Alymlar taryhdaky iň jikme-jik Günüň suratyny düşürdüler
Iki ýyl töweregi mundan öň Solar Orbiter saýawany Güne tarap ugradyldy. Alymlar onuň we şol sanda gurallar toplumynyň kömegi bilen bize iň ýakyn ýyldyzy öwrenmek islediler. Olaryň arasyna, suratlary kämilleşdirilen ultramelewşe şekillendiriji hem bar.
Hünärmenler, onuň kömegi bilen Günüň daşky atmosferasyny iň ýokary ölçegli suratyny düşürmegi başardylar. Jikme-jik suraty, NASA-nyň bortundaky iň ýokary derejeli ultramelewşe teplowizoryň we ESA -nyň Gün orbital guralynyň kömegi bilen alynandygy habar berilýär.
Jemleýji netijäni şekillendirmek üçin 4 sagadyň dowamynda 25 sany aýratyn suratlary düşürmeli boldy. Şol bir wagtyň özünde, NASA hünärmenleri, suratyň özüni uly mozaika ýaly jemlediler. Netijede, 9148 x 9112 piksel torda 83 million piksel bar – bu 4K ölçegden 10 esse köp.
Alymlaryň sözlerine görä, täze surat öz aýratynlyklary sebäpli alymlara, Günüň atmosfera gatlaklarynda temperaturanyň ýokarlanmagy ýörelgesine düşünmäge kömek eder.
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.