Braziliýa barad maglumat

Doly ady: Braziliýa Federatiw Respublikasy

Paýtagty: Brazilia

Meýdany: 8 mln. 512 mün kw.km

Ilaty: 192,3 mln. adam (2011 ý.)

Gimn: Hino Nacional Brasileiro (“Braziliýanyň Döwlet Gimni”)

Resmi dili: Portugal

Hökümet baştutany: Dilma Russef (2011-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndam bäri)

Garaşsyzlyk güni: 7-nji sentýabr 1822

Pul birligi: Real

Agalyk ediji dini: katolisizm

Iň belent nokady: Piku da Nablina (2994 m)

Iň uzyn derýasy: Amazonka



UMUMY MAGLUMATY. Günorta Amerikadaky iň uly döwlet. Meýdanynyň ululygy boýunça dünýäde bäşinji döwletdir. Paýtagty — Brazilia şäheri. Braziliýanyň gündogar we günorta-gündogaryny Atlantik ummanynyň suwlary ýuwýar. Demirgazykda Gaýana, Wenesuela we Surinam, demirgazyk-günbatarda Kolumbiýa, günbatarda Peru we Boliwiýa, günorta günbatarda Argentina we Paragwaý we günortada Urugwaý bilen araçäkleşýär. Nominal jemi içerki önümiň möçberi boýunça dünýäde ýedinji orny eýeleýär. Braziliýa BMG-niň we G-20-iň agzasydyr. Ol 26 ştata we 1 federal okruga bölünýär.



DÖWLET GURLUŞY. Federatiw respublikadyr. Döwlet, hökümet baştutany prezidentdir. Ol 4 ýyllyk möhlet bilen Milli kongresde saýlanýar. Ýokary Kanun çykaryjy organy iki palatadan: deputatlar palatasyndan we senatdan ybarat bolan Milli kongresdir.



TEBIGATY. Ýer üstüniň gurluşy boýunça ol Amazonka pesligi we Braziliýa tekiz daglygy diýen tebigy raýonlara bölünýär. Braziliýanyň geologiki gurluşy hemme ýerinde bir meňzeş däl. Braziliýa tekiz daglygy dokembriý kristallik
jynslardan düzülendir. Amazonka pesligi, esasan, çökündi jynslardan emele gelipdir. Gazylyp alynýan peýdaly zatlary: daş kömür, demir magdanlary, marganes, polimetallar, fosforit, nebit. Braziliýa tutuşlygyna günorta tropikde ýerleşip, onuň çygly tropiki klimaty bar. Braziliýada howanyň temperaturasy hemme ýerinde bir meňzeş däl.
Amazonka pesliginde ýanwaryň ortaça C-sy +23°, günortasynda belent massiwde iýulyň (gyş) ortaça temperaturasy +12-14°. Ortaça ýyllyk ygal 1500—2000 mm, deňiz kenarlarynda bolsa 3000 mm golaý. Iň uly derýalary: Amazonka (goşantlary bilen), Parana, San-Fransisku, Parnaiba. Bular gämi gatnawly, suwaryş we gidroenergetik ähmiýetlidir. Ýurt tokaýlara baý. Amazonka pesligini çygly ekwatorial (gileýa ýa-da selwas) tokaýlary, Braziliýa tekiz daglygyny bolsa sawannalar (kampos—serrados) tutýar. Braziliýada haýwanlaryň dürli görnüşleri (maýmynlar, murawýedler, düýeguşlar, gemrijiler we ş.m-ler) duş gelýär. Alymlaryň hasaplamalaryna görä ösümlikleriň we ahýwanlaryň mln-a golaý görnüşi bardyr.



ILATY. Ilatyň 95%-den gowragy braziller. Ilatynyň tebigy artyş depgini gaty ýokary. Ilatynyň ýarpysyndan gowragy oba ýerlerinde ýaşaýar. Iň uly şäherleri San-Pauluda 11 mln. 839 müň (2011), Rio-de-Žaneýroda 6 mln. 335 müň (2011) adam ýaşaýar. Döwlet dili portugal dilidir. Ilatynyň tebigy artyş depgini 1.166%.



TARYHY. Braziliýa 1500-nji ýylda portugaliýaly deňizde ýüzüji Pedru Kabral tarapyndan açylypdyr we
16 asyryň I ýarymynda Portugaliýa tarapyndan eýelenipdir. Ýerli ilatyň ep-esli bölegi gyrlypdyr. Plantasiýalarda işletmek üçin Afrikadan negr gullar getirilipdir. 19 asyryň başynda (1822) Braziliýa özbaşdaklyk gazanydyr. Emma gulçulyk 19 asyryň ahyryna çenli saklanypdyr. 1889-njy ýylyň 15 noýabrynda ol federatiw respublika bolýar. Braziliýada iňlis kapitaly agalyk sürüpdir, 20 asyryň başynda Braziliýanyň ykdysadyýetine amerikan kapitaly aralaşyp, ol
iňlisleri gysyp başlapdyr. 1922-nji ýylda Braziliýa Kompartiýasy döredilýär. 1924 ýylda L. K Prestesis ýolbaşçylygynda
San-Paulu garnizonynyň gozgalaňy bolýar. 1930-njy ýylda harby agdarylyşyk netijesinde Braziliýada Ž. Wargasyň diktaturasy berkarar edilýär. II Jahan urşundan soň Braziliýada progressiw güýçleriň täsiri ýaýrap başlaýar. 1945-nji ýylyň 2 aprelinde SSSR bilen Braziliýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýulýar. 1947-nji ýylyň oktýabrynda general Dutranyň reaksion hökümeti SSSR bilen diplomatik gatnaşyklary kesýär. Kompartiýany gadagan edýär. Ýurda amerikan kapitalynyň aralaşmagy güýçlenýär. 1951-nji ýylda Wargasyň hökümeti gaýtadan häkimiýet başyna geçýär. Ol daşary ýurt monopolistlerini çäklendirýän çäreleri durmuşa geçirip başlaýar. 1960 ýylda häkimiýet başyna Ž. Kuadrosyň hökümeti gelýär, emma ol ýurduň reaksion güýçleriniň zor salmagy zerarly 1961-nji ýylyň awgustynda iş başyndan aýrylmaga mejbur bolýar. Konstitusiýa boýunça onuň ýerini işçiler partiýasynyň lideri, wise-prezident Ž. Gulart eýeleýär. 1961-nji ýylda SSSR bilen Braziliýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar dikeldilýär. Ž. Gulart (1961—64) käbir demokratik reformalary geçirip ugraýar. Emma reaksion güýçler birleşip, harby agdarylyşyk geçirýärler. General U.Kastelu Branku wagtlaýyn prezident bolýar. Ž. Gulartyň hökümetiniň çykaran dekretleri ýatyrylýar. Braziliýanyň ykdysadyýetine amerikan kapitalynyň aralaşmagy üçin giň ýol açylýar. 1967-nji ýylyň martynda prezidentlige general A. da Kosta-e-Silwa geçýär. Onuň hökümeti reaksion syýasat alyp barýar, ABŞ-nyň agressiw syýasatyny goldap çykyş edýär. 1966—69 ýyllarda SSSR-iň Braziliýa 100 mln dollarlyga çenli maşyn we enjam satmagy barada ylalaşyk gazanylýar. Soňky aýlarda Braziliýanyň senagatynyň ösüşinde käbir öne gidişlikler duýulýar, emma maşyn gurluşygy, dokma senagaty önümçiligi ep-esli pese düşýär. Oba-hojalyk önumçiliginiň ösüş depgini gowşaýar. 1974-nji ýylda general Ernesto Geýzel prezident bolýar we demokratik döwlet gurmak taslamasyny işe goýýar. Muňa garamazdan tä 1985-nji ýyla çenli režim dowam edýär. Şondan soňra halk azat bolýar.



HOJALYGY. Braziliýa agrar-industrial ýurt. Oba-hojalyk önümçiliginiň möçberi 31%, senagatyňynky 24%. Amatly tebigy şertler ekinlerden ýylda 2 gezek hasyl almaga mümkinçilik berýär. Braziliýa kofe öndürmekde we ony eksportirlemekde dünýäde 1-nji orunda durýar. Kofe plantasiýalary 3,6 mln. ga meýdany tutup, ýylda ortaça 2—3 mln. T kofe öndürýär. Esasy kofeçilik ştatlary: Parana, San-Paulu, Espiritu-Santu. Braziliýada kakao, gowaça, şeker çiňrigi, apelsin, şaly, temmäki, mekgejöwen, bugdaý hem ekilýär. Mallardan doňuzlar, dowarlar, gara mallar, gylýallar idedilýär. Braziliýanyň öseň magdan senagaty bardyr. Elektrik energiýasynyň köp bölegini gidrostansiýalar berýär. Ýurtda gara we reňkli metallurgiýa, maşyn gurluşygy, himiýa, ýeňil we azyk senagat pudaklary ep-esli orun
tutýar. Häzirki zaman dünýäsinde demir magdanynyň esasy zapaslary boýunça Hytaý we Russiýadan soňra Braziliýa üçünji orny eýeleýär. Galaýy çykarmakda Braziliýa dünýäniň baş öndürijileriniň hataryna girýär. Marganes we seýrek duş
gelýän metallaryň zonasy boýunça ýurduň tebigy baýlyklarynyň dünýä ähmiýeti bar. Senagatyň iň ösen ştatlary: San-Paulu, Guanabara we Rio-de-Žaneýro. Demir ýollaryň uzynlygy 30875
km, awt. ýollar 1.98 mln. km, derýa ýollary 35 müň km. 2500 sany aeroport bar. Braziliýa 5
ykdysady geografik raýona bölünýär: 1) Demirgazyk-Gündogar 2) Günorta-Gündogar 3) Günorta 4) Demirgazyk 5) Merkezi Günbatar



SAGLYGY SAKLAÝŞY. 2010- njy ýylda her müň adama 18.11 çaga doglup, 6.35 adam ölüpdir; diri dogan müň çagadan 21.86-sy ölüpdir. Halkyň ortaça ömri 72.26 ýaş. (erkekleriňki 68.7 ýaş, aýallaryňky 76 ýaş).



EDEBIÝATY. Braziliýada indeýleriň we negrleriň gadymdan gelýän baý folklory, halk döredijiligi bolupdyr.
17-18 asyrlarda ilkinji milli eserler: G. di Matusyň satiriki poeziýasy, T. A. Gonzaganyň goşgulary we başgalar peýda bolýar. 19 asyryň ortalarynda daýhanlaryň durmuşyndan ýazylan romanlar döreýär. 19 asyryň ahyrlarynda — 20 asyryň başlarynda Ž. M. Maşadu d’Asnis («Mulat» diýen romanyň awtory, 1881), A. Azewedu, E. da
Kunýa («Sertany» diýen powestiň awtory, 1902) we başgalar realistik däbi ösdürýärler. Braziliýada demokratik hereketiň ýokary göterilmegi progressiw edebiýatyň ösmegine ýardam edýär. Braziliýanyň käbir ýazyjylary: Ž. Amadu, şahyrlar E. Karrera Gerra, Lila Ripoll we başga sosialistik realizm ýoluna düşýärler.



ARHITEKTURASY. Brazilýanyň gadymy sungaty indeýleriň döredijiliginden ybaratdyr. Braziliýanyň häzirki zaman halk sungatynda kolonizatorlaryň Braziliýa getiren negrleriniň halk sungatynyň däpleri uly rol oýnaýar. 16
asyrda Portugaliýanyň täsirinde täze sungat ösýär, berkitmeler, şäherler gurlup başlanýar. 17 asyryň ahyrynda
buthana mekdepleri we portret žanrlary emele gelýär. 18 asyrda skulpturada ökde ussalar öne çykýar. 19—20 asyrlarda Braziliýada şäherler rekonstruksiýalaşdyrylyp başlanýar. 20 asyryň ortalaryna çenli ýurtda konstruktiwizm güýçli ösýär. Şekillendiriş sungatynda halk bilen baglanyşykly realistik sungat uly rol oýnaýar.
2 лайков 488 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#динара.
10 окт 2021, 18:02
Like
Enejan
10 окт 2021, 18:42
Mendenem like
Aýnur
10 окт 2021, 20:03
Hmm Braziliya gidaymeli
Asyrow_Danco
Автор 10 окт 2021, 20:10
Mona Songz,
Gidaymeli brazilyada gowy yurt
Aýnur
10 окт 2021, 20:14
Asyrow_Danco,
Howa cyndanam
Döwlet Şöhradow
10 окт 2021, 20:25
Gowy eken ?? brawo