Beýik Kuşan döwleti.
Ŷueýji taýpalary Grek-Baktriýa döwletini basyp alanyndan soň onuň ilkibaşda merkezleşdirilen döwleti bolmandyr.Olar basyp alan ýerlerinde bäş sany hanlyk (Guýşuan, Ansi, Gaofu, Pudu we Gibin) döredilipdir. B.e.başlarynda hanlyklaryň arasynda Guýşuanyň täsiri has güýçlenipdir.Onda Geraý hanyň döwründe pul hem zikgelenipdir.Geraý hanyň ogly (käbir maglumatlara görä agtygy) Kujula Kadfiz ýueýjileriň bäş hanlygyny birleşdirmegi başarypdyr. Şeýlelikde ol,,Uly hökümdar,, diýip yglan edilipdir we Kuşan döwletini esaslandyrypdyr. Bu döwleti esaslandyryjylar grek-baktriýa döwletine gutarnykly zarba uran çarwa taýpalarynyň nesilleri bolupdyr. Gadymy Baktriýa topragynda dörän Kuşan döwleti biziň eýýamymyzyň I-IV asyrlarynda döräp,Owganystany, Demirgazyk Hindistany öz içine alypdyr. Onuň merkezi ilki Kabul sebitlerine, soňra bolsa demirgazyk Hindistana (häzirki Päkistana) Peşewara geçirilipdir. Kuşanlylaryň dili baktriýa dili, dini bolsa buddaçylyk bolupdyr. Döwletiň Kuşan ady “Guýşuan ”sözünden bolupdyr. Ŷueýji taýpalary ilki Hytaý sebitlerinde ýaşap,soň Gazagystanyň we Merkezi Aziýanyň üsti bilen Owganystana aralaşypdyrlar. Kuşan döwleti öz gülläp ösen döwründe, ýagny I asyryň ahyry – III asyryň başlarynda Merkezi Aziýanyň , Owganystanyň, Päkistanyň, Demirgazyk Hindistanyň köp ýerlerini,şol sanda Horezmi we Türkmenistanyň häzirki Lebap welaýatyny öz içine alypdyr.Kadfiz I döwründe Kuşan döwletiniň çäkleri giňlen hem bolsa ,güýçli döwlet derejesine ýetip bilmändir.Munuň şeýledigini Kadfiz I döwründe döwletiň özbaşdak pul birliginiň bolmandygy ,kuşanlylaryň Rim, Parfiýa ,Grek-baktriýa pul nusgalaryny peýdalanandyklary-da tassyklaýar.
Kuşan döwletiniň ilkinji patyşasy Kudzul Kadfiz (Kudfiz I) 85 ýaşynda aradan çykandan soňra, onuň ogly Wima Kadfiz (Kadfiz II) patyşa bolupdyr. Ol döwleti 30 ýyl töweregi dolandyrypdyr. Munuň döwründe Kuşan döwletiniň ýerleri has giňäp, Hindistanyň jümmüşine hem aralaşypdyrlar. Onuň edara eden döwründe Kuşan döwletiniň öz altyn we mis puly zikge edilipdir we pul özgertmesi geçirilipdir. Altyn pul uly söwda-hojalyk hasaplaşygy,esasanam,daşary söwda işlerinde ulanylypdyr.Altyn pul dinaryň hümmetinde (8 gram) bolup,olar 2 dinar,1/4 hem-de ½ dinar birliginde goýberilipdir.Bu ýerde ozal Grek-baktriýa patyşalarynyň örän seýrek çykarýan altyn puly bolaýmasa,öň Kuşan döwletinde munuň ýaly köp altyn pul-zikge bolmandyr.Kadfiz II ýurduň giň çäklerini dolandyrmak üçin ,ýurduň içki döwlet gurluşýnda hem birnäçe özgertmeler geçiripdir.aýry-aýry welaýatlarda satrap dolandyryş ulgamy girizilipdir.Beýle giň çakleri diňe bir merkezden dolandyrmak kyn bolanlygy sebäpli satrap başlyklaryna öz pullaryny zikge etmeklige çenli giň hukuk berlipdir.Pullaryň ýüzünde hindi-grek,hindi-sak,hindi-parfiýa hatlary ýazylypdyr.
Kuşan döwletiniň gülläp ösen döwri patyşa Kanişkanyň döwleti dolandyran (b.e. 78-123 ý.) ýyllary bolupdyr. Kanişka döwründe Kuşan imperiýasynyň ýerleri Hindistandan Aral deňzine çenli giňelipdir. Ol “şalaryň şasy” diýen belent ada eýe bolupdyr. Şol zamanda Kuşan döwletiniň paýtagty Peşawara geçirilipdir. Häzir dünýäniň muzeýlerinde Kanişkanyň adyndan zikge edilen altyn pullaryň 200 töweregi bar.
Patyşa Kanişka döwründe Türkmenistanyň günorta-gündogar etraplary, Amyderýanyň ýokary we orta akymlary Kuşan döwletiniň düzüminde bolupdyr. Atamyrat-Türkmenabat aralygyndaky arheologiki ýadygärliklerde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Kuşan döwrüne degişli keramika önümleriň, heýkelleriň we pullaryň ençemesi tapyldy.
Kuşanlaryň agalyk eden döwründe Amyderýanyň orta akymlaryndaky Kerki, Beşir, Mürzebek we Köýten gadymy ekerançylyk oazisleri özleşdirilipdir. Beşir we Esenmeňli galalary Kuşan döwrüniň şäher görnüşli obalary bolupdyrlar. Dawdanyň tebigi şahalarynda Gandymgala, Maňňyrgala, Toprakgala (Amyderýanyň çep kenarynda) Akjagelin, şeýle-de Aýbugur gala, Köne was, Gaňňyrgala gadymy şäherleri emele gelýär.
Amyderýanyň kenar ýakasyndaky gadymy şäherlerden we obalardan Kuşan patyşalarynyň mis pullarynyň birnäçesi tapyldy.
Arheologik maglumatlara görä, biziň eýýamymyzyň başlarynda Amul şäheriniň ( häzirki Türkmenabat) düýbi tutulypdyr. Amul şäherininiň adynyň gelip çykyşy barada hiç hili maglumat ýok. Kuşan döwründe Amuldan Hindistana, Horezme we Gündogar Ýewropa ýurtalaryna söwda ýolary gidýär eken. Amulyň Kuşan döwletiniň düzüminde bolan döwründe, ýagny b.e. I-IV asyrlarynda daşyndaky şähristan bilen bilelikde umumy meýdany 150-175 gektar bolupdyr, onuň daşynda bolsa köp sanly gurulan jaýlar, bagly bakjaly mülkler ýaýylyp ýatypdyr. Amulda hünärmentçilik giň gerime eýe bolupdyr. Amul “Beýik ýüpek ýolunyň”ugrunda ýerleşip onuň ilaty halkara söwdasyna işjeň gatnaşypdyr. Amul şäheri diňe bir Hytaýdan gelýän söwdagärleriň harytlaryny ýerleşdirýän şäher bolman, eýsem Hytaý söwdagärleri ýerli hünärmenleriň öndürýän önümlerini hem satyn alyp başaga ýurtlara äkidipdirler. Şeýlelikde, söwda gatnaşyklaryň ösmegi Amul şäheriniň ykdysady taýdan ösmegine getiripdir.
Şol döwürde Rim imperiýasynyň söwdasy Parfiýanyň, Kuşanlylaryň üstünden geçipdir. Bulara esasy söwda ýoly bolup “Beýik ýüpek ýoly” hyzmat edipdir. Emma Parfiýa döwletiniň üstünden geçýänligi sebäpli olar parfiýalylara salgyt töläpdirler. Şonuň üçin öňki eýýamyň ahyrlarynda Müsür bilen Hindistanyň arasynda birnäçe deňiz ýollary özleşdirilipdir. Hindistana kenepden dokalan matalar, tikilen geýimler, ýakymly ysly atyrlar, çüýşe, çyra önümleri äkidilipdir. Kuşanlylar Hytaý bilen söwda gatnaşyklary ýola goýupdyrlar. Bu bolsa Kuşanlylaryň dünýä söwdasyna goşulmaklaryna we has baýlaşmaklaryna getiripdir. Hytaýdan Merkezi Aziýa ýüpekden başga-da ,ýüz görülýän aýnalar, bezeg öňümleri getirilipdir.
Günorta-Gündogar Türkmenistanyň ilaty biziň eýýamymyzyň başlarynda esasan suwarymly ekerançylyk bilen meşgullanypdyr. Olar arpa, bugdaý ösdürip ýetişdiripdirler. Üzümçilik hem ilatyň dürmuşynda möhüm rol oýnapdyr. Bu ýerlerde ýaşaýan ilat ekerançylyk işleri üçin kanal gazypdyr. Kanallar onçakly uly bolmandyr olaryň her biri 1-2 obany suw bilen üpjün edipdir. Şeýlelikde, suwarylýan ýerleriň meýdany ep-esli giňelýär.
Demirgazyk-gündogar Türkmenistanyň Kuşan imperiýasynyň düzüminde bolan döwründen başlap, ol ýerleriň ilatynyň ykdysady we medeni durmuşynda uly öne gidişlikler bolupdyr. Oňa amatly ýerleriň köp mukdarda özleşdirilmegi, ekerançylygyň ösmegine amatly şertleri döredipdir. Biziň eýýamymyzyň II asyrynda ilat esasan Beşir, Kerki, Mürzebeg we Köýtendag oazislerinde ýaşapdyr. Beşir oazisiň ýerlerinde 7 sany ilatly galalar ýerleşipdir. Şolaryň ikisinde, häzirki Esenmeňli we Beşir galalarynyň ýerleşen ýerlerinde uly şäher görnüşli gala bolupdyr.
Kerki oazisinde jemi 5 sany ilatly ýerler bolupdyr. Olaryň üçüsi Kerki geçelgesiniň golaýynda ýerleşipdir. Mürzebeg oazisi Kuşan döwründe-de uly hem-de gür ilatly ýer bolupdyr. Bu döwürde onuň düzüminde 17 sany oba bolupdyr.. Köýtendag oazisinde 5 sany ilatly oba bolupdyr.
Biziň eýýamymyzyň I asyrynda häzirki Owganystanyň ýerlerinde dörän Beýik Kuşanlar döwleti Türkmenistanyň demirgazyk etraplaryny, Horezm ýerlerini basyp alypdyrlar. Horezm Kuşanlylaryň golastyndan diňe III asyrda çykyp, özbaşdaklygyny gazanyp bilipdir.
Kuşanlar döwründe gadymy horezmlileriň sosial durmuşynda uly özgerişlikler bolup geçýär. Öňki wagtlardan tapawutlylykda kiçi galalar, howly görnüşli jaýlar peýda bolýar. Şeýlelikde,Horezmde öňki uly urug jemgyýeti dargap, oba-goňşuçylyk jemagatyna ösüp geçip başlapdyr. Öň ganybir garyndaşlaryň urug-tire jemagaty jemgyýetiň esasy sosial guramasy bolan bolsa, indi onuň ornuna goňşy maşgalalaryň hojalyk-harby bähbitler esasynda dörän birleşmesi gelýär. Oňa taryhda “oba (goňşuçylyk) jemagaty” diýilýär. Şeýle jemagatda barly gatlagyň sosial-ykdysady babatda esasy ähmiýete eýe bolandygy gumansyzdyr. Kuşan şalygynyň döwründe özboluşly şäher medeniýeti özüniň gülläp ösüşiniň ýokary derejesine ýetipdir. Döwletiň çäkleri giňelensoň täze berkidilen galalar peýda bolýar Cermenýabyň we Könehowzuň suwarymly ýerleriniň meýdanlary giňelýär, maldarçylyk ösýär, bular bilen birlikde söwda hem ösüpdir, oňa hünärmentçiligiň ýörüteleşmegi (küýzegärçilik, zergärçilik) itergi beripdir. Toprakgaladan III asyra degişli tapylan arheologik tapyndylar gadymy Horezm topragynyň sosial-ykdysady, medeni taýdan ösendigine güwä geçýärler.
Horezmiň gadymy ilatynyň öz haty bolupdyr. Biziň eýýamymyzdan öňki I asyra degişli Toprakgala (Garagalpagystan) köşgünden özboluşly köşk arhiwi tapyldy. Köşgüň otaglaryndan 100-den gowrak golýazmalaryň galyndylary tapylýar. Alymlar şol galyndylary Horezm patyşalygynyň arhiw şekilli kitaphanasynyň galyndylary diýip hasaplaýarlar. Eýlenen mal derisine (pergament) we agajyň gabygyna ýazylan bu hat arameý hatyna ýakyn bolupdyr. Beýik Kuşanlar şäher gurluşygyna, senetçilige örän uly üns beripdir. Imperiýada köp sanly täze şäherler döräpdir. Päkistanly alymlar A. Dani bilen F. Hanyň ýazmagyna görä, mysal üçin, Peşewar jülgesindäki häzirki wagtdaky şäherleriň sany Kuşanlar döwründäkiden azdyr. Kuşan şäherlerinde «şäher häkimi» bar eken. Şäher häkimine uç sany ýokary kazy garaşly edilipdir. Şäher dört bölege bölünip, her bölegiň öz «etrap» serenjam berijisi bolupdyr. Bular özboluşly «şäher geňeşini» emele getiripdir. Şäher häkimleri senetçileriň işini ugrukdyryp, täjirlere, söwdanyň ösüşine gözegçilik edipdirler.
Beýik Kuşanlar döwletinde şäherler haryt önümçiliginiň merkezine öwrülipdir. Aňyýet taýdan jemgyýete täsir etmek babatda-da şuny aýdyp bolar. Sebäbi ybadathanalaryň hemmesi diýen ýaly şäherlerde jemlenipdir. Şol sebäpli ýurtdaky özboluşly ulgamda – şäher – oba – göçme çarwalar şäherler ösüşiň ähli ugurlarynda baştutanlyk roluna eýe bolupdyr. Netijede, heniz hiç ýerde görülmedik geň, has takygy halkara häsiýetli şäher medeniýeti döräpdir. Akademik B.A. Litwinskiniň pikiriçe, olar gadymy dünýäniň ösen medeniýetleriniň dördüsiniň, ýagny,Merkezi Aziýa, ellinizm, Rim, Hindi medeniýetleriniň bir bitewilikde çykyş edip başlamagynda emele gelen netijedir. Şeýle netijäniň döremeginde halkara söwdasynyň ägirt uly ähmiýeti bolupdyr.
Mälim bolşy ýaly, Rim imperiýasyny Kuşanlar hem-de Hindistan bilen baglanyşdyrmakda “Beýik Ýüpek ýoly” esasy ugur bolup hyzmat edipdir. Emma ol tutuşlygyna Parfiýa imperiýasynyň üstünden geçyänligi sebäpli şonuň talaplaryny berjaý etmeli bolupdyr. Şonuň üçin, eýýam b.e.öňki döwrüň ahyrlarynda deňiz ýollary gözlenip başlanypdy. Müsür bilen Hindistanyň arasynda birnäçe ugur özleşdirilipdir. Şol zamanlarda Müsür Rim imperiýasynyň bir welaýaty bolup, onuň Gyzyl deňiz kenarlarynda iki sany port şäheri (Mios-Gormos, Berenika) bar eken. Şol portlar arkaly-da Rim özi üçin Gündogara «derweze açypdyr». Strabon b.e.öňki I asyryň 20-nji ýyllary hakda gürrüň berip, Müsür-Hindistan deňiz ýolunyň gatnawy barada şeýle maglumat aýdypdyr: şol döwürde her ýylda diňe bir Mios-Gormos portundan köp ýük göteriji söwda gämileriniň 120-si Hindistana tarap rowana bolupdyr.
Hindistana äkidilýän harytlaryň arasynda kenepden dokalan matalar, şeýle matalardan tikilen geýimler, ýakymly ysly zatlar, çüýşe-faýans önümleri uly orun tutupdyr. Kuşan döwrüne degişli Baktriýadan aslynda Müsürden gelip çykan faýans önümleri (küýze şekilli asmalyklar, tumarlar, monjuklar, hudaýlaryň heýkelleri) köp tapyldy. Şol önümler bilen bir hatarda Müsürden altyndan we kümüşden ýasalan gap-gaçlar, grek hem-de Müsür hudaýlarynyň bürünç heýkelleri, grek hyýaly ertekilerinden sahnalary şekillendirýän suratlar iberilipdir. Ol täjirleriň bärik gelip alýan harytlaram şeýleräk harytlar eken: her dürli gymmat bahaly daşlar, ýakymly ysly zatlar, ýaglar, reňkler, pil süňki, hytaý ýüpegi we ş.m. Antik döwrüniň alymlarynyň maglumatlaryna görä, b.e. I-III asyrlarynda Rim imperiýasyna Hindistandan, Baktriýadan, Girkaniýadan ilçiler baryp durupdyr. Beýik Kuşanlylyaryň döwletiniň medeni taýdan Demirgazyk Türkmenistanyň ýerleri üçin uly ähmiýeti bolupdyr. Horezmde şol wagtlar köp sanly şäherler we oturymly obalar bolupdir.Olardan has giň öwrenileni Toprakgala şäheridir. Şäheriň daşy çig kerpiçden galdyrylyp, berkidilipdir. Onuň köp ýerinde duşmandan goranmak üçin diňler salnypdyr, ýaý atmak üçin ýörüte deşikler goýulypdyr. Şäheriň ortarasyndan göni köçe geçirilip, onuň iki tarapynda ýaşaýyş jaýlar hatara gurlupdyr. Galanyň içinde uly iki gatdan ybarat horezm şalarynyň köşgi ýerleşipdir. Köşgüň merkezini taraplary 80 m bolan meýdança tutýar. Bu ýerden 280 kw. m tomaşa-meýlis geçirilýän “patyşalaryň uly otagy” ýerleşipdir. Onuň diwarlarynyň eteginde patyşalaryň, patyşalaryň aýallarynyň, begzadalaryň heýkelleriniň toplumy ýerleşdirilip. Diwaryň ýüzine bütin boýy bilen köp sanly suratlar çekilipdir. Bu köşkden şeýle-de ýarag ýasalýan ussahana we ýarag saklanýan ýörüte otaglaryň üsti açyldy.
Kuşan döwrüniň ýerli medeniýetde hindi dünýäsiniň ellinizm alamatlary, grek-buddizm mazmunly aýal heýkelleri, Horezm üçin ýat bolan maýmynlaryň suratlary sungata täze alamatlaryň aralaşandygyny görkezýär. Gazuw-barlag işleriniň geçirilmegi netijesinde Horezm şalarynyň hem köşkleriniň üsti açylypdyr. Köşgüň ägirt uly otaglary diwar haşamlary bilen, biri-biriniň üstünden geçýän garamtyl-sary çyzmyklardan, tegelek nagyşlardan we düýedaban ýapraklarynyň suratyndan ybarat nagyşlar bilen bezelipdir. Günorta-Gündogar Türkmenistanyň ilaty b.e başlarynda esasan suwarymly ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar.Olar arpa,bugdaý ösdürip ýetişdiripdirler.Űzümçilik hem ilatyň ýaşaýşynda möhüm ähmiýete eýe bolupdyr.Maldarçylykda ownuk we iri şahly mallary köpeldipdirler.Iri oturymly ýerleriň ilatynyň bir bölegi hünärmentçilik bilen meşgullanypdyrlar.Küýzegärçilik senedi ösüpdir. Küýzegärler dürli görnüşli küýze önümlerini, bulgurlary, golçalary, humlary, käseleri, okaralary, aýal hudaýlaryny hem-de erkek adamlaryň heýkeljiklerini öndüripdirler. Küýze önümlerini ýörite peçlerde bişiripdirler.Hünärmentler demirden bir tarapy ýiteldilen pyçaklary ,ýer gazmaklyga niýetlenen gurallary ,süňkden iňňeleri ýasapdyrlar.Bu döwürde däne üwemek üçin daşdan ýasalan owguçlardan peýdalanan bolsalar, eýýäm III-IV asyrlarda degirmen daşyny ulanyp başlapdyrlar.
Biziň eýýamymyzyň başlaryna degişli ýädigärliklerden köp mukdarda ikbaşlaryň hem-de dokmaçylygyň käbir gurallarynyň tapylmagy, şol döwürde Amyderýanyň orta akymlarynda ýaşan ilatyň dokmaçylyk bilen-de meşgul bolandygyna güwä geçýär. Adamlar gurluşykda, esasan hem uly ymaratlary guranda bişen kerpiçleri peýdalanypdyrlar. Kerpiçler palçyk bilen, kähalatda alebastr bilen örülipdir.
Küýzegärçilik senedi ösüpdir. Küýzegärler dürli görnüşli küýze önümlerini: bulgurlary, golçalary, humlary, käseleri, okaralary, aýal hudaýlaryň hem-de erkek adamlaryň heýkeljikerini öndüripdirler. Küýze önümlerini ýörüte peçlerde bişiripdirler. Ilat biziň eýýamymyzyň başlarynda däne üwemek üçin daşdan ýäsalan owguçlardan peýdalanan bolsa, eýyäm III-IV asyrlarda degirmen daşyny ulanyp başlapdyr.
Günorta-Gündogar Türkmenistanyň Kuşän döwrüne degişli ýädigärliklerden tapylan heýkeljiklerde ýewropa pisint aýallaryň keşbi şekillendirilipdir. Heýkeljikleriň köpüsi şol döwürdäki ýerli aýal hudaýlaryň şekilini aňladypdyr. Görnüşi ýaly, biziň eýýamymyzyň başlarynda ýerli aýallara kelle ýalaňaç gezmek gadagan edilmändir. Aýallaryň saçlary gysga bolup, ýeňsesine timar berlip daralypdyr, kähalatda saçlar ortasyndan açylyp, iki tarapa örülipdir. Aýallar köplenç ökjesini ýapyp duran uzyn köýnek geýipdirler. Olar gymmat bahaly metallardan, daşlardan hem-de süňklerden ýasalan şaý-sepleri dakynypdyrlar.Tegelek aý görnüşli, gülýaka meňzeş bezeg şaýlaryny dakynmak hem ýörgünli häsiýete eýe bolupdyr. Kuşan döwründen başlap buddizm Türkmenistanyň günorta-gündogar ertaplarynda ýeterlik derejede yz galdyrypdyr. Aýal heýkeljikleriniň dürli görnüşde bolmagy Günorta-Gündogar Türkmenistanyň ilatynda I-IV asyrlarda köphudaýlylygyň bolandygyny görkezýär.Onuň sebabini Kuşan patyşalarynyň belli bir diniň tarapyny tutman döwletiň içindäki dinleriň ählisiniň parahat ýaşamagyny üpjün etmeklige çalyşandyklary bilen düşündirip bolar.Kuşan teňňeleriniň käbiriniň ýüzünde Buddanyň hem şiwanyň şekilleri bilen bir hatarda grek hudaýlary Geliosyň we Gefesiň,otparazçylygyň hudaýlary Mitranyň we Wertragnanyň şekilleriniň ýerleşdirilmegi bu aýdylanlary doly tassyklaýar. Buddizm Merwe hem ýaýrapdyr. B. e. 148-nji ýylynda Merwe Hytaýdan Loýan diýen adam gelip budda kitabyny doly An – Parfiýa dilinden Hytaý diline terjime edipdir. Hytaý halky şondan soň buddizmyň taglymatlary bilen tanyşypdyrlar we bu dini kabul edipdir. Gazuw-barlag işleriniň netijesinde gadymy Gäwürgaladan b.e. I-II asyrlara degişli budda ybadathanasy we Budda hudaýynyň ägirt uly (beýikligi 0,75 m. ýetýän) kelle heýkeliniň üsti açyldy. Ybadathana köp asyrlaryň geçmegi bilen weýran bolupdyr. Onda diňe iki sany sütün we buddanyň duran ýerindäki belentlige çykmak üçin salynan basgançaklar saklanyp galypdyr. Budda dininiň gelmegi bilen ýerli halkyň durmuş ýoly üýtgäpdir, din köp zatlara öz täsirini ýetripdir. IV asyryň içinde bu ýerde ýaşaýan ilatyň durmuşynda uly etniki özgeriş başlanypdyr. Şol özgerişler gadymy Horezm topragyny öz içine alypdyr we özgerişler çarwa taýpalaryň hüjümleriniň başlamagy bilen hem bagly boludyr. Demirgazyk Türkmenistana ýer yurt üçin çarwa taýpalaryň hüjümi has hem güýçli bolupdyr. Horezm ýerlerine aralaşan we ornaşan çarwa alanlaryň we gunlaryň täsiri has güýçli bolupdyr.
Ýurtda bolup geçen durmuşy ýagdaýlar, ýerli ilatyň syýasy taýdan birleşmegi üçin, häkimiýet başyna täze – ýerli afrigiler taýpasynyň gelmegine şert döredipdir.
Demirgazyk Türkmenistanyň ilatynyň sosial-ykdysady durmuşynda öňe gidişlikler, ösüşler mese-mälim duýlupdyr. Emma hünärmentçilikde, esasan hem küýzegärçilikde durgunlyk ýüze çykypdyr. Öňki hünärmentçileriň köpüsiniň ekerançylyga geçmegine getiripdir. Şeýlelik bilen küýzegärçilik önümçiliginiň doly pese gaçmagyna sebäp bolupdyr. Kuşanlar döwründe ylym, aýratyn hem astronomiýa, şekillendiriş sungaty ösüpdir.
Gadymy horezmliler umuman,otparazçylyk dinine uýupdyrlar. Bu ynanja görä, gadymy horezmliler şäheriň-galanyň içinde merhumy jaýlar ýaly ýörite jaý edilipdir. Olarda jaýlamak däbi häzirki günlerimizdäki däpden bütinleý tapawutlanypdyr. Horezmliler merhumyň jesedini däl-de, diňe onuň süňklerini jaýlapdyrlar. Onuň üçin jesetgap ýasalypdyr. Jesetgaplar her hili görnüşde daşdan-da, alebastr bilen suwalan adaty palçykdan-da taýýarlanypdyr.
Biziň eýýamymyzdan öňki IV-biziň eýýamymyzyň I asyrlarynda heýkel görnüşli ýörite jeset salynýan gaplar ýasalypdyr. Jesetgaplar erkek adam şekilinde-de, aýal adam şekilinde-de edilipdir. Sungat önümi bolan bu jesetgaplar, daşyndan seretseň, hakyky heýkel görnüşde bolupdyr. Elbetde, heýkel görnüşli jesetgaplarda kimleriň süňkiniň ýerleşdirilenini aýtmak kyn, alymlar olary kesgitläp bilenoklar.
Erkek adam şekilindäki heýkelleriň käbirindäki edilen sakgallar öz görnüşi boýunça häzirki adamlaryň sakgallaryna meňzeş bolupdyr. Gadymy horezmlilerde meýit ýakmak däbi-de bolupdyr diýip, alymlar çaklaýarlar. Arheologlaryň Goýungyrlan galadan tapan keramiki maskalary, heýkel-gaplary, şol ýerlerdäki ot yzlary gadymy ilatyň meýidi ýakandygyny, soňam onuň külüni ýörite gaba salynandygyny aýtmaga esas berýär. Mümkin, şeýle däpden soňra merhumyň süňklerini ýakman, olary ýörite heýkellere ýygnap goýmak däbi dörändir, jeset gaplardaky saklanýan süňkler şony aňladýar.
Gadymy şäher-galalarda merhumlary iň soňky ýoluna ugradýan ýörite ybadathana hem bolupdyr. Demirgazyk Türkmenistanyň Kuşan döwletiniň düzümine girmegi netijesinde öňki däp-dessurlar üýtgäpdir. Bu ýagdaý kuşanlar döwründe täze diniň ýaýramagy netijesinde ýüze çykypdyr. Olar buddalara sežde etmeklik bilen bagly bolupdyr.
Oguz taýpalary.
Türkmen taryhynyň ummanyna aralaşdygyňça, türkmeniň ähli ruhy baýlygy, milli dap-dessurlary, adat-ýörelgeleri, hat-da adam, il-ýurt, oba-kent atlaryna çenli giden taryhdygyna Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen gadymýetiniň düýpli öwrenmekliginiň netijesinde doly göz ýetirmeklik mümkin boldy. Has takygy, bu mümkinçilik diňe türkmeniň taryhy däl, tutuş türki halkynyň taryhyndan habar berýär. Türki halklaryň bary diýen ýaly bir kökden, Oguz han neberesinden gaýdýar. Mahmyt Kaşgarlynyň müň ýyl ozal aýdan: “Oguzlar – türkmendir”, diýen sözünden ugur alsaň, onda ähli türki halklaryň taryhy türkmeniň taryhyndan göz baş alyp, bir daragtyň dürli pudaklary bolup, şaha- şaha ýaýrap gidýär. Oguz han atamyzyň alty ogly, 24 agtygy bolan. Onuň ogullary Gün han, Aý han, Ŷyldyz han, Gök han, Dag han, Deňiz han öz nesilleri, olardan ýaýrap gidýän kowumlary bilen sarsmaz döwletleri, uly imperiýalary gurup, dünyäniň ägirt uly bölegine eýelik eden. Mysal üçin, Deňiz hanyň dört ogly bolan, onuň iň kiçisi Kynyk Seljuk türkmenleriniň nesil şalygydyr.
Gadymýetden başlap Göksüýri jülgesinde ýaşan ari taýpalary, saklar, hunlar, Altyndepe – şäher döwleti, marguşlylar, dahlar, kaňly-arabaçylar, massagetler, eftalylar we beýleki türkmen taýpalarynyň ýaşamadyk ýerleri ýök diýen ýalydyr. Dünýäniň iň uly bölegi Aziýa ýerleri bolsa, şol ýerleriň hemme ýerinde diýen ýaly türkmenler ulyorun tutupdyrlar, özlerem toplum-toplum bolup ýasapdyrlar, şonuň üçinem Aziýanyň islendik ýerine barsaň, türkmeniň şöhratly taryhynyň yzlaryny görmek bolýar. Gadymy Garadepeden, Namazgadan, Marguşdan taryhyň dürli zamanlaryna degişli keramiki gap-gaçlardaky nagyşlara üns berseň bu ruhy çeşmeler türkmeniň aňynda ähli türki halklaryň taryhyny öz kalbynda saklandygyna göz ýetirmek bolýar. Dünyäniň dürli künjeklerinde ýaşan türki taýpalaryň ruhy çeşmelerine üns berseň, türkmeniň aňynda, ruhunda ähli türki halklaryň taryhyny, özeneniniň ruhy ahwallarynyň türkmeniň özünde saklandygyna we nesilden-nesle geçiren halkdygyna doly göz ýetirmek bolýar. Dünýäniň dürli künjeklerinde ýasan çarwadyr ekerançy türki taýpalaryň özen-köki şu türkmen topragyna alyp gelýär. Biziň şu işimizdäki atlandyrylýan ululy-kiçili taýpalaryň ählisiniň maddy-medeni we ruhy baýlyklarynda şu günki türkmene mahsus bolan alamatlaryň köpüsiniň gaýtalanmagydyr. Gadymýyetde b.e.önki III-II müňýyllyklarda Ahal-Arkaç ýerlerinde ýaşan taýpalaryň esasy merkezi häzirki halk arasynda atlandyrylyşy ýaly Täze Nusaý galasy bolupdyr. XIX-XX asyrlaryň başlarynda Zakaspi welaýatlarynda bolan Ŷewropa syýahatçylary Ahal-Arkaç ýerlerini “Aziýanyň oňurgasy” diýip atlandyrypdyrlar. Şol taryhy döwürlerde Altyndepe Ŷaňykent bolsa, Oguzkent-Yzgant ýerlerinde Arsak, Par-sak taýpalarynyň esasy mesgeni bolanlygyny göz öňünde getirmek bolar. Ikinji bir tarapdan “Arkaç” manysynda hem ulanylýar ýa-da Arkaç – Ahalyň arkasy diýen manyny hem berip biler. Gadymy Hytaýyň Han dinastiýasy döwrüniň taryhçylary Hun – türkmenleri barada ýazan ýazgylarynda Hun taýpalarynyň sosial gurluşy barada şeyle ýazgy ýadygärliklerini ýazyp galdyrypdyrlar: “Olaryň kanunlary ýeňil we ulanmak üçin amatly bolupdyr.” diýmeklerinde türkmençilik alamatlary görünýär.
Türkmen özüniň gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan gadymy medeniýete, şöhratly geçmişe örän baý, şeýle hem Galkynyşlar eýýamyny başdan geçirýän ýurtdygyny, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň her bir taryhy çykyşlarynda nygtap-nygtap aýdýar. Türkmenistan özüniň Garaşsyzlygynyň on dokuz ýylynyň içinde ýer ýüzünde gülläp ösen ýurtlaryň birine öwrülmekde we durmuş şertlerini gowulandyrmakda ägirt uly netijeler gazanyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda geçirilýän halkara ylmy maslahatlaryna gatnaşyjylara iberýän gutlag sözlerinde şeýle diýýär: „Biz ata-babalarymyzyň dünýä siwilizasiýasyna we adamzat medeniýetiniň genji hazynasyna goşan ägirt goşantlaryny hem unutmaýarys“. Türkmen topragy diňe bir arheologiki ýadygärliklerden öwrenilýän ajaýyp halylary, sungat eseri derejesindaki bezeg şaý-sepleri bilen şöhratlanmak bilen çäklenmän, biziň ata-watanymyz dürli taryhy döwürleriň ençeme nesilleriniň akyl-paýhasyny, kalbyny eýelän keramiki gap-gaçlardaky nagyşlary hem adamzat taryhynda uly ösüşlere eýe bolandyr. Aňyrsy Oguz han türkmenlerden gaýdýan türkmen halky Gündogarda Hindistan, günbatarda Ortaýer deňzi aralygynda döredilen dünyä gymmatlyklaryna dürli ugurlarda saldamly goşandyny goşmak bilen, öz ata-baba ýerinde Jeýtun, Änew, Altyndepe şäher-döwleti, Marguş, ilkinji milli Parfiýa türkmen döwletlerini we Seljuk şalyklaryny hem-de, Köneürgenç türkmen döwletini – jemi 70-den gowrak döwlet döredendir. Gündogarda Hytaý, günortada Hindistan, günbatarda Gresiýa, Müsür, Rim aralygynda emele gelen Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistan dünyä siwilizasiýasynyň bir gadymy ojaklarynyň arasynda özboluşly köprüdir. Bir ýarym müň ýylyň dowamynda Türkmenistanyň üstünden geçen Beýik ýüpek ýoly Nusaý, Abywert, Merw, Dehistan, Köneürgenç, Amul ýaly şäherler dürli halklaryň medeniýetleriniň özara baýlaşmagynda, kämilleşmeginde, maddy we medeni – ruhy gymmatlyklaryň alyş-çalyş edilmeginde uly ýardam beren, döwrüň gülläp ösen uly ylmy we medeni merkezlerine öwrülipdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Täze Galkynyşlar eýýamynda baý taryhy-medeni mirasymyzy, arhitektura we arheologiki ýadygärliklerimizi geljekki nesiller üçin gorap saklamak, täzeden dikeltmek, düýpli öwrenmek we dünýä jemgýetçiligine ýetirmekligiň zerurlygyny özüniň her bir taryhy çykyşlarynda belläp geçýär.
Merkezi Aziýanyň şol sanda Türkmenistanyň ýerindäki oturymly we sähraýy çarwa taýpalarynyň bir-birleri bilen ykdysady, etniki gatnaşyklarynyň durnuklaşmagy uly Horezmiň düzümindäki taýpalaryň syýasy tarapdan berkleşmegine getiripdir. B.e.öňki I müň ýyllygyň ortalarynda Türkmenistanyň köp ýerlerinde oturymly hojalyklaryň san taýdan köpelendigini we ekerançylyk meýdanlarynyň artanlygyna b.e.öňki I müň ýyllygyň II ýarymynda bina edilen suw desgalary hem şaýatlyk edýändir. Amyderýänyň aşaky akymlarynda ozal ulanylan, soň dürli taryhy sebäplere görä taşlanan suw akabalary Uzboý ýerlerinde dikeldilip başlanandygyna S.P.Tolstowyň, B.W.Andreýanow we türkmen alymy H.Ýusubowyň soňky ýyllarda geçiren arheologiki işleri şaýatlyk edýändir. B.e.öňki VII-VI asyrlarda gadymy Marguşyň çäklerinde has takygy, Merwiň Tahyrbaý, Goňur galalaryndaky suwarymly ekerançylyk üçin gurlan suw kanallarynyň galyndylarynyň arheologlar tarapyndan öwrenilmegidir. Ahemeni patyşasy Kir diňe bir Türkmenistanyň sähraýy taýpalaryna azar bermek bilen çäklenmän, Baktriýa hem yzygidrli howp salyp durupdyr. Şol wagtky asly Midiýaly Baktriýa patyşasy Astiag Ahemeni patyşasy Kiriň öz ogludygyny äşgär edenden soň Ahemeniler bilen Baktriýanyň aragatnaşygy üzül-kesil gowulanýar. Emma, onuň tersine Kir indi Amyderýanyň çep kenaryndaky saklaryň üstüne howp salyp,Sak patyşasy Amorgany ýesir alýarlar. Taryhçy Ktesiniň berýän maglumatlaryna görä, Saklar bir däl-de birnäçe sak ownuk toparlaryndan bolup olar özlerini derýanyň sag hem çep kenaryndaky saklar diýip atlandyrypdyrlýar. Ahemeni patyşasy Dariý I döwründe Amyderýanyň boýundaky saklar boýun egdirlen bolsa, edil yz ýanyndan ikinji bir Ahemeni patyşasy Kserks döwründe Kaspiniň gündogar kenar ýakalarynda ýaşan dagly taýpalaryny boýun egdiripdirler. Ahemenileriň taryhyndan belli bolşy ýaly, Türkmenistanyň ýeri Ahemeniler zamanynda halka salynýan salgytlaryñ ýygnamaklygy merkezleşdirmek üçin bir näçe satraplara bölüpdirler. Şolaryň başynda hem diňe Ahemenili adamlar bellenipdirler. XVI satraplyga Girkaniýanyñ gündogar kenar ýakalaryndaky dahlar giripdirler. B.e.öňki V-IV asyrlarda, Horezm Ahemenilerden özbaşdaklyk gazanýar we özlerine goňşy saklary hem Ahemeni zulmundan azat edýärler. B.e.öňki V asyrda Alynky Aziýanyň ýerlerinde ýaşan ähli taýpalary Grek taryhçylary skifler diýip hem atlandyrypdyrlar. Edil şol zamanda sak taýpalary üç şäha bölünipdirler: Haumawari saklary, Tigrahauda saklary hem-de Taradaraýa saklara bölünipdir.
Şonuň ýaly hem grek taryhçylary massagetleri, saklary bir etniki topar hasaplap, köp ýerlerde massagetler saklar diýip atlandyrylýar. Hat-da, Bisütün ýazgysynda hem diňe saklar atlandyrylýar, şol bir wagtda saklar diýip:
Haumawari saklary Geredotyň tassyklamasyna görä, bu saklar
dine maldarçylyk bilen meşgul bolmak bilen Türkmenistanyň günorta
raýonlary, Owganystan, Hindistan ýerlerinde ýaşapdyrlar.
Tigrahauda saklary çür telpekliler, saklaryň bu topary esasan atçylyk bilen Köpetdag eteklerinde meşgul bolupdyrlar.
Tiaý – Tara – Daraýýa saklary, taryh ylmynda bulary “derýanyň aňyrsyndaky” has takygy, Amyderýanyň sag kenarynda ýaşan saklar diýip atlandyrypdyrlar. Belli gündogary öwreniji alym W.W.Struwe bu saklar barada şeýle kesgitleme berýär. “Orta Aziýa iki derýalygynyň aralygynda ýaşamak bilen esasy kärleri maldarçylyk bolupdyr. Bular Baktriýa bilen Margiýananyň aralygyndaky çöllükde ýaşamak, esasan,maldarçylyk bilen meşgullanypdyrlar.
Massaget patyşasy Tumar şa hem ýatlanýar. Käbir taryhçylaryň garaýşyna salgylansaň, onda sak- massaget etniki tarapdan has ýakyn bolup bir halkyýet iki çarwa toparlary bolan bolmagy ähtimaldyr, çünki arheologiki nukdaýnazardan hem bular biri-birinden kän bir tapawut etmeýän arheologiki medeniýetdir. Yöne saklar massagetlere garanyňda has irki taryhy zamanlarda hem ýatlanýar. Saklar Ahemeniler döwletinden has ozal gadymy Midiýa (Eýranyň ýerinde Elamdan soňky dörän döwlet) döwleti bilen uzaga çeken köp ýyllyk uruşlar alyp barypdyr. Haçanda, Ahemeniler döwleti döränden son Kiriň baştutanlygynda sak patyşasy Amorgiñ arasyndaky b.e.öňki 546-njy ýyldaky söweşde saklar öz ýerleriniň köp bölegini häzirki Köpetdag eteklerini ellerinden gidirýärler. Netijede, Ahemenilere salgyt töläýän ýene-de bir 15-nji satrap döredilýär. Bu sak satrabynyň baştutany hem Ahemenili bolýar. Şonuň üçünem saklaryň ýaş oglanlaryndan Ahemenileriň goşunyna atly hem pyýada esgerler salgyt höküminde uberlipdir. Mysal edip: b.e.öňki 490-njy ýylda Ahemeni patyşasy Kserksiň baştutanlygynda Greklere garşy bolan uruşda saklaryň görkezen gahrymançylygyny demirgazyk Eýranda ýerleşen Ahemenileriň Merkezi şäherleriniň biri bolan b.e.öňki V asyra degişli Persepoldaky Jemşit şanyň köşgüniň ýüzüne çekilen sak atlysynyň şekillerinden görmek bolýar. Saklaryň edermenlikleri barada b.e.öňki 518-nji ýylda gadymy Margianada Ahemeni patyşasy Dariý 1 zulumyna çydap bilmän türkmen taryhynda bolan ilkinji gezek halk gozgalaňynda, asly sakly çopan Syrak, gozgalaňçylara garşy gelen Ahemeni goşunyna ýol görkeziji bolup olary bilgeşleýin suwsyz çöl-beýewanyna alyp gidip özüniň halkyny duşmandan gorajak bolmagy, öz janyny gaýgyrman bitiren batyrçylygy barada hem ýeterlik taryhy maglumatlar bar.
Isgender Zülkarneýin hem Merkezi Aziýa çarwalaryndan onda-da Saklardan heder edendigini Selewikler patyşasy Selewik I Nikatoranyň gadymy Margiananyň daşyna goranyş diwaryny (berkitmesini) bina etdirmegi sak, massaget, dah, ariý, parfian, horezmli çarwa taýpalaryndan goranmaklyk maksady bilen 235 km uzynlykda diwar salypdyr. Saklaryň sosial we syýasy gurluşlary barada doly maglymat bolmasa-da, olarda aýal adamlaryň jemgyýetdäki ornunyň ýokary bolandygy Zarina, Spatitra, Tumar ýaly zenanlaryň döwleti
dolandyrandygy bilen mälimdir.
B.e.öňki II asyra degişli Hytaý ýazgylaryndan ugur alsaň, Oks derýasynyň sag kenarlarynda ýaşan Kanga – Kaňly – Kangýu taýpasynyň ata-babalary saklardan gaýdýandygyny nygtaýarlar.
Ahemeni patyşasy Kserks döwrüne degişli dag gaýalaryna şine şekilli hat bilen ýazylan ýazgylardan dahlaryň atlandyrylyşyna alymlar massagetleriň birleşmesine girýän taýpadyr toparlaryň in ulusy dahlardygyny belleýärler. B.e.öňki VII-V asyrlara degişli gadymy grek, Rim taryhçylary sak we massagetler birleşmesi barada ýeterlik bolmasa-da, käbir anyk maglumatlar berýärler.
B.e. I müň ýyllygynyň ortalarynda Amyderýanyň aşaky akymlarynda Sarygamvş sebitlerinde Sakarawaklar olara Sakhaumawarka-diýlip atlandyrylan taýpalar ýaşan bolsa, Çärjew – Buhara aralygynda saklaryň ýene bir topary ýaşapdyr. Etrek derýasynyň boýlarynda dah taýpalary ýaşap bir bütewi birleşme emele getiripdirler. Massagetleriň jemgyýetçilik gurluşlarynda aýal adamlaryň orny ýokary bolandygyna olardaky nika gatnaşyklaryndan görmek bolýar. Oguznamada beýan edilişine görä eger ýigit öýlenjek bolsa onda şol öýlenjek gyzyny güýç synanşygynda ýeňmeli ekeni, ýa-da at çapyşykda gyz gaçýar oglan kowalap gyzyň yzyndan ýetmeli ekeni, şu hili şertler hem Massagetlerde jemgyýetçilik gurluşy heniz enelik urugynyň derejesinde bolandygyna subutnamadyr. Yene-de bir ýatlamaly zat sak gelin-gyzlary duşmana ýaý atmakda, at çapmakda, toparyň üstüne howp abananda öz ýan ýoldaşlary bilen bile ata münüp duşmana garşy göreşipdirler.
Ahemeni patyşa Kir b.e.öňki 530-njy ýylda Müsüriň üstüne ýöriş etmezden öň özüniň demirgazyk gündogar serhetlerini Merkezi Aziýanyň şol sanda Türkmenistanyň ýerindäki sähraýy taýpalardan saklardan, dahlardan, girkanlardan, ariýlerden, massagetlerden goramak üçin olary boýun egdirip şol wagtgy Ahemenilere boýun bolup salgyt töleýän XV satraba birikdirmek maksady bilen serhet ýaka ýerlerinde goranmak üçin berkitmeler gurdurýar. Patyşa Kiriň bu harby ýörişi massagetleriň, dahlaryň peýdasyna gutarandygyny Eýrandaky Persepol ýazgylaryndan M.A.Dandamaýewiň okan ýazgylaryndan görmek bolýar.
Isgender Zulkarneýin Hindistana çozmazdan ozal öz goşunynyň öňünde şeýle söz sözleýär: ” Biziň nirä ýetendigimizi we nirede durandygymyzy siz pikirleniň,. Bu ýerde näçe ýurdy özüne tabyn eden, ady şöhraty dünýä ýaň salan, näçe şäherleri gurduran şazada zenan Semeramidiň gelip duran ýerine geldik” diýmeginden Isgender Zulkarneýniň çarwalardan heder edýändigini aňlamak bolýar. Şazada Semeramid Assiriýa goşunyna ýolbaşçylyk etmek bilen Massaget şazadasy Tumar bilen hiç wagt harby dawalary bolmandyr. Semeramid Arahosiniň golaýynda Kofen atly şäher gurdurypdyr. Bu şäher Kofen Owganystanyň demirgazyk günbatarynda ýerleşmek bilen massagetlere garşy hereket etmekde esasy girelge bolupdyr. Has dogrusy Kofen şäheri massagetlerden daş bolmandyr massagetleriñ dürli taryhy döwürlerde Hindistan ýerleri bilen goňşyçylykda ýasandyklarynyň bir alamatydyr. Käbir taryhçylaryň garaýşyna görä gadymy Hindi ýerleri Hind derýasyndan başlanypdyr, Şonuň üçin hem Arahosida we Kofen şäherinde ýaşan massagetler Hind ýerleri bilen goňşyçylykda bolan bolmagy ähtimaldyr.
B.e. öňki IV asyryň ahyrlarynda ýaşan Megasfeniň berýän maglumatlaryna görä Isgender Zulkarneýin Eýran, Owganystan, Hind ýerlerinde özüne tabyn eden ýerlerinde Assiriýaly Semeramidiň saldyran şäherleriniň ýanynda ýa-da şonuň ýerinde täze şäher gurdurypdyr.Alym I.W.Pýankowyň çözgüdine görä, Massagetler Arahozida ýaşamk bilen Hindilere goňşy bolupdyr diýmegi dogry bolmagy ähtimaldyr. Yöne haýsy hem bolsa az wagtlyk belli bir taryhy döwürde bolandyr. Çünki,massagetleriň ata-baba ýerleri demirgazyk Türkmenistan Uzboý ýakalarydyr.
Massagetlere degişli gadymy Horezmden öwrenilen Çirik-rabat-galadan öwrenilen arheologiki tapyndylaryň esasynda olaryň hojalygynda esasan hem maldarçylygyň bolandygyna we olarda atçylygyň, iki örküçli düýeleriň köpeldilendigini öwrenilen haýwan süňklerinden bilmek bolýar. Massagetleriň derýa ýakasynda ýaşan toparlarynyň esasy kärleri balykçylyk bolupdyr. Massagetleriň jaý gurluşynda ulanan çig kerpiçleriniň ölçegi 30x30x9 sm., 50x50x10 sm. bolup edil şol zamanda şu hili ölçegde bina edilen jaýlar günorta Türkmenistanyň Margiýana we Köpetdag eteklerinde gabat gelýändir. Massagetleriň bir ýerde köp mekan tutup oturmandyklaryna olara degişli arheologiki ýadygärliklerdäki medeni gatlaklaryň saklanan galyňlyklarynyň 70 sm. ýokary däldigi olaryň göçme taýpalar bolandygyna şaýatlyk edýändir. Arheologiki ýadygärliklerden öwrenilen keramiki önümlerdäki nagyşlar we olaryň daşky görnüşiniň has ýylmanak bolmagy, öý hojalygynda aýal adamlaryň ornunyň ýokarydygyna şaýatlyk edýär. Massagetleriň jemgyýetçilik gurluşy dine bir onuň irki taryhy döwürlerinde enelik urugynyň käbir däpleri saklanman hat-da, b.e.öňki II-I asyrlarda hem durmuşda aýal adamlaryň ornunyň ýokary bolandygyny arheologiki maglumatlardan bilýäris.
Gadymy pars şine şekilli hatlarynda “Marguş ýurdy” diýip ýatlanýan hem bolsa, ol taryhyň has gadymy zamanlarda b.e.öňki III müňýyllyklarda has kämilleşen otparazlar dininiň doly beýanyny özünde jemleýän mukaddes “Awesta” dini ýygyndylar kitabynda käbir dil diolektiniň aýratynlyklaryny göz öňünde tutulanda “Mouru” diýip atlandyrylýar. Eger-de biz arheologiki maglumatlara ýüzlensek, onda Murgabyň ýokary akymlarynda Tagtabazar jülgelerinde taryhyň has gadymy, ýagny orta daş (Mezolit) Nuh Pygamberiň zamanyna degişli arheologiki tapyndylary alymlar H.Ýusubow, A.M.Mandelştam tarapyndan öwrenilendir.
Ikinji bir taryhy döwür bu Murgabyň aşaky akymlarynda häzirki Marguş diýip atlandyrylýan bolsa, üçünji bir taryhy eýýam Murgabyň Orta akymlaryndaky orta asyr Merwidir. Geçen asyryň 70-nji ýyllaryndan başlap alym W.I.Sarianidiniň geçirýän ýadawsyz gazuw-barlag işleri netijesinde Marguşdan dünýä ýaň salýan taryhy nukdaýdan has gymmatly maglumatlar dünýä ylmyna girizildi. Türkmenistanyň ýerlerinde bolan siwilizasion ösüşler diňe bir Merkezi Aziýanyň däl-de tutuş ýakyn we orta gündogaryň gadymy sungatynyň ösüşlerine itergi berdi.
Ýene bir täsin zatlaryň biri b.e.öňki III müňýyllyklarda Marguşda ýaşan adamlaryň esasy ynanan dini ynançlary otparazçylyga mahsus bolan gadymy binagärçilikde köp-köp täsin ösüşleriň bolandygyny, onda-da Marguşyň Zaratustranyň mekany bolandygyny alym W.Sarianidi doly subut etdi. Marguşlylaryň zähmetsöýerligi netijesinde ýerli adamlar bu bereketli toprakdan bol hasyl alyp, göçüp gelenlere bol-elin ýaşamaga şert döredipdirler.
Ýerli sungatyň ösmegi wagtyň geçmegi bilen kärine ezber ussalaryň: gadymy demiri, süňki we daşy işläp bejerýän ussalaryň we zergärleriň döremegine getiripdir. Marguşlylar Murgap derýasynyň akymlarynyň kenarlarynda ýaşamak üçin uly bolmadyk hünärleri boýunça ýaşaýyş obalaryny döredipdirler. Wagtyň geçmegi bilen şol hünärmenler köşkdir, ybadathanalary gurmaga girişipdirler. B.e.öňki III müňýyllygyň soňky asyrlarynda Murgap derýasynyň aşak akymynyň demirgazygynda birnäçe özbaşdak suwaryş desgaly kelleli oazisi kemala gelipdir.W.Sarianidiniň kesgitleýşi ýaly, Kelleli oazisiniň özleşdirilmegi bilen Marguş ýurdunyň esasy şäheri bolan Goňurdepe gurlup başlanýar. Öwrenilen arheologiki maglumatlar şäherlileriň diňe bir hanyň köşgüne üns bermän, onuň töweregindäki ýerleşýän ymaratlara we desgalara hem han köşgüniň owadan görünmegi üçin uly üns berendiklerini tassyklaýar.
Marguşyň Goňurdepe, Togalak, Adambasan we Ajyguýy diýen ýerlerinden alymlar tarapyndan birnäçe müňläp gadymy adamlaryň mazarlaryndan taryhy gymmatlyklar bilen bir hatarda b.e.öňki III müňýyllyklara degişli adam kelleçanaklary öwrenildi we şu günki güne çenli öwrenilýär. Antropologlaryň kesgitlemelerine görä, olar “dolifessofal görnüşinde” diýen netijä gelýärler.
Gadymy Marguş köp ýyllardan bäri arheologlar tarapyndan yzygiderli öwrenilýär. Birnäçe düýpli işler ýazyldy. Ol ugurdan W.I.Sarianidi “Marguş ýurdunyň gadymyýeti”, “Marguş (Murgap derýasynyň köne hanasyndaky gadymy gündogar şalygy, “Goňur” diýen işi aýratyn belläp geçmäge mynasypdyr). Kitapda Marguşyň sinonimi hökmünde Margiana söz ulanylypdyr we bu gadymy siwilizasiýa hakynda gymmatly maglumatlar berýändir. B.e.öňki II müňýyllygyň başlarynda gadymy Murgabyň aşaky akymlarynda 3000 kw. km. töweregi meýdanda Marguş ýa-da Margiana ýurdy bolupdyr. Bu ýerde Kelleli, Taýyp, Awçy, Togalak, Tahyrbaý ýaly 150-denem gowrak obalaryň üsti açyldy we belli bir derejede öwrenildi. Marguş oazisiniň iň gadymysy Kellelidir. B.e.öňki IV müňýyllygyň ahyrlarynda bu ýerde gündogar Änew taýpalary peýda bolupdyr we oazisi özleşdirmäge synanşypdyrlar. Şondan birnäçe müňýyl has takygy b.e. 2000 müňýyllygynda Kelleli täzeden özleşdirilip başlanýar . Şol müňýyllygyň ortalarynda Awçy, Ajyguýy, Goňur oazisleri gülläp ösüpdir. Sanalan gadymy obalardaky ýaşaýyş üçin mahsus bolan pagsa jaýlaryň içki diwarlary saman suwag bilen suwalypdyr. Jaýlaryň içinde gündelik durmüşda ulanylýan öý-hojalyk gurallary tapyldy. Kä halatlarda aýallaryň ýörite iýer-içer ýaly zatlar taýýarlaýan howlujyklary hem gurlupdyr. Käbir jaýlarda gyşyna gyzdyrmak üçin diwar peçleri, käsinde bolsa ýatylýan sekiler edilipdir. Häzir Goňurdepe atlandyrylýan gadymy gala 20 ga meýdany tutupdyr. Ol Margianada iň uly gala bolupdyr. Şol sebäpli ol ýurdyň paytagty bolandyr. Şäheriň içinde diňe bir otparazlar ybadathanasy bolman suwa çokunýan adamlar üçin ýörite suw howdany bina edilipdir. Galanyň içinde uly köşk bolup, onuň öz zamanynda diwar burçlary minaraly ymaratdygy anyklanyldy. Köşk köp sanly otaglardan ybarat eken. Gap-çanaklaryň dürli hajatlar üçin ýasalanlary bolupdyr. Marguş, Goňur we Togalak galalaryndan öwrenilen küýzeleriň ýüzünde biri-birine haýbat atýan adam şekilleri-de bar. Zergärçiligiň we demirçiligiň öndürýän önümlerinde köplenç Müsür piramidalaryna ýa-da gün çogup çykýan germewlere meňzeş şekiller çekilipdir. Kä halatlarda bolsa öz ýasan möhürlerinde towşany, içýany, her hili guşlary oýma görnüşinde şekillendiripdirler.
Margianada daşyň seýrekligine garamazdan, zergärler käbir möhürler we dini dogalary daşdan ýasapdyrlar. Marguşlylar daşy Köpetdagdan we Köýtendaglaryndan alypdyrlar. Goňur we Togalak galalaryndan tapylan daşdan ýasalan möhürleriň arasynda gös-göni bezeg üçin has tämiz, gelşikli ýasalanlary-da bar. Käbir daşdan ýasalan möhürleriň ýa-da gaplaryň ýüzlerinde ýanyp duran oduň töwereginde ýaşuly adamlaryň ýaş-kiçileri üýşürip olara eýmenç aždarhalar we beýleki ýyrtyjylar hakynda gürrüň berýän pursatlary ussatlyk bilen suratlandyrylypdyr. Özem bu möhürlerdir, gap-çanaklar özi ýasalyp ussalary we görnüşleri boýunça şol zamanda Marguşlylaryň gadymy gündogar ýurtlary bilen arabaglanşykda bolandygyna subutnamadyr. B.e.öňki IV müňýyllykda Kiçi Aziýa halklarynyň Türkmenistanyň ýerinde ýaşaýan halklar bilen medeni-ykdysady gatnaşyklarynyň şaýatnamasydyr.
Gadymy Marguşda ata-babalaryň gadymdan saklanan we nesilden-nesile geçiren ruhy medeniýetinde we maddy medeniýetindäki köp sanly milli alamatlarynyň biziň günlerimize çenli saklanyp galmagy hem türkmeniň gadymylygynyň bir alamatydyr. Mundan başga-da b.e.öňki III müňýyllyklaryň ahyrlarynda, II müňýyllygyň başarynda Ýaňykentde (Altyndepe) tebigatyň gurakçylygy sebäpli Ariý türkmen taýpalarynyň belli bir böleginiň Marguş türkmenleriniň ýerlerine göçüp barmaklary Oguz türkmenleriniň şol zamanlarda ikinji bir merkezini döredipdir. Netijede, Ýaňykent (Altyndepe), Goňur (Marguş) Oguz türkmen döwletleriniň ruhy we medeni gymmatlyklarynyň goşuluşmagy netijesinde Marguş siwilizasiýasy gadymy gündogaryň taryhyna Hytaýdan, Hindistandan, Müsürden, Mesopotamiýadan soň bäşinji siwilizasiýa bolup taryha giripdir. Gadymy Merwiň ýaşy barada edebiýatlarda şeýle diýilýär: “… Mary dört müň ýyl mundan ozal gülläp ösen, türkmenleriň ata-baba topragynyň ösen merkezi şäheri bolupdyr”.

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.