Türkmenistanda adatdan daşary sowuk howa garaşylýar

Türkmenistanyň hemme ýerinde adatdan daşary sowuk howanyň bolmagyna garaşylýar. «Meteojournal» habar gullugynyň habaryna görä, 9-njy ýanwarda ýurduň demirgazygyna, 10-njy ýanwarda bolsa günorta sebitlere sowuk howa akymy aralaşar.

Käbir sebitlerde howanyň kadasyndan 10 — 16 dereje pes bolmagyna garaşylýar. Şeýle sowuk howa ýanwar aýynyň ikinji ongünlüginiň ortalaryna çenli dowam eder.

Demirgazykda 15 — 20 gradusa çenli, käbir ýerlerde -20 gradusa çenli aýazly howanyň bolmagyna garaşylýar.

Çeşme, hatda günortada (günorta-günbatardan başga) iň pes temperaturanyň -10 gradusdan hem pes boljakdygyny çaklaýar.

Mundan ozal, Russiýanyň Ýewropa çäginden we Gazagystanyň günbataryndan işjeň hereket edýän Arktikada howa akymy sebäpli, yssy günlerden soň Türkmenistanda ýiti sowuklyga garaşylýandygyny habar beripdik.

Çeşme: türkmen portal
6 лайков 160 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ahmet
Автор 08 янв 2023, 05:26
Makalaň asyl nusgasyny "şu ýerden"okap bilersiňiz.
Kerbaba
08 янв 2023, 05:36
Гар я ягыш ягжакмыка?
Ahmet
Автор 08 янв 2023, 05:37
https://turkmenportal.com/tm/blog/56384/turkmenistanda-adatdan-dashary-sowuk-howa-garashylyar
Ahmet
Автор 08 янв 2023, 05:38
Telefonumyň pogodasynda ýagyş bar. Häzir skrin goýaýyn.
Mechta
08 янв 2023, 07:48
Kop sagbol yetirenine
GuljemilE
08 янв 2023, 15:52
Bizda naçe gun yazyn hovasy bolly,bugunem gar gatyşykly yagyş yagya