Ýaponiýanyň günorta-günbatarynda wulkan atyldy

Kraterden 1 kilometr radiusda bolup geçen hadysanyň netijesinde, wulkan jynslarynyň atylyp çykandygy hasaba alyndy. Seýsmologlar adada wulkan işjeňliginiň entek dowam edip biljekdigini duýdurýarlar. Şunuň bilen baglylykda, bu etrapda bäş ballyk şkalada üçünji derejeli howp yglan edildi. Munuň özi wulkana 2 kilometrden golaý baryp bolmaýandygyny aňladýar.
Habar berilmegine görä, häzirlikçe adada ýitgi-de, weýrançylyk-da ýok. Häzirki wagtda bu ýerde 80 töweregi adam ýaşap, olaryň obasy wulkandan 4 kilometr uzaklykda ýerleşýär.
Suwanose - iri Kagosima şäheriniň 230 kilometr günorta-günbatarynda ýerleşýän kiçijik adadyr. Bu ýerdäki wulkan iň soňky gezek iýun aýynda atylypdy.
0 лайков 82 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Men sho
21 сен 2021, 19:18
Danco saset barmynow sen