DEGISME

Bir gün bir ýaşuly gezim edip ýörkä, gözi çaýhananyň işiginde asylyp goýlan kagyza düşüpdir. Ol kagyzda: «Islän çaýhanamyza girsin, islän zadyny alsyn, iýsin. Ol adamdan hiç hili pul alynmaz, onuň agtygyndan alnar» diýen ýazgy bar eken.

Ýaşuly bu haty okap, öz ýanyndan: «Men-ä bir sallah adam. Oglumam ýok, gyzymam ýok, agtygymam. Gel, bir gowy edip garnymy doýraýyn-la!» diýip pikirlenipdir. Çaýhana girip, iýibilen zadyny iýipdir. Ýaşuly iýip-içip bolupdyram welin öňüne şolaryň hemmesiniň tölegini ýazyp getiripdirler.

Ýaşuly gapydaky ýazgyny görkezip: «Ho-o ýere serediň! Özüňiz bildiriş asypsyňyz-a. Siz puly menden däl-de, agtygymdan almaly ahyry!» diýipdir. Çaýhananyň işgärleri oňa: «Hawa, bildirişimiz ýalan däl. Ýöne biz siziň iýen naharlaryňyzyň puluny soramzok. Ol puly siziň agtygyňyz tölär. Biziň aljak bolýan pulumyz siziň ataňyzyň bergileri. Olam bir gün gelip, edil siziňki ýaly nahar iýip gidipdi» diýip jogap beripdirler-de, tölegi töledipdirler.

* * *
Mugallym öz okuwçylaryny ýygnap, ýadygärlik surata düşjek bolýarmyş.

– Pikir edip görüň, çagalar! Ýene-de birnäçe ýyldan siz bu surata seredip, mekdep günlerini ýatlarsyňyz.

«Ine, bu synpdaşymyz Meretdurdy. Telekeçi boldy. Bu bolsa Jeren. Çaga lukmany bolup işleýär…».

Şol wagt yzdan degişgen okuwçynyň sesi eşidilýär:

– Hawa, bu-da synp ýolbaşçymyzdy. Jaýy jennet, ýatan ýeri ýagty bolsun!

* * *
Kakasy başga şäherde okaýan talyp ogluna hat ýazýar:

– Oglum, ine aýdyşyň ýaly men saňa 10 manat ugradýan. Ýöne bir zady berk belle, 10 manat 1 nol bilen ýazylýar, 6 nol bilen ýazylanok.

* * *
Bir gün Mämmediň öýüne pişik girip ýaşamaga başlapdyr. Gelni, çagalary pişigi kowupdyrlar. Ýene gelipdir. Soň bu pişigi uzagraga zyňypdyrlar, ýene yzyna gelipdir.

Mämmediň nerwisi potologa diräpdir. Ol:

– Keýwany iýer ýaly zat sal, bu haýwany çöle zyňjak – diýip gidipdir. Dört-bäş sagatdan soň Mämmet çagalaryna jaň edipdir:

– Eý, pişik bardymy öýe?

– Hawa, häliräk geldi. Sen nirede?

– Sorasana şondan, yzyny nädip tapdyka, azaşdym-a men…

Writed by: Mahri Soltanowa
CeSme:T*****.com
6 лайков 164 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ESSALAMUNALEÝKUM
06 окт 2021, 13:42
gülküm tutup gitdi hehehe gaty gowy eken bahaber like ban
nurana
06 окт 2021, 13:53
like
_ashirova_ay_
06 окт 2021, 14:04
hehehe gullurdi
Merjen
06 окт 2021, 14:23
Like
DIYER BI PRODAKSHYN
Автор 06 окт 2021, 14:40
sagbolun
Aýnur
06 окт 2021, 14:43
Gulkili çyndanam++++
Döwlet Şöhradow
07 окт 2021, 09:33
Lol :) hihi
Enejan
07 окт 2021, 10:47
likee