83 ýyl ozal öndürilen pomidor şerbeti satuwa goýuldy
«Ford Motor Company» tarapyndan 1938-nji ýylda guýlan pomidor şerbetiniň çüýşesi «Sotheby’s» bäsleşikli söwda öýünde satuwa çykarylar.
1938-nji ýylda Dirborndaky köne mekdep binasynda «Ford» pomidor şerbetini öndürmek üçin niýetlenen konserwa zawody açylýar. Üç hepdäniň dowamynda 30 çaga we bäş sany erkek şerbeti çüýşelere guýupdyr. Jemi öndürilen 52505 çüýşeden şu wagta çenli gaty az sanlysy saklanyp galypdyr, ýöne wagtal-wagtal olar satuwlarda peýda bolup durýar ― esasanam boş ýagdaýda.
«Sotheby’s»-de heniz açylmadyk çüýşe satuwa goýulýar. Ýöne içindäki şerbet içmek üçin ýaramsyz hasaplanýar. Çüýşäniň üstündäki bellige görä, «Ford Motor Company» şerbeti A, B we C witaminlerine baý bolup, «Forduň» Dirborndaky fermasynda ösdürilip ýetişdirilen sary pomidorlardan öndürilipdir.
Taryhyň bir bölegine öwrülen bu çüýşäniň bahasy 150-300 dollara bahalanýar.
1938-nji ýylda kompaniýanyň pomidor bilen baglanyşygynyň tamamlanmandygyny bellemelidiris. 76 ýyldan soň, «Ford» «H.J. Heinz Company» bilen birleşip, pomidoryň gabygyny, baldaklaryny we tohumlaryny öwrenýän biokompozit taslamasyny döretmek üçin gözleg işlerine başlapdyr.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.