Läbikli ýanardaglar
Gojaman Hazaryň tutuş kenarynda ýurduň çägindäki iň gadymy geologik döremeler – läbikli ýanardaglar hereket edýärler. Onlarça, ýüzlerçe million ýyl mundan ozal bu ýerde ýerasty harasatlar bolupdyr.
Olardan läbikler we gazlar, köplenç gyzgyn suwly we nebitli läbik çogup çykýar. Günorta-Hazar oýunda olaryň iki ýüzden, Günbatar Türkmenistanda otuzdan gowragy bar. Hereket edýän läbikli ýanardaglar hemişe üýtgäp duran geologik obýektlerdir. Olaryň läbigi 10-15 kilometr çuňlukdan çykýar.
Günbatar Türkmenistanyň läbikli ýanardaglaryny ençeme ýyl öwrenen geologlar A.A.Alizade bilen N.O.Nazarow olaryň şu sebitiň nebit-gazlydygynyň gytaklaýyn subutnamasydygyny aýan etdiler.
Günorta-Günbatar Türkmenistanyň ýanardaglary uzynlygy 300 we ini 100 km çenli aralykda ýerleşýärler. Günortada Esenguly äherçesinden başlap, Çelekende (Hazarda) gutarýar. Ondan aňry deňizden Apşeron ýarym adasyna tarap gidýär.
Geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň doktory W.N. Holodow millonlarça ýyl mundan ozal bu ýerde çuňlugy 10 km golaý oý döräpdir diýýär. Toýundyr çägäniň üstüne suw goşulyp, ol herekete gelýär we ýanardag döreýär.
Takmyn 10-12 million ýyl mundan ozal tutuş Türkmenistanyň we golaýdaky ýerleriň meýdanyny tutan äpet deňiz kiçelip ugraýar. Netijede Keýmir-Çekişler sebitinde Gaýnag depe, Çekişler, Akpatlawuk, Tüýnükli, Kaliskiý, Keýmir, Porsy ýanardaglar topary döreýär. Olar dünýä derejeli tebigy ýadygärliklerdir.
Çekişlerden demirgazykda «göçegçi» ýanardag bar. Ozal ol kenardan 150-200 metr deňizdedi, indi ol gury ýerde.
Düz ýerden 150 metr ýokary galyp duran Gökpatlawuk ýanardagy Keýmir-Çekişler sebitiniň demirgazyk toparyna girýär. Onuň çökündi gatlagyndan çen tutsaň, ol iki gezek ýerini üýtgedipdir.
Boýadag ýaly owadan tebigy ýeriň deňinden geçip bolmaýar. Onlarça kilometr uzaklykdan Garaburun dagy göze ilýär. Boýadag gaýalary goýy gyzyl-goňur reňke boýalandyr.
Boýadagdan läbikli ýanardaglar Balkanabadyň üstünden Çelekeniň günbataryna çenli barýar. Bu ýerde Alygul ýanardagy atylyp çykýar. Galany Günbatar Porsygel we Gülgüne Porsygel krater kölleridir.
Dünýä belli alym I.M.Gubkin Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň läbikli ýanardaglaryny öwrenip, nebit känini bir wagtlar bu geologik obýektler bolan ýerlerden gözlemelidigini ýüze çykarypdyr. Häzirki wagtda Günbatar Türkmenistanyň ýanardaglarynyň ählisiniň töwereginde tebigy baýlyklaryň çalt depginli özleşdirlmegi tötänden däldir.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.