DarKraY ft Begmyrat K_Çagalyk Söýgim_türkmen rap

Käteler kalbym dolanda zäherden
Seni görüp köşeşýän,dolýan mähirden
Dogry ikimizem Balkanabat şäherden
Ýöne Gyzylarwatda duşdumla birde

Eýjejik näz kimin misli ýaz kimin
Ýüregime ornaşdyň täsin saz kimin
Ömrümi üýtgetdi goňşymyzyň haýaty
Birdenem garyp göwnüm söýgä baýady

Ýadyňa düşýämi 3 aý dynç alyş
Tomusyň yssysy täsin ýylgyryş
Diňe doslukda geçýädi çagalyk
Birdenem ýolym kesildi mamam ýogalyp

3 Ýyldan gowrak göremok düýbünden
Bir hili daşlaşdym Gyzylarwat ilinden
Günleriň birinde, otyrdym haýatda
Birdenem sen çekdyň goňşy haýatdan
/Begmyrat K./
.
Çagalyk dossum üýtgäpdir düýbünden
Owadan zülpleri geçýärdi bilinden
Gözleri gaçýardy seredemde gözümden
Ogşasym gelýärdi aý dek ýüzünden

Nomeriň gözledim zordan tapdym
Daňa çenli ýazyşdyk daňdan ýatdym
Jogapsyz durmady ýazýan hatlam
Söýýän diýemde, diýerdiň saklann

''Aklyňy aýlan biz dos'' diýdiň
''Şondada söýýän seni has'' diýdim
Wagtam ylgady soraman bizden
Juda düşdüm mähirli gözden

Eýýäm niçe ýyl yzyňda perwana
Haýyşym geläýdä bir karara
Saýla bagtyň bermen azarym
Şul aýdym soňky ýazanym
/DarKraY/
4 лайков 439 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Döwlet Şöhradow
02 окт 2021, 17:59
Молодец brawo brawo
Ogulşirin Bayramowa
02 окт 2021, 18:16
cilimkesh dogry dogry
Aýnur
02 окт 2021, 19:36
Hany Begmyrat nirde???Şonuň soygili aydymlary bular
Begmyrat
02 окт 2021, 20:27
Menem baryn goyayn dip otyrdym suny sagbol like