Çyn dostuň aslynda şeýle bolýandyr...

Çyn dostuň aslynda şeýle bolýandyr,
Kyn günüňde saňa kömek berýändir.
Gamly wagtyň seň gaýgyňy paýlaşyp,
Şatlanaňda seň bilen deň gülýändir.

Hassakaň ýanyňda mydam dik durar,
Ejizkäň öňüňde mydam berk durar,
Saňa hormat goýar, dogan deý görer,
Çyn dostuň aslynda şeýle bolýandyr.

Gatnaşar elmydam toýdur-ýasyňa,
Uzak ömür dilär seniň ýaşyňa,
Okaýsa aladaň seniň ýüzüňden,
Derrew ýagdaý sorar geçip gaşyňa.

Saňa süýji sözi bardyr dilinde,
Ýamanlyk, göriplik ýokdur küýünde,
Adyň arşa götär iliň içinde,
Çyn dostuň aslynda şeýle bolýandyr.

Dadyňa ýetişer dag-düzden gaýdyp,
Beýgelseň magtar ol, şöhratyň aýdyp,
Ýalňyşsaň diýr: "Dost, ýalňyşma beýdip!"
Çyn dostuň aslynda şeýle bolýandyr.

Rahymberdi Suhanow
8 лайков 143 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
03 окт 2021, 13:21
Like
Döwlet Şöhradow
03 окт 2021, 13:43
Hakyky brawo brawo like+
_ashirova_ay_
03 окт 2021, 14:09
çyn dossum yok eken(
Döwlet Şöhradow
03 окт 2021, 14:13
broken heart,
Gynanma, hemme zat gowy bolar, cyn dost tapmak ansadam dal
Yalnyz_yigit
03 окт 2021, 14:23
Like
Aýnur
03 окт 2021, 15:29
Cyn dost bolmandyr mendede
Yone like ++++gosga sozum yok