Ganatlar arzuwymda

Bir awçy tokaýda we meýdanda aw awlamagy gowy görýärdi. Bir gezek ol beýik daga çykyp, haýwany yzarlap, halys dynç almak üçin uly daşyň üstünde oturdy. Bir belentlikden beýlekisine uçýan guş sürüsini görüp, pikirlenip başlady: "Näme üçin Hudaý uçup biler ýaly adama ganat bermedi?"
Şol wagt ýeke özi gezmeläp ýören bir adam şol ýerden geçip barýarka, awçynyň pikirlerini bilip, oňa şeýle diýdi:
- Hudaý saňa ganatlary bermedi diýip oýlanýarsyň; ýöne saňa ganat berilse, sen şonda-da kanagatlanmarsyň we: "Ganatlarym ýeterlik güýçli däl, men ol ýerdäki zatlary görmek üçin asmana uçup bilemok" diýersiň.
Saňa şeýle güýçli ganatlar berilip, asmana göterilip bilseňem, sen ýene-de özüňi bagtsyz duýarsyň we: "Bu ýerde näme bolýandygyna düşünemok" diýersiň.
Saňa düşünje berlende-de, ýene kanagatlanmarsyň we: "Näme üçin men perişde däl?" - diýersiň.
Eger seni perişde etseler, sen ýene bagtsyz bolup we: "Näme üçin heruwim däl?" - diýersiň.
Heruwim bolsaň, onda sen: "Näme üçin Hudaý maňa asmanyň üstünden höküm sürmegine rugsat bermedi?" - diýersiň.
Asmany dolandyrmak saňa berlen bolsa, şonda-da kanagatlanmarsyň we başgalar ýaly batyrgaýlyk bilen has köp zat gözlärsiň. Şonuň üçin sen elmydama kiçigöwünlilikli bol we saňa berlen zatlardan razy bol, şonda sen Hudaý bilen ýaşarsyň.
Awçy geçip barýan adamyň hakykaty aýdandygyny görüp, monah ýolda duş gelenine we oňa kiçigöwünlilik üçin ýol açany üçin Hudaýa şükür edip, hoşal bolup, minnetdarlygyny bildirdi
1 лайков 91 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Serdar
22 сен 2021, 11:48
+++++++