Neptun

Gün ulgamynyň Günden uzaklygy boýunça sekizinji uly we iň daş planetasy. Ol 1846-njy ýylda açylýar. Günden ortaça uzaklygy (orbitasynyň uly ýarym oky) 30,06 astronomik birligi ýa-da 4500 mln km. Orbitasynyň ekssentrisiteti 0,0086, ekliptikanyň tekizligine ýapgytlygy 1o46,4′. Neptun orbita boýunça 5,4 km/sek ortaça tizlik bilen Gunüň töwereginde 164,79 ýylda bir gezek aýlanýar. Neptun ýönekeý göze görünmeýär. Ol has ulaldylyp seredilende, ýaşylymtyl disk görnüşinde bolýar. Onuň diametri Ýeriň ekwatorial diametrinden 3,88 esse uly bolup, 49500 km-e deňdir. Onuň göwrümi Ýeriň göwrüminden 57 esse uly. Massasy Ýeriň 17,28 massasyna deň bolup, ortaça dykyzlygy 1,84 g/sm3-dyr.
3 лайков 134 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
10 окт 2021, 16:14
Durşuna suw ýaly görünýä. Like gyzykly?
Asyrow_Danco
Автор 10 окт 2021, 16:21
Bayker,
Howwa
Leyli Amanowa
10 окт 2021, 16:43
Bash sahypa dine sen mowzuklaryn eken :/
Asyrow_Danco
Автор 10 окт 2021, 18:07
Nairobi,
Yok bashgalaryn kam bar
Enejan
10 окт 2021, 18:40
Likee
Şamuhammet
10 окт 2021, 19:46
Gowy maglumatlar eken. Ýöne nireden aldyň bu maglumatlary?
Aýnur
10 окт 2021, 20:01
Nairobi,
Leyli ziom geldinmi gel ahyry seni sorayanlar kop
Döwlet Şöhradow
10 окт 2021, 20:05
Maladess Asyrow_Danco,
brawo brawo brawo gowy mowzular goyyan!
Asyrow_Danco
Автор 10 окт 2021, 20:09
sᴛᴀᴛᴇ,
Sps dost