sebäbi ruslar serýozny millet, garşysyna çykany oka düzýäler, ýöne yly bilimi bermedimi bize ? Owganlar ýaly bolmakdan halas etmedimi bizi ? Umuman Sowetlere sagbolsyn aýtmaly käbir ýerde
Hanguly
Автор 13 сен 2021, 01:12
Nairobi,
Iňlisler we nemesler gelen bolsa näme ederdi ? Olar oturyp seň emlägiňi sanapjyk saňa bererdimi ? Ynan iňlisler bizi asyp keserdi alan bolsa
Leyli Amanowa
13 сен 2021, 10:39
Wlad,
nemesler naderdi?
Leyli Amanowa
13 сен 2021, 10:41
Bayker,
Hawa Forsteri menem gowy goryan.
Maksat
13 сен 2021, 10:48
Nairobi,
Maldarçylyga palta urdy diyipsiñ eger palta urmak çopanlaryñ eliniñ uzadan yerine yetmegi bolsa çagalarny yokary okuwda okadyp bilmek bolsa tapawutlananda medal bn sylaglanmak bolsa howa palta urdy
Leyli Amanowa
13 сен 2021, 10:55
Bayker,
1928-1933nji yyllarda dowarlaryn yarysyndan gowragy gara mallaryn 3den ikisi gylyallaryn 3den biri duyelerin 4den biri gyryldy. Muna garamazdan donuzdarcylyk fermalary acylyp, birtopar cykdayjy cykaryldy. Atlaryn tohumcylygy zayalandy. Leypsig yarmarkasynda altyn medala eye bolan garakoli baganalarymyz emeli usulda tayyarlanyp tohuma zyyan yetirildi. Turkmenin gadymy seyisciligi duyedarcylygy batdy. Pagta meydanlaryna derman sepilip, dermanlaram yabyn suwuna dusup, shol suwdan gyrlan mallaram bir yanda bar. Yene name gerek sana
Maksat
13 сен 2021, 10:56
Yenede 1970ýylyñ 1nji yanwaryndaTSSR de 4.4mln goyun bardy iñsoñky tehnikalar bolupdyr. Yaşululardan eşidenlerim birem. Sprawoçnik owsewoda dp kitap bar. Men özüm çopan ata babam çopan kakamam barsy bayraklar alyp gezen. Men näçe üstünlik gazansamam uly bayragym gazede çykdym. Ondan okuwa giren bolsam gowy bordy men instituta doly girmäge mümkinçiligi ret etdim çopançylygy yöretmek un diyäyme ýöne men göwün soyen kärimi etmejek bolsam oksfordy gutaramda näme.