Ýaponiýada beýikligi 1,592 metr bolan wulkan atyldy
Ýerli hökümet ýaşaýjylary wulkanyň ýerleşýän ýerine ýakynlaşmazlyga çagyrýar.
Kumamota prefekturasynyň günorta-gündogaryndaky Kýusýu adasynda ýerleşýän Aso wulkany çarşenbe güni atyldy. Bu barada ýurduň milli Meteorologiýa dolandyryşy yglan etdi.
Pidalar ýa-da ýitgiler barada maglumatlar ýok. Mundan başga-da, wulkanyň howa ýollaryna edýän täsiri hem belli däl. Meteorologiýa dolandyryşy howp derejesiniň 5 bal bolan şkalada ikinji derejeden üçünji derejä ýokarlanjakdygyny duýdurdy.
Kraterden 1 kilometr radiusda uly dag jynslary we piroklastik akymlaryň atylmagynyň yzlary göründi. Şeýlelikde, wulkanyň özüne 2 kilometrden gowrak ýakynlaşmak gadagandyr.
Aso ― dünýädäki iň uly wulkanlardan biri hasaplanýar.

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.