Ýüküm... SÖÝGI#2
Uzak – uzak ýollary külterläp, kerwen bolup tirkeşip gelýän mähnet ýük
awtoulaglaryň biri erbet silkindi-de haş – haşlap togtamak bilen boldy. Onuň
öňünden hem yzyndan bile barýan ýoldaşlarynyň biri – ikisi togtady... Ulagyndan
böküp düşüp, onuň ýanyna gelen sürüjiler awtoulagy birlaý gözden geçirdiler, o
ýerine – bu ýerine seredişdiler. Ölçerip – döküp maslahat etdiler. Has öňden
barýanlar bilen telefonda habarlaşdylar... Dogurdanam, şikes çynlakaýdy...
Mähnet ak “Wolwa” eýesi bilen ýoluň gyrasynda galmaly boldy. Beýlekilerem
ýuwaş – ýuwaşdan gitdiler... Osman ugrap barýan ýerinden ýolda galmaly bolan
ýoldaşyna göwünlik berýärdi:
- Temirbek, gaýrat et, garaş. Garaş,gardaş! Habarlaşar durarys...
Yzdakylaram ertir däl-de birigün şu ýere gelip ýeterler, belkäm, gerek şaýyň olarda
bardyr. Bolmasa –da bäş – alty gün bize garaşmaly borsuň...
- Sag bol, gardaşym... Ýoluň ak bolsun. Garaşaryn...
Köp ýyl bäri bir ýurtdan başga bir ýurda, bir ilden başga –başga illere aşyp,
“Wolwasy” bilen ýük daşaýan Temirbek bu uly ýoluň ýakasyndaky türkmenobasynyň deňesinde, çaklaňja awtoduralgada munça günläp ýatmaly bolaryn
öýtmändi. Nätjek –dä, üsti ýükli bu äpet ulagy tirkäp äkidibem boljak däl. Gerek
şaýlar sargaldy, ýöne olar gelip ýetýänçä... “Gelip ýetýänçä garaşmaly dost, başga
alajyň ýok” – diýip, Temirbek öz – özi bilen ylalaşýardy... Temirbekiň gyşyň
aýazly günleri bäş – üç gün dag ýollarynda galan wagtlaram bolupdy. Ýone indi
welin türkmeniň jöwzaly tomus günleriniň epgegi onuň jahyl bedenini hem
kalbyny synagdan geçirýärdi, taplaýardy... Ol awtoulagyna dümtünip
ýadanyndan soň ýoluň gaýra ýüzüne, oba tarap geçip, ol ýerdäki täze tanşy
Berdimyrat dükançynyň ýanyna barýardy.
...Töwerekde mal bakýan oglanjyklaram onuň ýagdaýyny ata – enelerine
gürrüň berendirler – dä, olar günde – günaşa diýen ýaly Temirbeke agaran bilen
çörek getirip berýärler. Bu mylaýym duýgudaşlyk oňa öz obasyny ýatladýardy.
Çagajyklara pul uzatsa “ Gerek däl. Sag bol daýy” – diýip, gidiberýärler... Ynha,
gadymy ata – babalarynyň ýurdy ony şeýle ýeňillik hem ýakynlyk bilen özüne
imrindirýärdi. Oňa garry atasy oglanka “ Oglum, türkmenler biziň däde –
babalarymyzdyr” diýerdi. Ol öz ene diliniň kökleriniň şu ýerlerden
başlanýandygyny – da bilýärdi. Şonda–da ol oňarsa – oňarmasa öz türk şiwesini
türkmençä has golaýlaşdyrjak bolup, azara galýardy, çagalar bilen has düşünikli
dilde gürleşjek bolup jan edýärdi: “ Babaňa – enneňe bizden salamlar aýdyň. Allah
olardan razy bolsun, bala!” ... Ol heňiz ömründe bir saparam düýe çalyny içip
görmändi. Agarany welin dadyp görmäge –de çekinýärdi. Berdimyrat dükançynyň
ýanyna baryp:”Muny nädip iýmeli?”- diýip, soranynda, ol onuň elindäki tegelek
çörekden bir döwümi bölüp aldy – da şakäsedäki gatyga batyryp:
- Muny, ine şeýdip iýerler,dost – diýip, agzyna okalady. Temirbekem onsoň
onuň hereketini gaýtalady:
- Şeýlemi?...
Gatykly käse boşanyndan soň, doga okap, düýäniň piri Weýis baba degsin
etdiler.
- Sen garnym agyrar öýdüp, alada galyp ýörmegin. Il gaýtam aşgazany agyrsa,
şu zatlary iýip gutulýar. Lukman Hekimden ölmeziniň öň ýany “Siz gitseňiz,
mundan beýläk biz sizsiz nädip oňarys” diýip, soranlarynda aýtmandyrmy näme...
- Ne söýläpdir,abi?! – diýip, Temirbek gyzyklanýardy.
Berdimyradam gepi süýjütjek bolup, eýläk – beýläk ýöräp, barmagyny ýokaryk
çommaldýar:
- Bilýäňmi näme diýipdir?
- Ne söýlemiş, abi?
- ...Ol aýdypdyr: ” How, türkmenler.Siz nämäni gaýgy edýärsiňiz...Siziň
düýäniz bar ahyryn.Men gitsemem düýe galýar ahyryn”diýipdir.
- Maşalla! Wah ,bizde şimdi düwe ýok, äbi...
- Düýe ýok?!Baý-bow...
- Bolsa-da azdyr...Men gideýin,abi.Sag bol.Gideýin öz „düwämiň” ýanyna...
Ol hakykatdanam ýaban çöken düýe ýaly näçe gündür gymyldaman ýatan
awtoulagyna tarap dolandy.Goýy göm – gök iňrik göýä –umman ,haýbatly awtoulagam ak gämi ýalydy.Onuň üstünde meýdan kepderiler uçuşup-gonuşup ýörler... Temirbek gök deňizli Türkiýäni, dogduk diýaryny ýatlap ýylgyrýardy...

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.