Alymlar dünýäde iň ýakymly ysy kesgitlediler
Alymlar dünýädäki iň ýakymly ysy kesgitlediler. Bu barada Science Daily tarapyndan Current Biology ylmy žurnalyň neşirine salgylanyp, habar berilýär.
Ol waniliň hoşboý ysy boldy. Ikinji ýerde şetdaly ysyny berýän – etilbutirat bar. Iň ýakymsyz ys izowaleriýan kislotanyň ysy boldy. Ol peýnir, soýa süýdi we alma suwy ýaly iýmitlerde bolýar. Bu ingredient aýaklaryň derinde hem bolýar.
Alymlar, dürli etnik toparlaryň wekillerinden düzülen 235 adamyň, gatnaşmagynda geçirilen gözlegiň netijesinde şeýle netijä geldiler.
Şeýle hem, synaga gatnaşyjylaryň haýsy hoşboý yslary halaýandyklaryna, medeniýetiň hiç hili täsiriniň ýokdugyna göz ýetirdiler. Ol molekulanyň gurluşy we şahsy isleglere bagly. Soňkusy genetika we bilim bilen baglanyşykly bolup biler.
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.