Aýylar hakynda gyzykly maglumatlar
Güýz paslynyň dowam edýän günlerinde howanyň ýuwaş-ýuwaşdan sowamagy bilen gyş ukysyna gidýän haýwanlaryň biri bolan aýylar baradaky gyzykly maglumatlary bilmeklik has-da täsirli bolsa gerek.
Aýylar ýyrtyjylaryň iň uly wekili hasaplanýar. Aýylaryň görnüşleriniň içinde iň ulusy polýar aýylarydyr. Olaryň agramy 725 kilogram, boýlary bolsa 3,5 metre ýetýär.
Aýylar takmynan 30 ýyl ýaşaýarlar. Häzirki wagtda olaryň polýar aýy, goňur aýy, gara aýy, Malaý hem-de Gimalaý ýaly görnüşleri bardyr. Goňur, gara we Gimalaý aýylarynyň tapawutly aýratynlygy, olaryň gyş ukysyna gitmegidir. Bu hadysa aýylaryň 6-7 aýdan gowrak hereketsiz bolmagyna we bedenlerindäki ýaglary proteine öwrüp iýmitlenmäge sebäp bolýar. Dürli sebitlerde gyş ukysy 75-195 güne çenli dowam edýär.
Aýy çagalary dogulanda agramy 500 gram töweregi bolýar. Soňra olaryň agramy kämillik ýaşyna ýetenlerinde 1000 esse köpelýär.
Aýylaryň agyr gurluşy bardyr. Olar özleriniň uly göwrümli agramy bilen oňaýly hereket etmek üçin dabanyny tutuşlygynab ýere basýarlar. Bu aýylaryň erkin ýagdaýda yzky aýaklarynyň üstüne galyp durmaga mümkinçilik berýär. Olaryň dyrnaklary 10 santimetre çenli bolup, dyrnaklar agaçlara dyrmaşmaga we ýer gazmaga ýardam berýär.
Aýylaryň agyr göwresiniň barlygyna garamazdan olar çaltlyk bilen ylgaýarlar we sagatda 50 kilometr tizlik bilen hereket edip bilýärler.
Ys duýujylygy boýunça polýar aýylary süýdemdirijileriň ählisinden diýen ýaly ýokarydyr. 30 kilometr aralykdan, hat-da buz böleginde we ýa-da gar gatlagynda-da ýyrtyjynyň ysyny alyp bilýär.
Ýyrtyjydyklaryna garamazdan aýylar ösümlikler bilen iýmitlenip bilýärler. Polýar aýylary diňe et iýip ýaşaýan aýylaryň ýeke-täk agzasydyr. Aýylar garnynda bir gezekde 60 kilograma çenli et saklap bilýärler.
Aýylaryň iki gat sütükleri bardyr. Onuň birinji gaty (palto) – bedeni sowukdan goraýar we ýylylygy saklaýar, ikinjisi bolsa suwdan goraýar.
Bulardan başga hem aýylar parahatçylygy söýüji haýwanlar bolup, olar sebäpsiz adamlara hüjüm etmeýärler. Aýylar geljek howpy öňünden duýup öz ýaşaýan çägini we nesillerini gorap saklaýar. Häzirki wagtda tutuş dünýäde aýylaryň sany barha azalýar. Olaryň käbir görnüşleri Halkara Gyzyl kitabyna girizildi

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.