Ateist we musulmanyň gürrüňi

A= M=Musluman
M: Sen näme Allaha ynanaňokmy?
A: Gurhan we hadyslary okadym, biri-birine ters, çatak düşýän ýerleri köp. Bu bir ýaradanyň kitaby bolup bilmez.
M: Onda bu älemi kim ýaratdy?
A: Älemiň ýaradylandygy barada ýekeje-de subut ýokdur. Ýöne ylmy teoriýalar bar. Bilim muňa düşünmek we düşündirmek üçin delil ýygnaýar, bilim mydama gözlegde.
M: Bu ajaýyp sazlaşyk tötänden döredi diýýäňmi?
A: Bu sazlaşytk ajaýyp däl. Yzgiderli ýyldyzlar sönýär, garadeşikler planetalary we ýyldyzlary ýuwudýar, asteroidler planetalary oka tutýar, 65 milýon ýyl mundane ozal dinozawrlar bir asteroid sebäpli ýer ýüzünden ýok bolup gitdiler. Tötänden ýaşap ýörüs, haçan bu ýerde ýaşaýyşyň gutarjagyny bilip bilemzok.
M: Ýeri sen adamyň organizimini göreňokmy? Seň ewolýusiýaňa görä belki-de gözümiz kellämizde däl-de belkem g*tümizde bolardy.
A: Ewolýusiýa barada haýsy kitaplary okadyň, bu barada name bilýäň?
M: ...................................
A: Mendeli okadyňmy? Genetika ýa-da biologiýa barada näme bilýäň?
M: ...................................
A: Bilmeýän mowzugyň barada piker ýöretme!
M: Ewolýusiýa görä gözümiz ýeňsede bolardy ýa-da köp ulanylany üçin jynsy organymyzam 70 metre barardy )))
A: Ýok bolmazdy. Genetika bilimine az-owlak düşünýän bolsadyň bu zatlary diýmezdiň. Mysal üçin, genetikler ABŞ-da geçilere möýüň genini ornaşdyrdylar we bu geçilerden möý kerebi aldylar. Ençeme keseliň çäresini genetika bilimi saýasynda tapýarys. Ewolýusiýa sebäpli her ýyl milliardlap dollar derman gözleglerine we senagatyna sarp edilýär. Sebäbi wiruslar yzgiderli dermanlara garşy immunitet edinýär we täze dermanlaryň tapylmagy zerur bolýar. Yzgiderli bu ulgam işläp durmasa belki-de adamzat tohumy ýok bolup gidip biler.
M: Ýeri gurhandaky iki deňiziň biri-birine garyşmaýşyna name diýýäň?
A: Onýaly deňiz ýok, sebäbi iki suw, hatda süýji we duzly suwam biri birine garyşman durup bilmez. Temperaturalaryna we dykyzlyklaryna görä garyşma wagty tapawutlanyp biler, ýöne garyşarlar.
M: Görüp bilmeýäniň üçin Allah ýok diýýäň, name aklyňy görüp bilýäňmi?
A: Akyl beýnidäki elektro-himiki reaksiýadyr. Muny beýni skan edýän enjamlar bilen görkezip bilerler we aklyň barlygyny-ýoklugyny ýönekeý matematika soragy bilen hem bilip bilersiň. Ýagny 2+2=4 diýýän birinde minimum şertlere-de gabat gelýän akyl bardyr we muny bize subut etdigi bolar.
M: Ýeri “birden bar bolaýsa?!” diýibem gorkäňokmy?
A: “Birden bar bolaýsa?!” diýmegem ýoklugyny boýnuňa almakdyr. Bir-de, subutsyz orta atylan zatlaryň ýokdugyny subut etmek delil hökman däl. Bu sebäpden “birden bar bolaýsa?!” diýen badyňa “haýsy taňry bar bolaýsa?” diýip soraryn senden. Dünýäde dürli halklaryň ynanýan 4000 töwerek taňrysy bar. Bular “taňry” pikiriniň adamzadyň jahyllygyndan we gorkylaryndan dörändigini subut edýär. Saňa-da iň gysga wagtda gurhany we hadyslary okamagy we soraglamagy maslahat berýärin. Iň bolmanda bu gorkylaryňdan gutularsyň.
5 лайков 322 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
07 янв 2023, 13:05
shular yaly mowzuklar achylsa prosmotr kopelyar-ay, yone senem tazerak zatlary tapsana gardash, talyplarda kan okalanlardan dal-de...
Soho
07 янв 2023, 13:11
chagalaryn anyny bulashdyrmak uchin gowy proyektlerin bar, bir dowurler, kichi chagalary kapasa baglap, ach saklap, "hany, Hudayyndan kokejik dile, berermika" diyyaler, chagalar dileyarler... zat yok, sonra "hany, Leninden dilap gorun" diyyaler, chagalar dilanlerinde, yokardan koke oklayarlar... garaz senkem shuna menzeshrak
Massimus
07 янв 2023, 13:46
@Panturkist Siz @Keap Begcon-my?
Soho
07 янв 2023, 13:50
@Massimus, yok, bu o dal, on talyplar comyn agzasy
DonMaxx
07 янв 2023, 14:06
Panturkist gayrakylan demine bererin norm blok ac yaş nesiliñ kellesini ozinki yaly cuýretjek bolma
Yusup
07 янв 2023, 19:47
bir adamyn ynanjyna hormat goy diyip Pygamberimiz wesyet edipdir. Sho sebapli Yslamyn beyikligi uly gozumde. Eger senin diyshin yaly Muhammet bolmadyk bolsa shol diymedik bolsada kim diyenem bolsa hormat goymaly ynanjyna pikirine. Yone sen ler beyle dal. Siz ozunizkini dogurlajak bolup Muhammedi kunti diyyaniz gyzlaryny arden are ylgap yoren edyaniz. Huday baram bolsa yogam bolsa Hudayyn adyndan undelyan undewler gowy. Mysal un yetimin hakyny iyme adama yagshylyk et gonshyn bn gowy bol dogan garyndash gatnashyklary kesme zyna etme ili aldama yaly gowy undewler. Dine Yslamda dal hatda Buddizmde hem shu undewler undelyar. Eger yer yuzuni dinsiz goz onune getir oz ejesini oz gyzyny oz gyz doganyny sikjekler bar. Azajygam bolsa adamlaryn Hudaya bolan gorkusy ynamy saklayar shu zatlardan. Iru gic hasap bermeli diyip
Soho
07 янв 2023, 20:21
shu agza onki talyplardaky @Panturkist dal-de shon mowzuklaryny kopyalap alan we shon nikinden giryan bashga biri bolmaly...
Revo
07 янв 2023, 20:36
Öňem bir musulmana: "Men 4000 sany hudaýyň ýoklugyna ynanýan, sen bolsa 3999-synyň ýoklugyna. Şoň üçinem senem , ýöne maňa garanda ekabyrrak" diýer eken.))
Revo
07 янв 2023, 20:49
Onsoňam bir analiz bolmaly. Dünýäniň ady belli manýaklarynyň aglaba bölegi dini maşgalalarda ýa-da dini guramalarda önüp ösenligini tassyklaýan. Mysal üçin, manýak we adam iýiji Albert Fiş ýaly.

"Men çagalary gowy görýän, sebäp olar şeýle bir tagamly."

"Her bir çaganyň içinde potensial bar, meň borjumam - çaganyň içini açmak we potensialy çykarmak."

Albert Fiş.
Revo
07 янв 2023, 20:51
* Öňem bir a_teist musulmana: "Men 4000 sany hudaýyň ýoklugyna ynanýan, sen bolsa 3999-synyň ýoklugyna. Şoň üçinem senem a_teist, ýöne maňa garanda ekabyrrak" diýer eken.))
Ahmet
08 янв 2023, 05:36
Taňry bilen Hudaý hersi aýra zatmy? Düşündiriş beräýiň mümkin bolsa. Onsaňam, seň maksadyň Hudaýyň ýokdugyny, diniň ýalandygyny subut etmekmi ýa başga bir zatmy? Subut edeniň üçin saňa näme peýdasy bar? Şuňa düşünmedim dogrusy...